11-nji sentýabrda Serhetabat–Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat–Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat–Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy–Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy–Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary geçirildi. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund gatnaşdylar.
Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň «Islim-Çeşme» serhet nokadyna geldi. Bu ýerde Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahundyň duşuşygy boldy.
Goňşy döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysy hoşniýetli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, şu günki taryhy wakalaryň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize bu ugurda alyp barýan asylly işleri üçin hoşallyk beýan edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysyny gadymy türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy. Iki dostlukly ýurduň gatnaşyklary özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine daýanýar. Munuň özi bilelikdäki giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagynda, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlarynda taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar.
Ynanyşmak we netijeli häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri barada-da pikir alşyldy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de Owganystanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy täze infrastruktura desgalarynyň açylyşy we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdylar. Bu desgalar asyrlaryň dowamynda kemala gelen, häzirki taryhy döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýän türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okaýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly dabaralara gatnaşyjylara hem-de ähli ildeşlerimize ýüzlendi.
Biz bu gün goňşy we sebit döwletleriniň halkyna hyzmat etjek Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat–Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugry boýunça elektrik, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga bermek dabaralaryna gatnaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen gutlap, türkmen halkynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerinden ugur alyp, bu gün türkmen-owgan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen taryhy taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, şeýle giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň we Owganystanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralarynyň başlanýandygyny yglan etdi.
Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradowa söz berdi.
Agentligiň ýolbaşçysy sanly ulgam arkaly döwlet Baştutanymyza Serhetabat–Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde gurlan, uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsini işe girizmäge ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlendi. Şeýle hem dabara Owganystanyň ugurdaş düzüminiň wekili gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolan täze infrastruktura desgasynyň açylyşyna ak pata berdi.
Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda köpri işe girizilýär we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy ýurduň doganlyk halky üçin niýetlenen ynsanperwerlik ýüki ýüklenen demir ýol kerweni Owganystana tarap ugur aldy.
Soňra dabaralar «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüniň tutulýan ýerinde dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, 30-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu desganyň taslamasyny düzmek we gurmak, ony zerur enjamlar bilen üpjün etmek hem-de işe girizmek işleri «Çalik Enerji Sanayi ve Tiсaret A.Ş.» kompaniýasyna ynanyldy.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Babaýewe söz berýär. Dabara «Çalik Enerji Sanayi ve Tiсaret A.Ş.» kompaniýasynyň wekili hem gatnaşdy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysynyň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynda gurluşyk işlerine başlamaga ak pata berýär. Täze infrastruktura desgasynyň binýadyna turba arkaly ilkinji beton garyndysy guýulýar.
Soňra «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasy barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «TAPI Pipeline Сompany Limited» paýdarlar kompaniýasynyň baş direktory M.Amanowa söz berýär. Dabara Owganystanyň degişli düzüminiň wekili hem gatnaşdy.
«TAPI Pipeline Сompany Limited» kompaniýasynyň baş direktory döwlet Baştutanymyza Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat–Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlenýär.
Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda gurluşyk işlerine başlamaga ak pata berýär. Şol pursatda ýörite awtomatlaşdyrylan enjamyň kömegi bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisiniň turbasynyň ilkinji sepi kebşirlenýär. Bu görnüşler sanly ulgam arkaly göni ýaýlyma berilýär.
Soňra Türkmenistan—Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýetine bagyşlanan wideoşekiller görkezilýär.
Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýewe söz berýär. Agentligiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat–Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlenýär. Dabara Owganystanyň ugurdaş edarasynyň wekili hem gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz bu desgada gurluşyk işlerine başlamaga ak pata berýär. Şol pursatda kabel düşeýji ýörite tehnika optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini topraga düşäp başlaýar. Optiki-süýümli aragatnaşygyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrýan wideoşekil görkezilýär.
Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradowa ýene-de söz berýär. Dabara Owganystanyň ugurdaş edarasynyň wekili hem gatnaşdy.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygynyň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyk işlerine ak pata berýär. Şol pursatda beton garyndysy turba arkaly geljekki ammarlar toplumynyň binýadyna guýlup başlaýar. Dabara gatnaşyjylara täze ugurdaş desga baradaky wideoşekiller görkezilýär.
Soňra «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy döwlet Baştutanymyza Turgundy–Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy–Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlenýär. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen demir ýoluň gurluşyk işlerine badalga berilýär. Ýörite tehnika ilkinji rels-şpal gözenegini demir ýol düşegine gurnap başlaýar. Soňra ulag ulgamynda we ykdysadyýetde demir ýol ulagynyň möhüm ornuna bagyşlanan wideoşekiller görkezilýär.
Döwlet Baştutanymyz elektroenergetika babatda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolýandygyny belläp, sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň energetika ministri A.Saparowa söz berýär. Ministr hormatly Prezidentimize «Serhetabat» elektrik bekedinden Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky «Nur-el-Jahad» täze elektrik bekedine elektrik energiýasynyň iberilip başlanmagyna ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlenýär. Dabara «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we owgan tarapyndan degişli düzümiň wekili hem gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz elektrik energiýasyny iberip başlamaga ak pata berýär. Elektrik energiýasy «Serhetabat» elektrik bekedinden «Nur-el-Jahad» elektrik bekedine iberilip başlanýar. Bu pursat animasion şekiller arkaly görkezilýär.
Dabaralar tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taryhy ähmiýete eýe bolan iri taslamalara badalga berilmegi hem-de desgalaryň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahunda söz berilýär.
Goňşy döwletiň wekili dabara gatnaşyjylary mübärekläp, hemmeleri, şeýle hem Owganystanyň we Türkmenistanyň halklaryny bu taryhy wakalar bilen gutlady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň aýdyň nyşany bolan we umumy bähbitlere gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şunda TOPH taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat–Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişilmeginiň möhümdigi bellenildi. Bu taslama diňe bir gatnaşyjy ýurtlara däl, eýsem, sebitdäki ähli döwletlere hem oňyn täsirini ýetirer.