Göwni gözellige aşyk şahyr

11 Awgust 2023
514

Edebiýat döwrüň ýolgörkezijisi, şahyrlar bolsa döwrüň baýdak göterijileri hasaplanýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen birlikde, çeper edebiýaty ösdürmeklige, şeýle-de edebi mirasymyzy öwrenmeklige uly ähmiýet berilýär. Edebi şahsyýetlerimiziň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. Türkmen edebiýatynyň taryhyna atlary ýazylan meşhur söz ussatlarymyzyň edebi mekdebini dowam etmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol ýoluň milli ýörelgelerimiz, döwrebap äheňler esasynda has-da kämilleşmeginde, baýlaşmagynda, poeziýamyzyň täze basgançaklara galmagynda bolsa halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň baý edebi döredijiligine, şahsy hyzmatlaryna aýratyn orun degişlidir.

Adatça, edebiýatda okyjynyň ýüregine ýol tapmak üçin öz ýüzlenýän temaňa beletlik, dogruçyl ýazmak zerur. Halypa şahyrymyzyň şygyrlarynda hem şol dogruçyllyk, beletlik, okyjylar bilen ýürekdeşlik bar. Elimize gowşan kitaplaryndaky goşgularydyr poemalary Watana buýsanç, ene topraga söýgi besleýän eserler bolup, olarda lirikanyň näzikligi, milli pelsepe, şahyryň öz ýüzi, öz sözi, öz galam ýörediş usuly jemlenendir. Şeýle goşgular ömri uzak goşgulardandyr. Ol goşgularda döwrüň ruhy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary öz beýanyny tapýar. Iň esasy bolsa, döwrümiziň meşhur şahyr zenanynyň päk ýüreginiň gürsüldisi bar.

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.
Beýleki habarlar