"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ýaş alymlaryň döredijilik sergisi

Ýakynda ýokary okuw mekdebimizde sanly bilim ulgamyny durmuşa geçirmekde innowasiýanyň we döwrebap bilimiň önümçilikdäki sazlaşygyny açyp görkezmek, ýaş alymlaryň täze işläp düzen taslamalarynyň aýratynlyklaryny gözden geçirmek, olary tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çekmek, täze döredilen işleri höweslendirmek maksady bilen “Ýaş alymlaryň sanly ylym ulgamdaky gazananlary” atly ýörite sergi guraldy. Onda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda ýaş alymlaryň innowasiýa babatdaky täze başlangyçlary, oýlap tapan ylmy taslamalary, işläp düzen kompýuter maksatnamalary giňden ýaýbaňlandyryldy. Professor-mugallymlaryň we ylmy hünärmenleriň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebimiziň binýadynda hereket edýän ýaş alymlar merkezinde, ylmy tejribehanalarda, şeýle-de “Sanly Çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýetinde ýerine ýetirilen taslamalaryň maksady ýurdumyzyň medeni, syýasy, ykdysady üstünliklerini ýokarlandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş mümkinçiliklerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Olaryň arasynda okuw maksatlary bilen döredilen programmalaryň we bilim portallaryna niýetlenen täze taslamalaryň bolmagy bellärliklidir.

Okuwçylarda çalt we ýatdan hasaplamak endigini ösdürmek

Häzirki wagtda ýurdumyzda matematikany okatmakda okuwçylaryň işjeňligini, bilimleri özbaşdak ele almagyny, döredijilikli işlemegini gazanmak, okatmakda dersara baglanyşyga üns bermek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Okuwçylara matematika sapaklarynda okatmagyň işjeň usullaryny guramak üçin zerur bolan matematiki mazmunly oýunlardan, matematiki diktantlardan matematiki mazmunly matallardan peýdalanmak zerurdyr. Okuwçylara gyzyklanma sapagynda çalt we ýatdan hasaplamagy, mysallaryň çözülişini öwretmek olaryň derse bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.

Mekdepde synp sagatlarynyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Gündiziň ýagtylygy üçin Günüň, gijäniň görki üçin Aýyň, topragyň sahawatlylygy üçin suwuň nähili gymmaty bar bolsa, ynsan hem-de ýurt ykbaly üçin hem ylmyň gymmaty çäksizdir. Ylym biziň ähli ösüşlerimiziň badalgasydyr, eşretli we bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşydyr» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek bilen, mugallymlar, synp ýolbaşçylary okadýan dersiniň aýratynlygyny nazara alyp, okuwçylary döwrebap okatmagy we terbiýelemegi başarmalydyrlar. Okuwçylara döwrebap bilim bermekde okatmagyň netijeli, işjeň usullaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan we häzirki zaman tehniki serişdelerinden peýdalanylmalydyr, okuwçylaryň synpdan we mekdepden daşary geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmagy gazanylmalydyr. Ýolbaşçylyk edýän synpyndaky okuwçylarynda başarnyklary kemala getirmegi terbiýelemek bilim işgäriniň borjudyr.

Edebiýat sapagynda çeper eserleriň derňewi

Edebiýat sapagy okuw-terbiýeçilik işiniň ähli döwürlerinde-de örän wajyplygy bilen tapawutlanýar. Edebiýat — bu çaganyň aňyny kemala getiriji, pikirleniş ukybyny ösdüriji sapakdyr. Okuw işiniň ähli etaplarynda aňlamak, duýmak, syzmak, düşünmek, ýat tutmak ýaly işler alnyp barylýar. Şol sebäpden edebiýaty ylmy taýdan öwrenmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şu zerurlygyň ilkinji ädimleri hökmünde edebiýat nazaryýetinden bölekler girizildi. Olar synplar boýunça toparlara bölünip, her bir edebiýat nazaryýeti geçilýän temasyna görä we çaganyň kabul ediş mümkinçiligine görä okuw kitabynda ýerleşdirildi. Bu bolsa öz gezeginde okuwçylaryň edebi eserleri özbaşdak derňemek işine itergi berdi. Bilşimiz ýaly, edebiýatyň üç sany sütüni bolup, olar: edebiýat nazaryýeti, edebiýatyň taryhy we edebiýatyň tankydy diýlip atlandyrylýar. Alymlaryň arasynda bularyň haýsysynyň iň ilkinjidigi baradaky, haýsysyny ilkinji öwrenmelidigi baradaky pikirler häli-häzirlerem dowam edýär. Edebiýat nazaryýetiniň arassa ylmy häsiýetini göz öňünde tutup, biz olary başgaça “edebi kesgitlemeler” diýibem atlandyryp bileris. Islendik zadyň adynda bolsa, onuň özi hakynda kem-käsleýin ýa-da doly maglumatlar saklanýandyr. Eger-de edebiýat nazaryýeti edebi kesgitlemeler toplumy bolsa, onda okuwçylara şolar barada maglumat bermek örän ýerlikli işdir. Munuň şeýledigini mugallymçylyk tejribesindäki edebi derňew sapaklary hem sub

Aýdyň maksatly ýaşlar

Ýurdumyzda jemgyýetimiziň esasy hereketlendiriji güýji we röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony ýerine ýetirmek boýunça degişli Meýilnamanyň kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu resminamalar ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller hakyndaky aladanyň döwletiň üns merkezinde durýandygyny, onuň barha rowaçlanýandygyny we pugtalanýandygyny äşgär edýär. Mälim bolşy ýaly, kabul edilen täze resminamalar berkarar türkmen jemgyýetiniň bagtyýar nesillerini ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň esasynda milli ruhda terbiýelemegi dowam etdirmäge ýardam berer. Ol ylymly-bilimli we giň dünýägaraýyşly, zähmete ukyply, sagdyn bedenli, belent ruhly ýaşlary ösdürip ýetişdirmegiň hukuk üpjünçiligini kepillendirmek bilen bir hatarda, türkmen ýaşlarynyň geljekki ykbaly üçin ýokary ähmiýete eýedir. Maksatnama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» we «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Munuň özi resminamanyň hukuk binýadynyň pugtadygyny we ony ýerine ýetirmekde durmuşa ge

Iňlis dilinde ugur soramak we salgy bermek

Isle, okuw maksatly ýa-da iş maksatly, ýa bolmasa dynç alyş maksady bilen daşary ýurtlara gidileninde, nätanyş şäherde isleýän ýeriňe azaşman barmak üçin ugur soramak zerurlygy köp ýüze çykýar. Ugur soralanda dogry sözleri ulanyp, diýjek zadyňy düşündirip bilseň, onda salgy berýän kişi hem kynçylyk çekmän sizi şol tarapa gönükdirer. Geliň onda, «Az salym iňlis dili» bölüminiň bu sanynda ugur soramak we salgy bermek üçin zerur aňlatmalary öwreneliň! 1. How can I get to?..

Sanly tehnologiýalar bilim gurşawynda

«Türkmenistan  —  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ýurdumyzda ylmy esasda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegi we ony sanlylaşdyrmagy amala aşyrmak boýunça giňişleýin işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň her ýyl birinji synpa okuwa barýan çagalara kompýuter sowgat bermegi hem, çagalaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp bilmegi üçin esas bolup durýar. Bilimde sanly tehnologiýalar olara esaslanýan häzirki zaman bilim gurşawyny döretmegiň usulydyr. Sanly tehnologiýalar ägirt uly tizlik bilen kämilleşýärler. Tejribeleriň görkezişi ýaly, döwrebap mekdebi maglumat tehnologiýalaryndan üzňe göz öňüne getirmek kyn. Şonuň üçin hem birinji synpdan başlap, çagalara bilim almak üçin iş guraly hökmünde sanly tehnologiýalary ulanmagy öwretmeli. Bu işde başlangyç synp mugallymlarynyň esasy wezipesi okamagy, ýazmagy, hasaplamagy öwretmek bilen bir hatarda, okuwçylaryň öwrenmäge we döredijilige gyzyklanmasyny kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin okuw işinde maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmaly bolýar. Sapakda we sapakdan daşary işlerde multimediýa serişdelerini, wideo-prezentasiýalary, ýörite öwrediji maksatnamalary ulanmak, okuwçylary bäsleşiklere gatnaşdyrmak okuw işi

«Ýylyň mugallymy — 2021»

BILIMIŇ HEM ZEHINIŇ BÄSLEŞIGI Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ösdürmek, okuw maksatnamalaryny we ylmy-usulyýet ugurlaryny kämilleşdirmek babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, «Ýylyň mugallymy» bäsleşigini her ýyl geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Berkarar Watana buýsançly ýaşlar

TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilen bilelikde 19-njy orta mekdepde «Berkarar döwletde bagtyýar ýaşlar» atly maslahat geçirdi. Ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralyp, mertebesiniň belent tutulýandygy, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilýändigi dogrusynda gürrüň etdiler. Ata Watanymyzda ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Halkymyzyň, ýaşlaryň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Terbiýe — borç

Kaýum TAŇRYGULYÝEW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Sanlar(Sanawaç)

Terbiýe mekdebi Hormatly Prezidentimiziň romanlarynda zähmet terbiýesi

Hormatly Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan terbiýeçilik ähmiýetli «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlary milli terbiýäniň ähli ugurlaryny özünde jemleýän kämil eserlerdir. Hormatly Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň döwrebap ylym-bilim almaklary, ökde hünärmenler bolup ýetişip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar ýurdumyzda ýaşlara milli ruhda terbiýe bermekde iň täsirli ugurlaryň biri bolan çeper edebiýatyň terbiýeçilik güýji, täsiri örän uludyr. Sebäbi her bir çeper eseriň öňünde okyjylaryň ruhy dünýäsine täsir edip, olary belent maksatlara ruhlandyrmak, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetlere, gowulyga tarap özgertmek duransoň, terbiýe meselesinde-de çeper edebiýat esasy hyzmaty ýerine ýetirýär.

Ýaşlaryň bagtyýarlygy ugrunda

Gahryman Arkadagymyz: «Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmegi, täze tehnologiýalardan baş alyp çykýan ökde hünärmenler bolup ýetişmegi babatdaky aladalaryna 8-nji fewralda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak, bu syýasata laýyklykda, ýaşlaryň alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik işlerinde netijeli ulanmaklary üçin amatly şertleri döretmek, ýaşlarda dolandyryş, işewürlik we ekologiýa başlangyçlaryny ösdürmek hem-de ýaş maşgalalary goldamak syýasatyny dowam etmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen, „Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyl

Kämilligiň berk binýady

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyna hem aýratyn üns berilýär. Bu ugurda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly, kämil bolmaklaryna binýat bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň halk hojalygyna zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleriň, ylmy işgärleriň taýýarlanyşyny ýokarlandyrmak maksady bilen, orta mekdepleriň okuwçylarynyň taslama işlerine aýratyn ünsli çemeleşilýär.

Aýdyň maksatlar, netijeli işler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim ulgamynda döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, bilim işgärleri kämil nesli ýetişdirmekde ýadawsyz işleýärler. Okuwçylaryň bilimli, terbiýeli, berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiň mugallymlary yhlasly zähmet çekýärler. Biz ýakynda bu mekdepde bolup, onda bilim-terbiýeçilik işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdyk. Bilimi kämilleşdirmek ugrunda

Bilim bermegiň döwrebap ýollary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni, aýy şan-şöhrata, unudylmaz pursatlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklaryna maglumat tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy ykdysady, syýasy we durmuş ösüşini barha ilerledýär. Täze tehnologiýalar hem-de sanly ulgam häzirki wagtda iň bir esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzda innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly halkara maslahatlar, ylmy maslahatlar işjeň häsiýete eýe boldy.

Edebiýat sapagynda okuwçylara dessanlary öwretmek

Edebiýat sapagyndan okuwçylara dessanlar öwredilende, sapakda häzirki zaman usullaryny ulanmak oňat netije berýär. Okatmagyň döwrebap usullary okuwçylaryň ählisi üçin güýçýeterli bolup, öňde goýlan maksatlara ýetmäge kömek edýär. Olar berilýän maglumatlary çalt kabul edip, temalary gowy özleşdirýärler. Bu usullar okuwçylara oňaýly täsir edip, geçilýän sapaklaryň netijeliligini artdyrýar, olaryň özlerine bolan ynamlaryny ýokarlandyrýar. Edebiýat sapagynda edebiýaty öwrenmegiň ähmiýeti, edebiýat okuw dersiniň wezipeleri barada okadýan synpymyň okuwçylaryna düşündirmek arkaly sapaga başlaýaryn.

Sanly bilim ulgamy kämilleşdirilýär

Milli Liderimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bilim ulgamynyň ähli basgançaklary üçin döwrebap okuw meýilnamalaryny döretmek we olaryň many-mazmunyny yzygiderli kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň interaktiw usulyny işjeň ornaşdyrmak okuw-terbiýeçilik işinde maglumat-kommunikasiýa, multimediýa tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmak meselesini bilim işgärleriniň öňünde esasy wezipe edip goýdy. «Türkmenistanyň bilim edaralarynda ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, olary milli ýörelgeler hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek esasy orny eýeleýär.

Ösüşlere şamçyrag

Ata Watanymyzyň berkararlygyny, agzy-bir halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň köptaraply ösüşini gazanmakda milli bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynda milli bilim ulgamynyň işini hil taýdan halkara derejesine çykarmaga hemişe uly üns berýär. Şeýle giň gerimli işleriň netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli berkidilýär. Yzygiderli amala aşyrylýan işler Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesilleriň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge, saýlap alan hünärleri babatda bilimlerini artdyrmaga ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli işgärleriň täze neslini taýýarlamagy, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi bilim ulgamynda öňde durýan möhüm wezipeler hökmünde kesgitleýär. Şunda sanly bilim ulgamyny giňden ösdürmek örän wajypdyr. Häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilim berlişiniň hil derejesini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly okuw serişdeleriniň we enjamlarynyň mugallymlar hem-de okuwçylar üçin elýeterliligini gazanmak döwrümiziň bilim özgertmeleriniň nobatdaky tapgyryna öwrüldi.

Kämilligiň gözbaşy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, ylymly-bilimli, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, şertleriň döredilen ýurdudyr. Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu günki gün ýurdumyzda bilim ulgamy ösüşiň täze tapgyryna çykýar. Döwlet tarapyndan orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda zerur çäreler görülýär. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň çagalar baglarydyr orta mekdeplerinde dünýäniň ösen multimediýa enjamlarynyň, kompýuter tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy bagtyýar nesillerimiziň dünýä hil ülňülerine laýyklykda bilim almaklaryna uly itergi berýär. Şeýle bolansoň, bilim ulgamynda amala aşyrylýan işleriň oňyn netijesi bagtyýarlyk bilen gurşalan döwrümiziň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa göterjek, ösüşlerine mynasyp goşandyny goşjak nesiller kemala gelýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler bizi — terbiýeçileri çäksiz buýsandyrýar. Geljekde hem körpe nesle bilim-terbiýe bermekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Ýaş nesliň aladasy

Halkymyzda «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlen aýtgy ýörgünli. Çünki çagalarymyzyň edepli, terbiýeli bolmagy ähli zatdan zerur. Jemgyýetiň sagdynlygy ösüp gelýän ýaş nesle bagly. Ýaş nesil — Watanymyzyň daýanjy. Şeýle bolansoň, döwletiň hem-de jemgyýetiň öňe gitmeginiň berk binýatlarynyň biri milli ruhda döwrebap terbiýelenýän, ylymly-bilimli ýaş nesildir. Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň baý milli mirasymyza sarpa goýýan, maksada okgunly, ylymly-bilimli, ene-ata, il-güne, Watana wepaly nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.