Täze şertler — täze ösüş konsepsiýasy

27 Iýul 2021
1351

Döwlet dolandyryş edaralarynyň işini ilerletmegiň ýörelgeleri barada söhbet

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň bolelin ýaşamagy ugrundaky ýadawsyz aladalary, bimöçber tagallalary bilen ynsanperwer ugurly türkmen ykdysadyýeti yzygiderli we durnukly ösüşlere eýe bolýar. Syýasy özbaşdaklygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan milli ykdysadyýeti netijeli ösdürmegiň döwrebap özgertmeler nusgasyny saýlap aldy hem-de netijeli durmuşa geçirýär. Köp ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan düzümleýin, sebitleýin hem pudagara uzak möhletli özgertmeler özüniň ykdysady taýdan bähbitlidigini doly subut etdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen, ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanylan giňişleýin mejlisiniň netijeleri bu aýdylanlary aňryýany bilen tassyklaýar. Mejlisiň barşynda berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň 6,1 göterim derejede artmagy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 5,2 göterim, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň 17,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň 3,5 göterim, ortaça aýlyk zähmet hakynyň 10,5 göterim ýokarlanandygy işleriň ilerleýändigine şaýatlyk edýär. Tutuş dünýäde howply ýokanjyň ýaýramagy zerarly aýry-aýry ýagdaýlar bilen baglanyşykly döräp biläýjek ykdysady töwekgelçilikler babatynda geçirilýän seljermelerde wehimiň öňüni almak maksady bilen girizilen çäklendirmeleriň dowam edýän döwründe dünýä ykdysadyýetiniň, esasan-da, Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaş ýurtlarynda emele gelen ýagdaýyň häzirki şertlerinden ugur alynýar.

Hangeldi GURBANGELDIÝEW.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Beýleki habarlar