Türkmen diýeniňde, ilki bilen, haly, dutar... ýadyňa düşýär. Özünde tutuş halkyň ahwalyny jemläp bilen gözelligiň mukaddeslige deňelmegem şondan. Tebigatyň roýy siňen, ene-mamalarymyzyň ylahy yhlasyndan dörän bu sungat, öwgä ýa tarypa mätäç däl. Ol — halkyň haly, halaty. Ol — türkmeniň kalby...
Ine, şular barada düýn paýtagtymyzda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabarada hem uly buýsanç, joşgun bilen bellenildi. Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýaýbaňlandyrylan dabara säher bilen hormatly Prezidentimiziň çeper elli halyçylara we ýurdumyzyň ähli halkyna iberen Gutlag hatyndan badalga aldy. Açylyş dabarasy ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.