Zenan — mähir dünýäsi

27 Fewral 2024
427

Halkymyzda zenan maşgala uly sarpa goýulýar. Çünki zenan — mukaddes ojagyň goragçysy. Onuň yhlasy, wepalylygy bilen abadan ýaşaýyş dowamat-dowam bolýar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Enelere mahsus ähli zatda tükeniksiz mähir bar» diýip bellemegi doly aýdyňlygy bilen tassyk edýär.

Ene-mamalarymyz — nesil terbiýesiniň kämil mugallymlary. Gadymdan bäri dowam bolup gelýän döwletlilik ýörelgeleri, türkmeniň ganyna siňen päk ahlak gymmatlyklary, adamkärçilik sypatlary ene-mamalarymyzyň diňe bir maşgalanyň içinde däl, tutuş jemgyýetdäki öwüt-ündewleri, terbiýesi bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen zenanlary sungaty, milli el işleri, maddy we ruhy baýlyklary bilen dünýäde meşhurdyr. Şu babatda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň bitiren hyzmatlary hem ähli zenanlar üçin görelde mekdebidir.

Gülälek GURTJANOWA,
Sarahs etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň iş ýöredijisi.
Beýleki habarlar