"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Akyldaryň şahyrana dünýäsi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwletli işleri il-ulsumyzyň eşretli geljegine, bagtyýar şu gününe gönükdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki beýik özgerişleriň agzybir halkyň halal zähmetinden gözbaş alýandygy kalbyňy buýsanja besleýär. Türkmen halkynyň buýsanarlyk taryhy bar. Şonuň bilen birlikde, şeýle şan-şöhratly taryhyň döremegine sebäp bolan beýik şahsyýetleri-de az däl. Nusgawy edebiýatymyzyň şygyr hazynasyna, dünýä edebiýatyna, onuň miras baýlygyna özleriniň özboluşly, milli we halky häsiýetli döredijilikleri bilen mynasyp goşant goşan şahsyýetlerimiz munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň, ýagny 2024-nji ýylyň Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Gahryman Arkadagymyzyň şahyrana setirlerine salgylanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeginiň özi-de Watanyň ykbaly hakynda çyn ýürekden yhlas eden türkmen halkynyň watançy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanandyr. Magtymguly Pyragy — bu bir özboluşly dünýä. Oňa düşünmek üçin şahyryň ruhy dünýäsine özi bolup aralaşmaly. Taryhdan mälim bolşy ýaly, ХVIII asyr türkmen halky üçin iň kyn döwürleriň biri boldy. Şol döwürde türkmen edebiýatynda we medeniýetinde düýpli özgerişlik bolup, beýik akyldaryň döredijiliginde öňki döwürdäkä

Söz manysyn aňar bolsaň...

Türkmen halky söze uly sarpa goýýan, adamyň agramyny sözleýän sözüne garap, ölçemegi başarýan halk. Çünki söz — gudrat, ýaşaýyş, ömür. Söz adama umyt berýär, ganat berýär. Ata-babalarymyz gysga sözüň üsti bilen çuň manyly jümleleri aňlatmagy başarypdyrlar. Käte olaryň manysyna soň düşünip, kelläňi ýaýkanyňy duýman galýarsyň. Sözüň güýjüne parh goýmasa, köneler «Altyn alma, alkyş al» diýmezdiler ahyryn. Köplenç, ýaşulular bilen hal-ahwal soraşylanda: «Bir mydar bar» diýip jogap berýändirler. «Mydar» sözi ýeriň öz okunyň daşyndan çalajadan, ýuwaşlyk bilen aýlanyp durmagyny aňladýar. Bu söze Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem duş gelinýär. Emma onuň güzeran aýlamak manysynda gelýän ýerleri-de bar. Diýmek, garrylaryň ýagdaýy hem ýeriň birsydyrgyn hereketi ýaly, «şol bir mydar, günüm çalajadan şol öňküsi ýaly aýlanyp dur» diýmegi aňladýan bolmaly.

«Ykrar türkmen alabaýy»

Türkmen alabaýy örän wepaly it bolup, öz çäginiň goragçysydyr. Bu itler Türkmenistanyň gadymy oturymly ýerlerinde mesgen tutupdyrlar. Alymlar alabaýlaryň toýundan şekiljiklerini diňe gadymy obalarda däl-de, eýsem, antik eýýamyň we orta asyrlaryň uly şäherleriniň ýerleşýän ýerlerinde hem ýüze çykarypdyrlar. Mary welaýatyndaky Gäwürgala harabalygynda ýüze çykarylan tapyndylar biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlaryna degişlidir. Gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda geçirilen arheologik barlaglarda tapylan ritonlaryň ýüzünde hem alabaýyň şekilini görmek bolýar.

Seýisçilik sungaty

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň säher bilen Arkadag şäherindäki täze athana toplumyna gelip, Hanbeg atly bedew bilen gezelenç etmegi Milli Liderimiziň milli mirasymyz bolan bedewlerimiziň şanyny has-da dabaralandyrdy. Halkymyzyň taryhynda seýisçiligiň özboluşly medeniýetiniň bardygyna hiç hili şek-şübhe ýok. Muňa ahalteke atlary bilen bagly häzirki wagtda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler hem subutnama bolup biler. Ýyndam, katdy-kamatly, owadan atlary ýetişdiren halkyň seýisçiliginiň näderejededigine göz ýetirmek bolsa juda bir kyn däl. Geçmişde ata-babalarymyzyň aty ýogy, seýisçilik etmedigi bolmandyr. Beýle diýilse-de, seýis bolmaklyk her bir adama başartmandyr. Sebäbi seýisçilik, irginsiz, at diýip jany-teni bilen ýapyşyp ýatan, ýele ýelken, Güne galkan bolup bilýän adamlaryň kesp-käri bolupdyr.

Gowurdak

Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparynda bolan wagty Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna baryp gördi. Milli Liderimiz öri meýdanynda kärendeçi çopan bilen duşuşanda, çöregiň mukaddes bolşy ýaly, çarwalaryň gowurdagy hem mukaddes saýýandygyny aýtdy. Goýun etinden taýýarlanýan, uzak wagta durumly, öz tagamyny ýitirmeýän, tagamlylyk babatda at alan gowurdak geçmişde türkmen halkynyň esasy azyk önümleriniň biri hasaplanypdyr. Gowurdak, adatça, güýz gyrkymy sowlandan soň, eti has süýji hasap edilýän öweç ýa-da maň goýnuň etinden taýýarlanylypdyr. Sebäbi şol günler agyla atylan goýunlar gowy ideg edilende, iki aýyň içinde barjak derejesine baryp, güýzüň ahyrlarynda huruşlyk edilipdir. Öweç ýa-da maň goýnuň eti iň bir naýbaşy et hasaplanyp, işdä ýakynlygy, siňňitliligi, ýadyňdan çykmaýan tagamy üçin oňa gadyr goýlupdyr. Gowurdak taýýarlamak üçin goýun etini we ýagyny geregiçe dogramçalara bölüp dogralýar. Ilki bilen, gazana iki şakäse möçberinde suw guýlup, sähelçe çigräp başlan suwuň üstüne bolsa, dogralan ýagy atyp, oduny güýçlendirilýär. Gazandaky erän ýag jigirdek görnüşine ýeten pursady, ondan biraz bölegini alynýar. Galan ýagyň üstüne bolsa gowurdak üçin taýýarlanan eti atylýar. Otda endigan gowrulan et belli bir derejä baransoň, şorsuw diýlip atlandyrylýar.

Kämil nusga

Türkmen halkynyň durmuşyny milli däp-dessursyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Halkymyzda maşgala mukaddes hasaplanypdyr we onuň her bir agzasy, bar bolan ynançlaryň esasynda, dürli usullar ulanylyp, gözden-dilden, bet niýetlerden goralypdyr. Munuň üçin geýimler dürli bezeg serişdeleri bilen örtüler ekeni. Milli geýimleri bezemek üçin oňa oturdylan nagyşlaryň, alajalaryň we şaý-sepleriň gözden-dilden goraýjylyk häsiýetleri bolupdyr. Alaja nagşyna türkmenleriň bezeg we amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşlerinde diýen ýaly duş gelmek bolýar. Marguş we Göksüýri taryhy ýadygärliklerinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan käbir gadymy küýzelerde «alaja» nagşyna gabat gelinýär. Türkmenler eşiklere, şaý-seplere, öý haýwanlaryna, bedew atlara, ulag serişdelerine, gapylara, halylara, hususan-da, boýna we goşara dakylan alajanyň gorag güýjüne ynanýarlar. Mysal üçin, durmuş toýuny tutýanlaryň ulaglaryny dürli ölçeglerde örülen alajadan ýasalan tor bilen örtýärler, aýal-gyzlar kümüş şaý-sepleri ak-gara ýüplüklerden örülen alajadan asýarlar. Ýeri gelende aýtsak, alaja birnäçe görnüşde bolup, dürli reňklere boýalan düýe ýüňünden, pagta, ýüpek, sintetik ýüplüklerden örülýär. Bu alajalary, ýaşyna garamazdan, ildeşlerimiz dürli usullardan peýdalanyp dakynýarlar.

«Aklygy ýüze sylsaň, alnyň açylar...»

Asyrlaryň dowamynda dürli yrymlar türkmen durmuşyna ornaşyp, halkymyzyň edep kadasy hökmünde arkama-arka dowam edip gelipdir. Şeýle yrymlaryň biri ýagşy zady ýüze sylmak edebidir. Ýüze sylmak edebiniň düýp esasynda halkymyzyň isleg-arzuwy, gowulygyň özüne ýaran bolmagynyň dilegi jemlenipdir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmençilikde ýedi sany zady — täze dogan Güni, täze dogan Aýy, täze dünýä inen çagany, täze gelni, halal gazanylan gazanjy-serpaýy, tamdyrdan çykan çöregi, toýda berlen ýaglyk-paýy hem-de keramatly kitaplary ýüze sylmagyň parz hasap edilýändigini belleýär. Halkymyzyň ýüze sylmak edebi hakynda pikir gozgalanda, gadymy döwürden galan bir waka küýüňde janlanýar.

Döwürýanly ýorganyň taýýarlanylyşy

Gerekli zatlar:

Döwürýansyz ýorganyň taýýarlanylyşy

Gerekli zatlar:

Gadymy gymmatlyklaryň zerewşany

Türkmen halyçylyk däpleri juda gadymydyr. Baryp, üç-dört müň ýyl mundan ozal Türkmenistanda halyçylyk bilen meşgul bolnandygyny ýurdumyzda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri görkezýär. Meselem, Magtymguly etrabynyň Parahat diýen ýerinde arheologik gözleg işleri geçirilýärkä, halyçylyk senedinde ulanylýan zähmet gurallarynyň birgideni tapyldy. Olaryň ýaşyny takmynan, dört-bäş müň ýyl töweregi diýip çaklaýarlar. Türkmen halysynyň gadymylygyny subut edýän ýene bir delil bolsa, 1947 — 1949-njy ýyllarda rus arheology S.U.Rudenko tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde daglyk Altaýyň çarwa taýpalarynyň guburyndan tapylan Pazyryk halysydyr. Dünýäniň iň gadymy haly nusgasy bolan bu täsin haly doňaklykda örän gowy saklanyp galypdyr. Bu halynyň häzirkizaman türkmen halylarynyňky ýaly gyzyl ýerligi, reňk öwüşginleri we nagyşlarynyň takyk geometrik çyzyklary görenleri haýran galdyrýar. Häzir bu ajaýyp haly Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň «Ermitaž» muzeýinde saklanylýar.

«Çekizeli ak haltadan...»

Halkymyz has irki döwürlerden ekerançylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk bilen hem meşgullanypdyr. Türkmen aganyň bereketli desterhany hasaplanýan uç-gyraksyz Garagum sährasynda düýeleri, iri we ownuk şahly mallary idetmek, köpeltmek bilen bir hatarda, düýe, sygyr, goýun-geçi süýdünden gatyk, çal, agaran, gurt, saryýag ýaly köp görnüşli süýt önümlerini hem taýýarlanypdyr. Şol taýýarlanylýan süýt önümleri gündelik azyk hökmünde ulanylypdyr. Şeýle köpdürli süýt önümleriniň has giň ýaýran we uly isleg bildirilýän görnüşleriniň biri hem çekize bolupdyr. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň «Ýazmasy agyr düşen goşgy» atly meşhur goşgusynda: Çekizeli ak haltadan Turşy damja damyp dur —

...Maly bakary bilen

Durmuş — bu ynsanyň iň ýakyn mugallymy we halypasy. Bütin ömrüne çarwa-çomrulygy mäkäm utgaşdyryp, gaýraty, erjelligi we işeňňirligi bilen günemasyny aýlan türkmen halky durmuş sapaklaryny özleşdirip bilen, nesillerine hem öwredip bilýän dana halk. * * *

Hoş habaryň joşguny

Milli gymmatlyklarymyz hem-de buýsanjymyz bolan, dünýäde deňsiz-taýsyz behişdi bedewlerimiz, wepaly alabaý itlerimiz baradaky alada hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň mydama üns merkezinde saklanýar. 20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna baryp, bedewleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ol ýerde geçiren iş maslahatynda Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar — Akdost atly türkmen alabaýynyň «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolandygy dogrusynda aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda, şeýle-de «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp goşgusynda waspy ýetirilýän wepaly, gujurly, gaýduwsyz hem syzgyr türkmen alabaýy asyrlarboýy halkymyzyň söýgüli jandary bolmagynda galýar. Milli Liderimiz bu kitabynda dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen birlikde, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny hem açyp görkezýär. Kitapdan alabaýyň milletiň ykbalynda eýeleýän, onuň halk döredijiliginde, edebiýatda, çeper döredijilikde hem-de türkmen filosofiýasynda eýeleýän orny barada hem gyzykly maglumatlar berilýär.

Türkmen alabaýynyň şöhraty

Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna baryp görmeginiň çäklerinde Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygy barada aýdan hoş habary halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren itşynaslyk sungatyna bolan buýsanjyny artdyrdy. Bu şatlykly habar asyrlaryň hem eýýamlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, sungat derejesine ýetirilen itşynaslyk ugrunyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti wezipesinde işlän döwründe Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat beren Akdost atly türkmen alabaýynyň «Merkezi Aziýa owçarkasy» atly ýaryşda iki ugur — arassa ganlylygy we owadanlygy hem-de düşbüligi, ünslüligi we buýrugy ýerine ýetirmek ukyby ugurlary boýunça Russiýanyň çempiony bolandygy baradaky buşluk habary halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň dünýäde şöhratlanýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhame

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – dünýä şygryýetiniň göwher hazynasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde nusgawy edebiýatymyz ylmy esasda öwrenilýär, milli ýörelgelerimize belent sarpa bar. Bu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan edilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi tutuş halkymyzyň kalbynda egsilmez guwanç hem buýsanç duýgusyny döretdi. Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwlet hakyndaky arzuwlary häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy edebiýatymyz, ene dilimiziň baýlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga uly üns berilýär. Bu babatda ýurdumyzda halkara maslahatlar, dabaralar yzygider geçirilýär. Şunda alymlaryň, edebiýatçylaryň, taryhçylaryň arasynda tejribe alyşmaga oňat mümkinçilik döreýär. Şol sebäpli-de Magtymguly Pyragynyň eserlerini, nusgawy döredijiligini dünýä okyjylary okaýar, Gündogary öwreniji alymlar öwrenýär. Şonuň üçin hem dünýäde akyldar şahyra belent sarpa goýulýar, onuň döredijiligi hakynda pikirler beýan edilýär.

Salar pälwan hakda söhbet

(Soňy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Salar pälwan Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçesinde tutulan toýlaryň birinde Bäherdeniň Bamy obasyndan gelen Illi pälwany ýeňillik bilen ýykanda ahmyrda galan pälwan guşakdan elini aýyrman, ýene-de göreşmäge isleg bildiripdir. Türkmen göreşinde şeýle bolanda eminler adatça pälwanyň dynç almagy, gaharynyň synyp, köşeşmegi üçin az wagtlyk hem bolsa puryja gözleýärler. Olar baýrak almak, ahmyr göreşi üçin baýragy yglan etmek işlerine az hem bolsa wagt sarp edipdirler. Ýüze çykan halaty çözmek bilen bagly we indiki göreş üçin baýrak yglan etmek meselesi çözülýänçä, eminler pälwanlaryň ýüreklerini sowatmagy üçin her birine bir dilim gawun uzadypdyrlar. Illi pälwan ony iýmändir. Garşydaşynyň bu hereketini halamadyk Salar pälwan soňky tutluşykda hem ýeňiş gazanypdyr. Soňra ol güýçli pälwanlaryň gatnaşan başga bir toýunda tejenli meşhur Myrat Çaka pälwandan hem üstün çykmagy başarypdyr.

Gadymy Änewiň gymmatlyklary

Ata-babalarymyzyň ýaşap geçen ýurdunyň aýratynlygyny, gymmatly tebigy we medeni baýlyklaryny öwrenmek, mukaddes topragyny söýmek her bir ynsanyň ömrüne many berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halklaryň arasynda işjeňleşdirmäge gönükdirilen dostana gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen türki halklaryň maddy hem-de medeni ýadygärliklerini gorap saklamakda, ösdürmekde, geljek nesillere ýetirmekde oňyn dialogyň kemala getirilendigini uly buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr. Munuň şeýledigine 2022-nji ýylyň noýabrynda TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de şu ýylda gadymy Änew şäherini «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgütleriň biragyzdan kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Biz hem «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäheriniň gymmatlyklary hakynda «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Ahmet HALMYRADOW bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Ýagşylykda ile özün tanadan

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy dogrusynda juda köp ylmy seljermeler, makalalar ýazyldy. Bu ýagdaý beýik Magtymgulynyň pikir ummanynyň giňligi we hiç haçan öz derwaýyslygyny ýitirmeýänligi bilen häsiýetlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusy Gündogaryň beýik danasy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna goýulýan sarpanyň ajaýyp beýanydyr: Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr, Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr, Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Hakyň we halkyň dosty

Türkmen topragy Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Mäne baba, Mahmyt Zamahşary, Hoja Ýusup Sarahsy, Şibli baba, Ak işan, Aşyk Aýdyň ýaly ençeme beýik ynsanlaryň, meşhur şahslaryň ömür süren mekany, ylmyň we keramatyň watany. Aryf akyldar Mäne babanyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda dünýä inendigi barada. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Ol 967-nji ýylyň dekabr aýynyň 7-sinde, ýekşenbe güni, häzirki Kaka etrabynyň Mäne obasynda dünýä inip, 1049-njy ýylyň ýanwar aýynyň 12-sinde, anna agşamy şol obada aradan çykýar» diýip, takyk maglumat berilýär. Kakasy Abul Haýyr Ahmediň däri-derman, müşki-anbar satýan, ylymly, abraýly sopular, derwüşler, ulamalar bilen oturyşyp-turşan adam bolandygy hakynda ylmy çeşmelerde bellenilýär. Abu Seýit ylma-bilime örän teşne, kalby päk, ýaşlygyndan otuz müň beýdi ýatdan aýdyp bilýän hapyz bolup ýetişipdir. Onuň arap dilinden ilkinji sapak alan mugallymy Horasanyň belli karylaryndan hasaplanan Abu Muhammet Annazy bolupdyr.

«Ýüňüni ýakypsyňyz»

Çölde ýaşaýan dostum täzelikde gazdyran guýusynyň bol suwly çykanyna niýetläp, goňşy guýularda ýaşaýan çarwalary çagyryp, uly toý etdi. Diýlen güni daň tilkiguýruk boluberende, gum obasyna tarap ýola düşdüm. «Toýa elim boş barmaýyn» diýip, çöli etekläp oturan obanyň dükanyna sowuldym. Gerek zatlarymy alyp, ulaga ýönelenimem şoldy welin, «Ogul, ugruň hanjak?» diýen sese yzyma öwrüldim. Sakgaly döşüni ýapyp duran ýaşula hormat bilen salam berdim. Görüp otursam, ugrumyz bir ekeni, bile toýa baka ýola düşdük.