Halk maslahaty — jebisligiň gözbaşy

25 Iýul 2024
163

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly beýik maksatlara ugrukdyrylan döwlet maksatnamalaryň, uzak möhletli strategik maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda möhüm sepgitleri özünde jemleýär.

Şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlarda ýarym ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar böleginiň üstünlikli berjaý edilendigi beýan edildi. Bu görkezijiler türkmen halkynyň ýagty geljegi ugrunda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlar  esasynda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar.

Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar