Tejribeli mugallym, ussat bakjaçy

10 Awgust 2023
545

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherini aralap geçýän uly ýol ep-esli menzilden soňra ikä bölünýär. Onuň çepe öwrülýän ýerinden Boldumsaz etrabynyň Baýdak geňeşliginiň obalary başlanýar. Hatar oturan bu obalaryň uzaboýuny syryp gidýän gawun-garpyzly atyzlar, gök önümli biýaralar, dessemmil miweli baglar gadyr-gymmatyna taý gelmejek topragyň egsilmez hazynasynyň bereket nyşany bolup, göwün guşuňy ganatlandyrýar. Etrabyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Geldibaý Sarmanow dürli görnüşli gök-bakja ekinlerini ýetişdirmegiň göreldesini görkezýän, halal zähmeti bilen ýerden bol hasyl alýan ussatlaryň biri hasaplanýar. Ol şu ýyl 1 gektara barabar kärende ýerine kädiniň welaýata mahsus görnüşlerini ekdi. Zemine çekilen keşde mysaly, alys gözýetime uzap gidýän hatar-hatar keşlerde datly nygmatyň bitginli hasyly kemala gelýär.

— Kädi ekmegiň özboluşly aýratynlygy bar — diýip, daýhan giň meýdany nazarlap duran ýerinden pessaý dillenýär: — Şu ýyl irbahardan ýeri oňat taýýarlap ugradyk. Sürüm, tekizleýiş işlerini öz wagtynda geçirdik. Suw tutup, mazaly taba getirdik. Tomsuň ilkinji aýynda ýere tohum atdyk. Kädini ir ekseň, onuň pazyly ýatyp galýar, oňly baýnamaýar. Sebäp, kädi güýze deňeç toprakdan güýç alyp, howa salkynlaşyp ugransoň, has şirin, süýji bolup ýetişýär. Görnüşlerine görä, ýerini saýlap ekdik. Palaw kädi, bal kädi, aş kädi ýaly görnüşleriň hersiniň öz ýetişmeli mütdeti bolýar. Ine, palaw kädileriň eýýäm gabarasy ulalyp, agramy artyp başlady. Geçen ýyl mellegimde ýetişen şeýle kädiniň biriniň agramy 45 kilogramdan geçdi. Nesip bolsa, şu ýerden 17 tonna hasyl alarys diýen ynamym bar.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar