Kämil nusga

24 Ýanwar 2024
890

Türkmen halkynyň durmuşyny milli däp-dessursyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Halkymyzda maşgala mukaddes hasaplanypdyr we onuň her bir agzasy, bar bolan ynançlaryň esasynda, dürli usullar ulanylyp, gözden-dilden, bet niýetlerden goralypdyr. Munuň üçin geýimler dürli bezeg serişdeleri bilen örtüler ekeni. Milli geýimleri bezemek üçin oňa oturdylan nagyşlaryň, alajalaryň we şaý-sepleriň gözden-dilden goraýjylyk häsiýetleri bolupdyr. Alaja nagşyna türkmenleriň bezeg we amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşlerinde diýen ýaly duş gelmek bolýar. Marguş we Göksüýri taryhy ýadygärliklerinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan käbir gadymy küýzelerde «alaja» nagşyna gabat gelinýär.

Türkmenler eşiklere, şaý-seplere, öý haýwanlaryna, bedew atlara, ulag serişdelerine, gapylara, halylara, hususan-da, boýna we goşara dakylan alajanyň gorag güýjüne ynanýarlar. Mysal üçin, durmuş toýuny tutýanlaryň ulaglaryny dürli ölçeglerde örülen alajadan ýasalan tor bilen örtýärler, aýal-gyzlar kümüş şaý-sepleri ak-gara ýüplüklerden örülen alajadan asýarlar. Ýeri gelende aýtsak, alaja birnäçe görnüşde bolup, dürli reňklere boýalan düýe ýüňünden, pagta, ýüpek, sintetik ýüplüklerden örülýär. Bu alajalary, ýaşyna garamazdan, ildeşlerimiz dürli usullardan peýdalanyp dakynýarlar.

Süleýman NÖKEROW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.