Dostlukly ýurtdan getirilen gymmatlyklar

23 Mart 2024
413

«Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky Kararyna hem-de döwlet Baştutanymyzyň şahyryň doglan gününi dabaraly belläp geçmek boýunça 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda gol çeken Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri dürli ýurtlarda iş saparlarynda bolup, gymmatly mirasymyzyň nusgalaryny toplamakda netijeli işleri alyp barýarlar.

Institutyň türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň ylmy işgärleri Hindistan Respublikasynda hem iş saparynda boldular. Institutyň hünärmenleri dostlukly ýurda saparyň ilkinji günleri Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş hem-de 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy bilen baglanyşykly dabaralara gatnaşdylar. Çykyş edenler täze kitabyň çuň manysy, ähmiýeti, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdiler. Türkmen diplomatlarydyr talyplarynyň hem-de hindi alymy, professor Abhaý Mariýanyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda akyldar şahyryň şygyrlarynyň hindi diline terjime edilişi, Hindistan bilen bagly goşgularynyň iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklardan habar berýändigi barada söhbet edildi.

Geldimyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar