Milli mirasymyzyň hukuk binýady

11 Ýanwar 2024
941

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan milli medeniýetimizi, mirasymyzy goramak, aýap saklamak we ony geljekki nesillerimize ýetirmek ýaly asylly işler döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilip, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmek, ýaýratmak, halkara derejesine çykarmak üçin ýerine ýetirilen işler halkymyzy guwandyrýar. Türkmeniň milli mirasy taryhyň ähli döwürlerinde  bolşy ýaly, biziň günlerimizde hem halklaryň birek-birek bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, kalplara ynam, köňüllere ylham çaýýan şamçyragdyr.

Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.