"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Garaşsyzlyk zaly

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Filadelfiýa şäherinde ýerleşýän, 1753-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlen bina, ilki, döwlet dolandyryş merkezidi. Garaşsyzlyk Jarnamasy we ýurduň Konstitusiýasy kabul edilenden soňra bu bina «Garaşsyzlyk zaly» hökmünde ykrar edildi. Bina Garaşsyzlyk milli taryhy seýilgähiň merkezi hasaplanýar. 1979-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu bina özüniň täsin jaňly diňi bilen has-da meşhurdyr.

Jümle-jahan habarlary

Marsa syýahat dowam eder

“Turkish Airlines” strategik hyzmatdaşlyk arkaly TKCONNECT-iň gerimini giňeldýär

“Turkish Airlines” awiakompaniýasy öňdebaryjy kontent düzüjileriň topary bilen strategik hyzmatdaşlyk etmek arkaly TKCONNECT ekoulgamyny giňeldýändigini yglan etmek bilen NDC (New Distribution Capability) ölçeglerine laýyk gelýän paýlaýyş maksatnamasyny ösdürmekde möhüm ädim ätdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde awiakompaniýa “Travelfusion”, “Verteil”, “DRCT”, “Mystifly”, “Nuua”, “Nuflights” we “Theta” kompaniýalary bilen birleşdi. Munuň özi bronlamak işini gowulandyrmaga we müşderileri üpjün etmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berdi. Bu hyzmatdaşlyk arkaly “Turkish Airlines” hyzmatdaşlaryna öz giň ählumumy toruna we hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmegi meýilleşdirýär. Innowasion gural boljak TKCONNECT meýdançasy syýahatçylyk agentlerine şahsy ugurlary işläp taýýarlamaga, özüne çekiji teklipleri hödürlemäge we bronlamak işini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer. Netijede, bu müşderileriň kanagatlanmalaryny we ynamyny ýokarlandyrmaga getirer.

Täsin desga

Hytaý Halk Respublikasynyň Guangzhou şäherinde ýerleşýän, 2016-njy ýylda açylyp ulanylmaga berlen bina beýikligi boýunça dünýäde sekizinji ýerde durýar. Şäher bilen adybir maliýe merkeziniň beýikligi 530 metre barabardyr. «Gündogar diňi» diýen at bilen meşhur binada myhmanhana, söwda merkezleri, edaralar ýerleşýär. 116 gatdan ybarat binanyň gurluşygynda, esasan, aýna we mermer ulanylypdyr. Häzirki wagtda şäher ilatynyň we myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülen bu merkez ýurtda beýikligi boýunça üçünji ýerde durýar.

Merjen: Gadymy korallion daşy

Merjen daşyna, başgaça, «koral» hem diýilýär. Ol gadymy, gymmatbahaly daşlaryň biri hasaplanylýar. Bütin dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu daş deňiz polipleriniň ýaşaýyş ukyplylygynyň netijesinde emele gelýär. Polipler toparynyň ýyllarboýy deňiz suwunyň belli bir bölegini özüne siňdirmegi bilen, çökündiler emele gelip, olar koral, ýagny, merjen daşyna öwrülýär. Merjen daşynyň birnäçe görnüşleri bar. Olar: gülgüne, gök garamtyl gyzyl, ak we gyzyl tegmilleri bolan açyk gülgüne merjen, gawaý merjeni, koralyň iň ýönekeý görnüşi bolan ak merjenlerdir. Bu gymmatbahaly daş ýylda 1 santimetr ulalýar. Rowaýata görä, merjen daşynyň ady ýunan diliniň «korallion» diýen sözünden gelip çykypdyr. Bu sözüň manysy «deňizleriň ogly» diýmekligi aňladýar. Ýazuw çeşmelerinde «koral» sözüniň nemes diliniň «koralle» sözünden gelip çykandygy bellenilýär. Merjenler ýyly suwlarda tropik ýurtlarda kadaly ösmäge ukyplydyrlar. Tebigatda bu daşyň 6000 görnüşine duşmak bolýar. Şeýle-de merjen daşy daşky gurluşy boýunça agaç we ýelpewaç görnüşdedir. Merjenlerden, köplenç, her dürli monjuklar, şaý-sepler ýasalýar. Merjen daşyna, başgaça, «syýahatçylaryň daşy» hem diýilýär. Sebäbi irki döwürlerden bäri onuň adamy dürli betbagtçylyklardan, ýol azabyndan goraýandygyna ynanypdyrlar. Şeýle-de bu daş adamyň ýatkeşligini gowulandyrýar. Merjen daşy bedeniň saglygy, ruhy dünýämiziň özgermegi üçin-de peýdalydyr. Käbir halk

Jümle-jahan habarlary

Emeli aňly smartfonlar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täzelenen tertibini çap etdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 27-nji oktýabra çenli hereket etjek halkara uçuşlaryň täzelenen tertibini çap etdi. Bellenen döwre çenli milli awiakompaniýa dünýäniň iri 12 şäherine uçuşlary amala aşyrar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi. Täzelenen tertibe laýyklykda, Aşgabatdan dürli ýurda uçuşlar her hili ýygylykda ýerine ýetiriler:

«BEÝIK BINALAR GÖRNER...»

Dünýäde geň-taňlyklar kän. Olar bilen sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly gaýybana tanyşyp oturşyňa merdana halkymyzyň “Ýagşyny görmek – jennet” diýen pähimli sözi ýadyňa düşýär. Ganatly jümleleriň birinde hem “Gözellik gözlerde şöhlelenýär” diýilýär. Emma dünýädäki geň-enaýy binalary synlanyňda, öz gözleriňe ynanjagyňy-da bilmersiň, ynanmajagyňy-da. Kalbyňdaky duýgulary aňlatmak üçin, Magtymguly Pyragynyň “Ol gudrat işlere akyl haýrandyr” diýen setirlerini zybana getirip, özüňden bidin kelläňi ýaýkaberersiň. Bu ýagdaýda il içinde “Hany, onda iýeniň-içeniň özüňki, gören-eşideniňden habar ber!” diýlişi ýaly, dünýäniň geň-enaýy binalarynyň käbiri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

TARYHY ÝADYGÄRLIKLERE BAÝ MEKAN

Italiýa iň gadymy döwletleriň biri hasaplanylýar. Şeýle-de ol dünýä medeniýetine, ylmyň-bilimiň ösmegine önjeýli goşant goşan döwlet hökmünde hem giňden tanalýar. Munuň şeýledigini Italiýanyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärliklerdir binalary, birnäçe sungat eserleri doly tassyklaýar. BMG-niň düzümindäki ÝUNESKO-nyň sanawyna Italiýanyň 50-den gowrak ýadygärlikleri girýär. Italýan topragynda saklanyp galan bu arheologik we binagärlik ýadygärlikleri köp sanly syýahatçylara taryhy gyzykly wakalary gürrüň bermäge ukyplydyr. Kolizeý. Ilkinji nobatda dünýä jahankeşdeleriniň iň köp barýan ýerleriniň biri bolan Rim şäheriniň täsinlikleriniň hatarynda ozal guwlaryň hem uçmadyk kölüniň ýerinde gurlan Kolizeýiň adyny aýtmak gerek. Bu Rim şäheriniň meşhurlygy boýunça Watikandan soňky ikinji, syýahatçylygy boýunça hem birinji orunda durýan taryhy gymmatlygydyr.

Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça goşmaça howa gatnawlary ýola goýlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2024-nji 8-nji oktýabryndan Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça goşmaça awiagatnawlary amala aşyrar. Bu barada howa gatnawlarynyň baş agentligi habar berýär. «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti özüniň halkara gatnawlarynyň toruny berkitmegi dowam etdirmek bilen müşderilerine ýokary hilli we howpsuz hyzmatlary hödürleýär.

Garaşsyzlyk binalary

Zeminiň çar künjünde dürli döwletleriň ýurt Garaşsyzlygynyň şanyna dikilen binalar bar. Olaryň hersiniň özboluşly taryhynyň bolşy ýaly, gaýtalanmajak gözelligi hem göreni haýran edýär. Şolaryň käbiri barada gürrüň etmegi makul bildik. Garaşsyzlyk sütüni. Bu ýadygärlik Meksikanyň Garaşsyzlygynyň 100 ýyllygy mynasybetli 1910-njy ýylda Mehikonyň Paseo-de-la-Reforma şaýolunyň ugrunda bina edilýär. 36 metr beýikligi bolan ýadygärligiň dörtburç binýadynyň her çüňkünde kanuny, urşy, adalatlylygy we parahatçylygy aňladýan bürünç heýkeller ýerleşdirilipdir. Ýadygärlik sütüniň üstünde grekleriň Nika Hudaýynyň ýedi metrlik heýkeli bar.

Täsin myhmanhana

Dubaý şäherinde ýerleşýän suwasty myhmanhana özüniň ýokary amatlyklary bilen tapawutlanýar. 2014-nji ýylda gurlan bu bina «Suw diskusy» diýlip atlandyrylýar. Ýylyň ähli paslynda syýahatçylardyr myhmanlary güler ýüz bilen garşylaýan myhmanhanada 21 sany kaşaň otag we ajaýyp howuz ýerleşýär. Şeýle-de, bu ýerde dürli deňiz önümlerinden taýýarlanan tagamlary hödürleýän restoran hem-de sport toplumy bar. Suwuň astynda ýerleşýändigine garamazdan, ajaýyp tropiki howa gurşawy bu ýerde oňat dynç almaga we suwuň astyndaky täsinlikleri synlamaga mümkinçilik berýär. Otaglaryň yşyklandyrylyş aýratynlyklary we täsin aýna örtükleri deňizdäki iň kiçijik jandarlary hem synlamaga ýardam edýär.

Iň uly teleskop

Hytaý Halk Respublikasynda dünýäniň iň uly teleskopy ýerleşýär. Güni öwrenmek maksady bilen Tibet daglygynda gurlan «Daoçen Gün Radio» teleskopynyň gurluşygy 2022-nji ýylda tamamlandy. Teleskop diametri 3 kilometr bolan çäkde halka şekilli ýerleşdirilen 300-den gowrak antennadan ybarat. Geljek birnäçe ýylyň dowamynda bu desga arkaly Günde bolup geçýän hereketler has ýakyndan öwreniler. Şeýle teleskoplar Günüň üstünde bolup geçýän partlamalary öwrenmek üçin örän amatly. Soňky ýyllarda şunuň ýaly teleskoplaryň artmagy astronomiýa bilen gyzyklanýan alymlar üçin uly mümkinçilik döredýär.

Jümle-jahan habarlary

Uçýan ulaglar synag edildi

Paýtagtlylaryň guwanjy

«Parahatçylygyň we ylalaşygyň piramidasy» diýlip atlandyrylýan köşk Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde ýerleşýär. Dostlugyň, agzybirligiň we parahatçylygyň nyşanyny aňladýan bu döwrebap täsin bina Beýik Britaniýanyň meşhur binagäri Norman Fosteriň ýolbaşçylygynda gurulýar. Binanyň beýikligi 62 metre barabar bolup, tekiz ýerden 15 metr beýiklikde ýerleşýär. 2006-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda ilkinji gezek halk köpçüligi üçin gapysyny giňden açan bina, takmynan, 28 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Bina häzirki zaman opera teatryny, 1500 tomaşaça niýetlenen konsert zalyny, sergi zallaryny, galereýa we metbugat merkezini öz içine alýar.

Jümle-jahan habarlary

Diňe wodorod ulanylar

«Turkish Airlines»: amatly syýahat üçin goşmaça hyzmatlary bronlaň

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy müşderilerine syýahatyň has amatly we şahsylaşdyrylan bolmagy üçin döredilen uçuşdan öňki we uçuşdan soňky hyzmatlaryň doly sanawy bilen tanyşmagy teklip edýär. Has anyk maglumatlar awiakompaniýanyň resmi saýtynda elýeterlidir. Teklip edilýän uçuşdan öňki hyzmatlaryň hatarynda uçaryň salonynda orun saýlamak, goşmaça goşlary tölemek mümkinçiligi, ýörite menýu sargyt etmek we hyzmat synpyny ýokarlandyrmak teklip edilýär. Bu hyzmatlaryň ählisi uçuşdan öň bronlamak üçin elýeterlidir.

Özbegistana 4,2 million daşary ýurtly jahankeşde syýahat etdi

Özbegistan 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda daşary ýurtly syýahatçylaryň 4,2 milliondan gowragyny kabul etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,3 göterim ýokarydyr. Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, ýurda iň köp syýahatçy Gyrgyz Respublikasyndan we Täjigistandan (ikisinden hem 1,2 milliondan syýahatçy) gelipdir. Bu ugurda üçünji orny Gazagystan (845,3 müň) eýeleýär. Şeýle-de sanawyň ilkinji bäşliginde Russiýa Federasiýasynyň (442,1 müň) we Türkmenistanyň (83,7 müň) hem ady bar.

Syýahatçylyk hyzmaty

Geljek ýylda Abu Dabiniň Zaýed halkara howa menzilinde syýahatçylara uçuş mahalynda pasportlaryny görkezmek zerurlygy aradan aýrylar. 2025-nji ýyla çenli Abu Dabiniň howa menzilindäki ähli howpsuzlyk barlag nokatlaryna emeli aň arkaly biometrik tassyklaýjy «Akylly syýahat» taslamasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Taslama ýerli hökümetiň berýän maglumatlaryna görä, syýahatçylary awtomatik tanamak we uçuşlaryny tassyklamak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Şahsyýet, raýatlyk, gümrük we port howpsuzlygy boýunça federal edarasynyň maglumat bazalaryna esaslanar. Täze tehnologiýanyň esasynda ähli petek we syýahat resminamalaryny barlamak üçin adaty barlag nokatlarda, takmynan, ýedi sekunt gerek boljakdygy bellenilýär.

Jümle jahan habarlary

Çalt zarýad berýän beket