Aşgabat sammiti — hyýallara sygmaýan hakykatlaryň jemi

29 Noýabr 2021
1137

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany eýýäm 10 ýyla golaý wagt bäri goýnuna alan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri şanly döwür boldy. Hakykat hyýallardan zyýada gelýär. Onsoň ol barada bir zatlar ýazmak ýa söhbet etmeg-ä aňyrda dursun, pikir öwreniňde hem kalbyňy çäksiz uly tolgunma gurşaýar.

Ine, şol tolgunma biziň gursagymyzda geçen hepdäniň ahyrky iki gününde hem düşledi. Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň 15-nji sammiti geçirildi. Gurama Türkmenistanyň başlyklyk eden ýyly şeýle bir dabaralar bilen jemlendi welin, olar tutuş taryhy merjen halkalary bilen bezemäge hem mynasyp.