«Pälwan daşy»

30 Noýabr 2023
893

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda Köýtendag sebitinde ýaşap geçen bir pälwan hakda örän gyzykly maglumatlar bar. Onda eldekileşdirilen aýydan, äpet ýylandan üstün çykan bir ýigit barada täsin hekaýat gürrüň berilýär. Bu sebitde «Pälwan daşy» diýip atlandyrylýan bir daş hem bar eken.

«Aýydyr äpet ýylandan üstün çykan ýigit bilen «Pälwan daşynyň» arasynda baglanyşyk barmyka, bar bolsa näme baglanyşygy barka?!». Şeýle sowala gümra wagtymyz «gutuljak hassanyň tebibi üstüne gelermiş» diýleni boldy. Sowallarymyzy aýdyňlaşdyryp biläýjek adam — ýurdumyzda welosipedli syýahat etmekde meşhur Batyr Abdullaýew redaksiýamyza myhmançylyga geldi. Görüp otursak, ýaşuly syýahatçy ýanyna şol daşyň suratyny hem alan eken. Şol suratdaky ýazgy agramy 584 kg bolan, ýagny ýarym tonnadanam agyr bu daşy 1882 — 1917-nji ýyllarda Köýtendag etrabynyň Hojaýpil obasynda ýaşap geçen Ahmed Hajy ogly Hudaýberdi mişan pälwanyň göterenligini tassyklaýar.

(Ýörite habarçymyz).