Ýylyň şygary — köňülleriň çyragy

11 Ýanwar 2024
734

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2024-nji ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmunyny wagyz etmek maksady bilen geçirilen dabaraly maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, Hökümet agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işjeň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň belli sungat ussatlary, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular hem-de köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.

Çäre bilen ugurdaşlykda Mukamlar köşgüniň eýwanynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň, Milli Liderimiziň eserleriniň, şeýle-de halkymyzyň şekillendiriş, amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryň sergisi-de guralyp, ol maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.