“Şaýlar dakdym seteran...”

8 Dekabr 2023
811

Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň arasynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan zergärçilik sungatyna uly orun degişlidir. Gäwürgalada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde bu ýerden tegelek, süýrümtik, merkezi deşikli monjuklar tapyldy. Olar hakyk we pöwrize daşlaryndan ýasalypdyr. Mäne obasynyň ýanyndaky Altyndepede gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan dürli monjuklaryň 420-ä golaýynyň arasynda aýal maşgalanyň maňlaýa dakýan akly-garaly maýda monjuklarydyr bürünçden şaý hem bar. Bu bolsa türkmen zergärçiliginiň kökleriniň irki döwürlere uzaýandygyny aňladýar.

Zergärçiligiň naýbaşy nusgalary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Türkmenistanyň etnografiýasy» ylmy-barlag bölüminiň hemişelik sergisinde sergilenýär. Şaý-sepleriň dürli görnüşleri gaznalarda goralyp saklanýar. Tyllaýy nusgalaryň içinde çaga şaý-sepleri ünsüňi has-da özüne çekýär. Olara «ok-ýaý», «tumarça», «bäzbent», «ýelpewaç», «dogaçyr», «guşdyrnak», «burma», «goçbuýnuz», «kürtegulak», «bent» (ýazma), «aýak-bukaw», «gerden dogajyk», düwme, dagdan, sytara we beýlekiler degişlidir. Bu bezegler özüniň köpdürlüligi we sebit aýratynlygy bilenem tapawutlanypdyr. Ikiden bäş ýaş aralygyndaky körpeler üçin şaý-sepler ýönekeýden ýeňilräk, 6 — 8 ýaşdakylara niýetlenen göwrümliräk, agyrrak bolupdyr. Bu bezegleri ene-mamalarymyz çagalarynyň egin-eşiklerine, tahýalaryna, topbylaryna käbirini injigine, boýnuna we goşaryna dakypdyrlar. Ýigit çykanlarynda olaryň gujur-gaýratly, batyrgaý, watansöýüji bolup ýetişmeklerini diläpdirler. «Ok-ýaý» şaý-sepi iki-üç ýaşdan ýedi-sekiz ýaşly oglanjyklaryň donunyň, kürtekçesiniň arkasyna dakylýan şekilli bezeg şaýydyr.

Nurgözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.