Türkmen talyplary Tokioda

31 Ýanwar 2024
604

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Nowruz Nurberdiýew, Dursunjemal Ýylkybaýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Serdar Rahymow türkmen talyplaryna wekilçilik edip, 2024-nji ýylyň 16 — 22-nji ýanwary aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen «MIRAI» okuw maksatnamasyna gatnaşdylar. Ol Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan guralýar.

Bu okuw maksatnamasynyň mowzugy «Hukugyň hökmürowanlygy» bolup, oňa Merkezi Aziýa we Kawkaz döwletleriniň hukuk ugrundan bilim alýan, şeýle-de hukuk ulgamynda işleýän ýaşlarynyň 24-si gatnaşyp, bilimdir tejribelerini artdyrdylar. Olar Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde, Ýokary kazyýetinde, Keio uniwersitetiniň hukuk fakultetinde, Nişimura&Asahi hukuk firmasynda, Adalat ministrliginiň Halkara adalat merkezinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Uzak Gündogar boýunça Jenaýatyň öňüni almak we jenaýatçylara çemeleşmek boýunça institutynda guralan okuw derslerine, seminarlara gatnaşdylar. Ýaşlar Ýaponiýanyň kanunçylygy we halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri, «Hukugyň hökmürowanlygy» mowzuklary boýunça bilim aldylar.

Gözel PIRMUHAMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar