"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ak mekdepler giňden açdy gujagyn

Milli bilim ulgamynyň hiliniň hem-de mazmunynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini gazanmak ulgamda yzygiderli alnyp barylýan netijeli özgertmeleriň düýp maksadydyr. Toý-baýramlara baý bolan altyn güýz paslynyň ilkinji baýramy — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralarda şeýle buýsançly hakykat aýratyn nygtalyp aýdyldy. Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde giň gerime eýe bolan baýramçylyk dabarasy hem şeýle çuň mazmunly çäreleriň biri boldy. Toý keşbine eýe bolan mekdep binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan dabara bilim işgärleri, mekdep okuwçylary, ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän bagtyýar çagalar, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şäheriň ýaşaýjylary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Bilimli ýaşlar — döwre ýaraşyk

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de bilim berlişiniň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlar hakynda döwletimiz tarapyndan uly aladalaryň edilýändigine bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler aýdyň güwä geçýär. Ýaş nesliň täze tehnologiýalary düýpli özleşdirmegi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn bellemek gerek. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki wagtda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň oňyn netijelerini berýändigine ýaş zehinlerimiziň halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleriniň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirýäris. Bu Konsepsiýalaryň esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, sapaklary döwrebap tehnologiýalar arkaly täsirli guramakda durmuşa geçirilýän işler diňe tarypa mynasypdyr. Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegi bolsa, şeýle zehinli, ylym-bilimli nesle baglydyr.

Kämilligiň aýdyň ýoly

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň çar künjünde döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, sanly bilimiň ornaşdyrylmagy, okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň girizilmegi, bu ugurda uzak we ýakyn geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň kabul edilmegi ulgamyň ösmegi üçin döwrebap şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini subut edýär. Bilim özgertmeleri bolsa türkmen ylmyny täze belentliklere götermek baradaky maksady özünde jemleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar» diýen sözleri munuň  kepilidir. Ylym-bilim döwletimiziň ösüşiniň berk binýady bolmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda we beýleki ulgamlary ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýar. Ylym-bilim bilen öňe gidip, belent sepgitleri eýeläp bolýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar, kabul edilýän maksatnamalar bagtyýar geljegiň binýadydyr. Ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşi, şöhratly geljegi eziz Diýarymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň ylymly, bilimli bolmagy, sagdyn ruhda terbiýelenmegi bilen baglydyr. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýilmegi

Robototehnika — geljegiň ugry

Ozal habar berlişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi işläp başlady. Ýurdumyzda soňky ýyllarda öwrenilip başlanan bu ugur milli bilim ulgamynda ileri tutulýan hünär bilimine öwrülýär. Ol ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine, innowasion tehnologik ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň (ÝUNISEF) ýardam bermeginde döredilen täze merkeziň maksady ýaşlara STEAM bilim modelini tejribäniň üsti bilen berkidip öwretmekden hem-de bu işi has giňden ýaýbaňlandyryp, ýurdumyzyň beýleki bilim edaralaryna görelde bolmakdan, robototehnika önümlerini amaly taýdan peýdalanmagyň esaslaryny döretmekden ybaratdyr. Şu maksatlara ýetmek üçin bolsa täze merkez 8 — 12 adamlyk toparlaýyn okuw işlerini alyp barmaga giňden ýardam edýän tehniki serişdeler hem-de enjamlar bilen üpjün edildi.

Akyldar şahyryň hormatyna täze mekdep binasy bilim ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr

Bu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýär. Şygryýet äleminde meşhur şahsyýetleriň biri bolup orun alan, dünýä halklarynyň çeper döredijiliginiň ösüşine uly täsirini ýetiren Magtymguly Pyragynyň sarpasy belent tutulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda, Ukrainada we beýleki ýurtlarda, şol sanda Russiýanyň Stawropol ülkesiniň Blagodarnensk raýonyndaky türkmenleriň ýaşaýan Edelbaý obasynda, Astrahanda, Kiýewde, Özbegistanyň Daşkent we Hywa şäherlerinde türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň hormatyna ýadygärlikler bina edildi. 4-nji iýulda Magtymguly Pyragynyň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen bilim ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns gönükdirilýär, bu nurana işlerde beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem hatyralanýandygy örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep açylyp, ulanmaga berildi. Bu mekdebiň açylyşyna Türkmenistanyň we Täjigistanyň ýokary derejeli wekiliýeti gatnaşdy. Täze bilim ojagynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň hem-de

Ruhubelentlige beslenen dabaralar

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenip geçildi. Şanly sene mynasybetli bilim ojaklarynda şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. GÖKDEPE. Etrabyň Yzgant şäherçesiniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde bolan dabara gatnaşan bilim işgärleri, mekdep okuwçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň atasy watançy esger, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň mekdepdäki nurana ýadygärligine gül goýup, ilhalar ynsanyň ruhuna tagzym etdiler.

Bilim ulgamy — ösen geljegiň berk binýady

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda uludan toýlanýan Bilimler we talyp ýaşlar güni jemgyýeti üýtgeşik ruhy ahwal gurşap alýar. Täze okuw ýylyna badalga berilmegi bilen, uludan-kiçi her birimiz toý şatlygyny, ruhy galkynyşy başdan geçirýäris. Şol bir wagtyň özünde-de kalbymyz mukaddes duýgular, ýagty umytlar, ak arzuwlar bilen nurlanýar. Bu nurana duýgular biziň halkymyzyň bilime bolan mukaddes garaýşyny, bilim-ylym öwredýän mugallymlara goýulýan uly hormat-sylagy, döwletimiz tarapyndan ýaş nesliň ýokary derejeli bilim-terbiýe almagy üçin iň gowy derejede döredilýän mümkinçilikleri, başlary nepis tahýaly, milli eşikli, buýsançly oglan-gyzlaryň geljege bolan synmaz ynamyny gursaklarynda göterip, ata-enelerimiziň döwletli ýörelgelerini dowamata mynasyp atarýan nesiller bolup ýetişýändikleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Täze okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzda täze bilim ojaklarynyň açylmagy ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwatynyň, döwletimiziň adam maýasynyň ösmegine gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň ajaýyp mysallarydyr. Ine, bu ýyl hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim ojaklarynyň ençemesi açyldy. 2024-2025-nji okuw ýylynyň dabaraly baýramçylyk nyzamynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilmegi akyldar şahyrymyza goýulýan beýik sarpanyň nyşanydyr.

Döwletlilik ýörelgeleri dabaralanýar

 Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlygyň çäginde umumymilli forumyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen welaýatymyzda netijeli çäreler geçirilýär. Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda guralan dabaraly maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. «Halk Maslahaty: agzybirlik, jebislik, döwletlilik» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan guralyp, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdy. Onda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ähmiýetli waka öwrüljekdigi, onda geçen döwürde berkarar Watanymyzda alnyp barlan işleriň üstünde durlup geçiljekdigi, ýakyn we uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň kesgitlenip, olary çözmegiň ýollary babatdaky tekliplere garaljakdygy dogrusyndaky gürrüň çykyşlaryň özenini düzdi.

Belent maksatlaryň badalgasy

Altyn güýzüň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary diňe bir okuwçy ýaşlary däl, eýsem, olaryň ata-enelerini, ähli bilim işgärlerini hem begendirdi. Ol gün ak mekdebe ilkinji gezek gadam basan körpeje nesiller üçin has-da tolgundyryjy boldy. Döwrüň berkararlygyny, zamananyň bagtyýarlygyny buşlaýan ýurdumyzyň bilim ojaklarynda, şirin aýdym-sazlar ýaňlandy, baýramçylyk dabarasy guraldy. Şol gün ýurdumyzyň dürli ýerlerinde bilim-terbiýeçilik ojaklary açylyp, ulanylmaga berildi. Şeýle ruhlandyryjy günüň çärelerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin şöhratly geljegi gurmaga gönükdirýän taýsyz tagallalary barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Bilimler we talyp ýaşlar güni diýlende, hemmeleriň, hatda mugallymlaryň hem aňynda, ilki bilen, öz mähriban mugallymlarynyň keşbi janlanýar. Şahyryň:

Şäherçä görk goşan binalar ýaş nesle we bilim işgärlerine ajaýyp sowgatdyr

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralandyrylýan gününde Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi egsilmez şatlyga öwrüldi. Ak nura beslenen täze binalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şanly ýylda başlanan täze, 2024-2025-nji okuw ýyly mynasybetli mekdep okuwçylaryna we mugallymlara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp toý sowgady boldy.

Talyp bolmak bagty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar ýaşlaryň müňlerçesine ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Şanly ýylymyzda talyp bolanlaryň arasynda welaýatymyzyň bagtdan paýly ýaşlarynyň hem uly topary bar. Olaryň ýürekden çykýan buýsançly sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Merjen POLADOWA,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby:

Ilkinji jaň — bilim ýolunyň başlangyjy

«Ilkinji» söz, gör, näçe ýerde ulanylýar: ilkinji söz, ilkinji ädim, ilkinji ýaz, ilkinji terbiýeçi, ilkinji jaň, ilkinji mugallym, ilkinji sapak, ilkinji bäşlik — bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Aga-gara düşünip başlanyndan mekdebe çenli aralykdaky «ilkinjiler» çaganyň durmuşa, jemgyýete bolan ymtylyşyny kesgitleýär. «Ilkinji jaň» dabarasy bolsa ony bilimden, ylymdan püre-pür durmuşa çagyryşdyr. Hut şonuň üçin hem çaga bu şanly senä — 1-nji sentýabra uly umytlar baglap garaşýar. Ene-atasynyň elinde, çagalar bagynda terbiýelenip, mekdep ýaşyna ýeten oglan-gyzjagazlar öz durmuşlaryndaky begençli pursata uly höwes bilen garaşýarlar. Olar «Ilkinji jaň» dabarasynyň nämedigine heniz ýeterlik derejede göz ýetirip bilmeseler-de, şol şatlykly pursatyň özlerine edýän ýakymly täsirlerini aýdyň duýýarlar.

Täze terbiýe ojagy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Tagtabazar etrabyndaky Saryýazy obasynda açylyp, ulanmaga berlen 23-nji çagalar bakja-bagy ähli ýaşaýjylary, bagtyýar nesilleri we bizi — bilim-terbiýeçilik işgärlerini tüýs ýürekden begendirdi. Bu binada 160 çaganyň terbiýelenmegi, sowat öwrenmegi, göwnejaý dynç almagy, her günki pursatlaryny gyzykly we mazmunly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Röwşen geljegimiziň binýady

Türkmen halky hemişe bilim-ylma aýratyn sarpa goýup, ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary barada uly alada edýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ylmyň döwrebap ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna kämil tehnologiýalar hem-de dünýä ylmynyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ugurlarynyň işi kämil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen barha ilerleýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzda döwrebap mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimizde ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgesini hemişelik hemrasyna öwürýärler. Olara sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga hem giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde oňyn mümkinçiliklerden peýdalanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň. Bu günki ýaş nesil — Diýarymyzyň mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdebiniň talyplary — ertirki hünärmenler, ýurdumyzyň gülläp ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak ynsanlar. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer ne

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim özgertmelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň täze belentliklere çykmagy, şeýle-de ýaş nesle berilýän bilimiň derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda uly tagalla edýär. Ata Watanymyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaraly bellenip geçilmegi hem şeýle tagallalaryň güwäsidir. Şol şanly günde ak mekdepleriň 1-nji synpyna gadam basýan alty ýaşly çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuteriň gowşurylmagy olaryň şatlygyny goşalandyran waka öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni ýokary derejede bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň bolandygyny guwanç bilen bellemek bolar. Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Sultan Ergeşow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep dabaraly açyldy. Döwrebap mekdebiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň sanly ulgam arkaly aragatnaşyga çykmaklary we çykyşlarynyň çuňňur mana eýe bolmagy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi iki halkyň dost-doganlygynyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň aýd

Netijeli işler hünär kämilligine bagly

Her bir hünärmeniň zähmet çekýän ýerindäki wezipe borçlaryna düşünip, oňa yhlasly zähmet siňdirmegi gerek. Mugallymçylyk işinde bu jogapkärçilik has hem uly. Munda mugallymyň çaga bilimi terbiýe bilen bilelikde öwretmegi zerur bolup durýar. Munuň üçin bolsa mugallymyň işe bolan höwesiniň, başarnygynyň has-da kämil bolmagy gerek. Bu hakynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» hem bellenilýär. Has takygy, bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, pedagog işgärleri hünär taýdan taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, bilimiň usulyýet binýadyny nazaryýet we amalyýet taýyndan işlemek, okuw-tejribede berkitmek möhümdir. Umumybilim edaralarynda okuwçylaryň okuw ýüküne laýyk getirilen bilimleriň esaslaryny goýmak, olaryň zähmet endikleriniň ösdürilmegi, ýokary ahlak sypatlarynyň, belent adamkärçilik duýgularynyň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň terbiýelenmegi mugallymlaryň hemişe üns merkezinde bolmalydyr. Her bir ýurduň geljegini onuň ylym-bilimli, sowatly ýaşlary bilen ölçerip bolýar. Şeýle ýaşlary kemala getirmekde ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň eýelän orny diýseň uludyr. Çaga mekdepde okuwçy döwründe, ilki bilen, sowat, soňra bolsa bilim alýar. Orta mekdepde alan bilimlerini ýokary okuw mekdebinde kämilleşdirip, ähli zady ylmy esasda, ylmy tarapdan ö

Bilimler dünýäsinde

Ylham AGAÝEW,Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby: — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ajaýyp döwrümiziň talyby bolmak bagtynyň miýesser edendigine diýseň begenýärin. Talyp bolmak çagalyk döwrümiň, mekdep ýyllarymyň esasy arzuwlarynyň biridi. Bu günki gün şol arzuwym hasyl boldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki ajaýyp döwrümizde bagtyýar ýaş nesilleriň bilim almagy, hünär öwrenmegi, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmagy üçin ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär.

Çaga terbiýesinde ertekileriň ähmiýeti

Ertekiler türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Olar köplenç, «Bir bar eken, bir ýok eken» diýen jümle bilen başlanýar. Ertekilerde halkyň oý-pikiri, dünýägaraýşy, duýgy-düşünjeleri beýan edilýär. Şeýle-de bolsa, biz ertekileriň diňe terbiýeçilik ähmiýeti hakynda oýlanyp, olaryň matematika we beýleki dersleriň hem usuly çeşmesidigi hakynda seýrek pikir edýäris. Ertekileri başlangyç synplarda we çagalar baglarynda matematika sapaklaryny okatmakda giňden ulanmak mümkin. Uzak taryhyň dowamynda adamlar durmuşyň dürli ugurlary hakynda gürrüň berýän ertekileri döredip, dilden-dile geçirip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Ertekiler hiç haçan könelmeýär, olar ýönekeýligi we çuňňur pelsepesi bilen adamlara emosional täsir edýär. Ertekiler matematiki düşünjeleri ýönekeý, haýran galdyryjy hyýaly görnüşde görkezýär. Ertekileri diňlemek we okamak bilen, biz ertekidäki gahrymanlaryň başdan geçirmelerini we dürli ýagdaýlaryny hyýalymyzda janlandyrýarys, bolup geçýän wakalara syn edýäris we dürli ýagdaýlaryň sazlanyşygyny ýada salýarys.

Belent maksatlary nazarlap

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr. Türkmen ýaşlarynyň döwrebap ylym-bilimli bolmagyny gazanmak döwletimiziň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. Aýratyn-da, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara, sanly bilime we sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilmegi öňegidişligiň gazanylmagyny has-da işjeňleşdirdi.

Bizem talyp bolduk

Jahan AZATGELDIÝEWA,Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby: ― Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher barada kän okasam hem, eşitsem hem, şäheriň gözelliklerini «mawy ýaýlymdyr» gazet-žurnallardaky suratlarda synlasam hem, ykbalym, hünär ýolum bu şäher bilen bagly bolar öýdüp pikir etmeýärdim. Ýöne şäherde meşhur seýis Aba Annaýewiň adyny buýsanç bilen göterýän Halkara atçylyk akademiýasynyň açylandygy baradaky habary eşidenimden, bu ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak höwesi oýandy. Şeýlelikde, orta mekdebiň gutardyş synpyny hut şu akademiýada okamak arzuwy we bu arzuwymy amal etmek üçin taýýarlyk bilen geçirdim. Bu gün bolsa men söýgüli bilim ojagymda talyplyk dünýäsine gadam goýýaryn.