Parahatçylyga we ynanyşmaga çagyryş

24 Iýul 2024
247

Türkmenistanda şu ýylyň birinji ýarymynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy. Özi hem bu depgin indi birnäçe ýyldan bäri şu möçberde saklanyp gelýär. Ýurduň umumy ösüşiniň bir ýyl owalkysy bilen deňeşdirilende, 6 göterimden hem gowrak artmagy dünýä jemgyýetçiligi boýunça alanyňda hem iň ýokary netijeleriň biri. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bu okgunly ösüşiniň iň uly syry bolsa parahatçylygy we ynanyşmagy ýörelge edinýänligindedir.

Bu goşa beýikligi Ýer ýüzünde berkarar etmegi, ilki bilen, ýüreklerimizde ýerleşdirmekden başlamaly. Ýürekler parahatçylygyň we ynanyşmagyň adamzadyň bagtyýar ýaşamagy üçin uly güýçlerdigine ynanmaly. Ine, şondan soň maşgalada, obada, şäherde, welaýatda, döwletde, sebitde, yklymda we dünýäde parahatçylygy hem ynanyşmagy berkarar etmek mümkin. Hut şu goşa beýikligiň güýji bilen ösüşlerine bedew bady ýaran bolan Türkmenistan tutuş adamzady hem parahat we ynanyşyp ýaşamaga çagyrýar. Geljek nesillere mynasyp miras galdyrmagyň başga ýoly ýok!

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar