Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň säher bilen Arkadag şäherindäki täze athana toplumyna gelip, Hanbeg atly bedew bilen gezelenç etmegi Milli Liderimiziň milli mirasymyz bolan bedewlerimiziň şanyny has-da dabaralandyrdy.
Halkymyzyň taryhynda seýisçiligiň özboluşly medeniýetiniň bardygyna hiç hili şek-şübhe ýok. Muňa ahalteke atlary bilen bagly häzirki wagtda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler hem subutnama bolup biler. Ýyndam, katdy-kamatly, owadan atlary ýetişdiren halkyň seýisçiliginiň näderejededigine göz ýetirmek bolsa juda bir kyn däl. Geçmişde ata-babalarymyzyň aty ýogy, seýisçilik etmedigi bolmandyr. Beýle diýilse-de, seýis bolmaklyk her bir adama başartmandyr. Sebäbi seýisçilik, irginsiz, at diýip jany-teni bilen ýapyşyp ýatan, ýele ýelken, Güne galkan bolup bilýän adamlaryň kesp-käri bolupdyr.