Galkynyşly döwrüň belent tutumlary

29 Iýun 2024
292

Uly buýsanç bilen ýaňlanýan şu ajaýyp jümläniň mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygar bilen beýik tutumly işleriň başlangyjyny goýdy we häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde türkmen döwletiniň hem jemgyýetiniň şu güni hem-de ýagty geljegi üçin belent tagallalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren örän oýlanyşykly başlangyçlary, ajaýyp teklipleri tutuş adamzat durmuşynyň dürli ugurlaryny, parahat ýaşaýşyny, gülläp ösüşini göz öňünde tutýandygy bilen belent ykrarnamalara eýe boldy.

Häzirki wagtda BMG tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen 20-den gowrak Kararnamalaryň aglabasy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň esasy bolup durýar. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň tutuş adamzat jemgyýetinde, Ýer ýüzünde parahatçylygyň nuruny ýaýýan daşary syýasaty işjeňlik bilen durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

«Daşoguz habarlary».