Milli bitewüligiň we ynsanperwerligiň kepili

10 Awgust 2023
426

Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ynamly gadam basdy. Bu döwürde jemgyýetiň we döwletiň öňünde täze talaplardyr zerurlyklar örboýuna galýar. Ýurtda başlanan özgerişlikleri we halky jemgyýetçilik ösüşiniň oňyn ugruna ugrukdyrýan, täze döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinidir gymmatlyklaryny işläp düzmek we amal etmek zerurlygy ýüze çykýar. Halkymyz özüniň bütin taryhynyň dowamynda ýurtda abadançylygy üpjün edýän ýol-ýörelgeleri, ýaşaýyş kadalaryny geňeşli-maslahatly kesgitläp, olara amal edip gelipdir. Her bir ähmiýetli işe maslahatlaşyp, geňeşip girişipdirler. Türkmen halky şu gün hem şol asylly, wagtyň synagyndan geçen däplere, ýol-ýörelgelere ygrarlydyr.

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda kabul edilen «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda: «Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerimizden ugur alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda şu Konstitusion kanun kabul edildi» diýlip bellenendir. Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň yhlasy, tagallalary bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze görnüşde, täze derejede döredilmegi taryhy waka boldy.

Nurýagdy SUWHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.
Beýleki habarlar