«Köwata» ýerasty köli

24 Iýul 2023
1258

Türkmen topragynda tebigatyň döreden onlarça täsinlikleriniň has ajaýyplarynyň biri «Köwata» ýerasty kölüdir. Ol Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynyň günorta-gündogarynda, Akdepe obasynyň günorta-günbatarynda, Merkezi Köpetdagda ýerleşýär.

Bu ýerasty kölüň geologik gurluşy özboluşly täsinlige eýedir. Alymlar onuň emele gelen wagtyny örän irki döwürlere, baryp, ýokary ýura döwrüne degişli hasaplaýarlar.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
žurnalist.