Sünnäli gollaryň sungaty

25 Ýanwar 2023
1320

Näziklige eýlenen zenan kalby barada ýazmadyk ýazyjy, ony şirin şygyrlarda taryplamadyk şahyr ýokdur. Zenanlaryň bu täsinligiň tebigatyna garaýşy başgaça bolýar. «Näziklik» sözüniň başga-başga, ozal açylmadyk gyraňlary açylyp, seni kemsiz pikirlendirýär. Şeýdibem, näzikligiň inçelik, sünnälik, döwtalaplylyk, käýarym bolsa hut ynjyklyk ýaly taraplary açylyberýär. Bu hakykat bilen her bir zenanyň täze köýnek tikinmekçi bolanda ýüzbe-ýüz bolýandygyny anyk bilýärin. Men bu zatlar dogrusynda «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýdirýän tikinçilik kesbini birkemsiz ele alan asylly maşgala bilen söhbet etmegi ýüregime düwüp, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Aýgül Saparmyradowanyň döwletli ojagyna geldim. Bu abraýly maşgalanyň döwletli bosagasyndan ätlän ilkinji pursadymdanam, bu öýde eliň hemişe işli bolmaly diýen kadanyň pugta berjaý edilýänligine gözüm ýetdi, muňa diýseň guwandym. Tikinçilik bilen bagly beren sowallaryma-da ol howlukman jogap berdi.

— Şükür, dokuzymyz düzüw. Iş bilen gelýänleriň göwni hoş bolup, ýylgyryp gitse, dünýeler düzlük, ykbalyňdan gaty razy bolýarsyň. Ejem bize hemişe öz işiňe şeýle garamagy öwrederdi. Menem mähriban käbämden, inçe el hünäri bilen bilelikde, şu paýhasly pendi hem sapak edindim. Ýalňyşmadymam. Bu sapak kesbime kemal, ömrüme abraý getirdi. Bu ýola ygrar etdigimçe-de, ol maňa hossar çykdy, her ädimde goltgy berdi, ömrüme pent boldy.

Gülälek ORAZOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň ýetginjekler lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň agzasy.