Demir ýol ulaglary boýunça forum: köpugurly mümkinçilikler öwrenilýär

17 Aprel 2024
403

Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi işçi toparyň maslahatlarynyň geçirilmegi bilen dowam etdi. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Ýörite taýýarlanan medeni maksatnama laýyklykda, çärä gatnaşyjylar üçin dürli gezelençler hem guraldy.

Işçi toparyň maslahatlarynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar DHÝG-niň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi boýunça toparlarynyň, maliýe we hasaplaşyk, kodlaşdyrmak we informatika baradaky hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, guramanyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyklygy, demir ýol we beýleki edaralaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak, okatmak, demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Gün tertibinde kesgitlenen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmaga, ýükleriň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder. Çykyş edenler sebitde üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini bellemek bilen, ulag düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak arkaly ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdiler.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Myrat BAÝRAMOW.
Beýleki habarlar