Ýaş matematikleriň ýeňşi

11 Awgust 2023
561

31-nji iýul — 6-njy awgust aralygynda Bolgariýa döwletiniň Blagoýewrad şäherinde talyplaryň arasynda 30-njy halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa ABŞ, Beýik Britaniýa, Hytaý, Russiýa, Germaniýa, Fransiýa, Şweýsariýa, Alžir, Braziliýa, Kanada, Eýran, Singapur ýaly ösen ýurtlaryň 50-den hem köpüsiniň 100-den gowrak ýokary okuw mekdeplerinden jemi 400-e golaý talyp gatnaşdy.

Halkara bäsleşige ýurdumyzdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryndan düzülen topar gatnaşyp, üstünlik gazanmagy başardy. Iki tapgyrda geçirilen bu halkara bäsleşikde oňa gatnaşyjylara jemi 10 mesele hödürlendi. Olary çözmek üçin bolsa her tapgyrda jemi 4,5 sagat wagt berildi. Türkmen talyplary berlen ýumuşlary çözmegi başaryp, jemi 8, ýagny 4 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular. Has takygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Resul Şamuhammedow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Myratgeldi Annamuhammedow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyplary Gurt Döwletow hem-de Akmuhammet Gurbangeldiýew kümüş medala, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyplary Akmuhammet Akmyradow, Hydyrberdi Rejepow, Röwşen Öwezmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Muhammet Annaýew dagy bürünç medala eýe boldy.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar