Atçylyk— gadymy sungat

12 Dekabr 2023
918

Şanly ýylymyz bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýdan bu hoş habary 5-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edildi.

Ata-babalarymyz türkmen bedewleriniň özüniň ruhy dünýäsinde tutýan ornuny dürli nakyllaryň, dessanlaryň, şadessanlaryň, şygyrlaryň üsti bilen beýan edipdir. Ahalteke bedewleriniň idedilişi, köpeldilişi, seýislenilişi barada döwletimiz tarapyndan uly alada edilýär. Seýisçiligiň ýörite mekdebi saklanyp gelinýär we bu ugurda ýokary bilim berilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen bedewiniň milli baýramy döredilip, bedewler bilen baglanyşykly köp sanly çözgütler kabul edildi. Olarda türkmen bedewleriniň seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmek, at çapyşyklarda, türkmen milli toý-baýramçylyklarynda atlary giňden ulanmak, atçylyk sportuny ösdürmek, halkara atçylyk sporty ýaryşlaryna we şüweleňlere gatnaşmak, türkmen atçylygynda bar bolan beýleki gaýragoýulmasyz işleri amal etmek, atçylyk boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak çäreleri üpjün etmek bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Şu okuw ýylynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ilkinji talyplaryny kabul etdi, täze ýokary okuw mekdebinde «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby döredildi. Arkadag şäherinde gurlan Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki milli atşynaslygy ösdürmekde döwlet tarapyndan alnyp barylýan tagallalaryň düýplüdigini görkezýär.

Ogulnabat SARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.