Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

25 Iýul 2024
350

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi.

Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Beýleki habarlar