Ömre çyrag eserler

10 Awgust 2023
532

Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary durmuşymyzda terbiýe mekdebi bolup durýar. Bize peşgeş berlen ajaýyp eserler dürdäne setirleri özünde jemleýän pähim sandygyny ýatladýar. Kitap adama ruhy hörek eçilýär. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Halkymyz kitaba, söz sungatyna uly sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen çap edilip, okyjylara ýetirilen «Paýhas çeşmesindäki» «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora!», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler», «Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz», «Kitap okaýanyň ruhy baý», «Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir», «Kitaby har saklamak günädir» ýaly, ata-babalarymyzyň baý durmuş tejribesinden dörän parasatly sözler halkyň kitaba hormatynyň örän uludygyny, aňyrdandygyny görkezýär.

Milli Liderimiziň «Döwlet guşy», «Janly rowaýat», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Gadamy batly bedew», «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly watançylyk ruhuna eýlenen ähli eserleri söýlüp okalýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» atly şygry umytlaryňa we hyjuwlaryňa bat berip, täze maksatlara ruhlandyrýar. Şygyr türkmeniň bagtyýar nesline peder pendi hökmünde ýüzlenmedir:

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar