Söz manysyn aňar bolsaň...

25 Ýanwar 2024
811

Türkmen halky söze uly sarpa goýýan, adamyň agramyny sözleýän sözüne garap, ölçemegi başarýan halk. Çünki söz — gudrat, ýaşaýyş, ömür. Söz adama umyt berýär, ganat berýär. Ata-babalarymyz gysga sözüň üsti bilen çuň manyly jümleleri aňlatmagy başarypdyrlar. Käte olaryň manysyna soň düşünip, kelläňi ýaýkanyňy duýman galýarsyň. Sözüň güýjüne parh goýmasa, köneler «Altyn alma, alkyş al» diýmezdiler ahyryn.

Köplenç, ýaşulular bilen hal-ahwal soraşylanda: «Bir mydar bar» diýip jogap berýändirler. «Mydar» sözi ýeriň öz okunyň daşyndan çalajadan, ýuwaşlyk bilen aýlanyp durmagyny aňladýar. Bu söze Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem duş gelinýär. Emma onuň güzeran aýlamak manysynda gelýän ýerleri-de bar. Diýmek, garrylaryň ýagdaýy hem ýeriň birsydyrgyn hereketi ýaly, «şol bir mydar, günüm çalajadan şol öňküsi ýaly aýlanyp dur» diýmegi aňladýan bolmaly.

Baýram GOÇMYRADOW,
mirasgär.