Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

14 Maý 2024
211

Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim Ahal welaýatynda täze, möhüm desgalary — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desgany gurduryp berendigi, şeýle hem welaýatyň ýaşaýjylaryna döwrebap awtoulaglary sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimize sebitiň bagtyýar ilatynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Beýleki habarlar