"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Köňülleriň şahyry

Golaýda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrundaky Magtymguly Pyragynyň seýilgähinde Aşgabat şäher häkimliginiň, şeýle hem Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy — köňülleriň şahyry» atly ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Dabara bagşy-sazandalar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Gündogaryň beýik danasy, türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy çuň parasatly döredijiligi bilen türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyran akyldardyr. Şahyr edebi mirasy bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Magtymguly Pyragy diňe bir Gündogar edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldardyr. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň halkyna miras goýan umumadamzat ähmiýetli ruhy hazynasy milli medeniýetimiziň nury bolup şugla saçýar.

Medeniýet – köňül buýsanjymyz

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, milli medeniýetimiz hem barha uly ösüşlere eýe bolýar. Şanly ýylymyz turuwbaşdan milli medeniýetimize bagyşlanan çärelere, akyldar şahyrymyzyň watançylygy, asylly ýörelgeleri, ynsanperwerligi wasp edýän döredijiligini wagyz edýän maslahatlara beslendi. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem beýik akyldara bolan hormat-sarpasyny beýgeltdi. Bularyň hemmesi milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmasy bolup, her bir türkmenistanlyny ösüşleri wasp etmäge ruhlandyrýar. Şu şöhratly ýylda paýtagtymyzda akyldar şahyryň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu ajaýyp medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň we sungat ussatlarynyň heýkelleriniň ýerleşdirilendigini hem bellemek gerek. Bularyň hemmesi häzirki ajaýyp döwrümizde halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Medeniýet hakynda söz açanymyzda, ýene bir şanly wakany bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, dürli medeni çäreleriňdir ylmy maslahatlaryň ýokary derejede üstünliklere beslenýän dünýä nusgalyk Arkadag şäherimizde Medeniýet hepdeliginiň geçirilýändigi biziň her birimizi buýsandyrýar. Çünki ýylyň-ýylyna

Belent sepgitlere ýetilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işler barha rowaç alýar. Has takygy, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäheri “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. Şeýle-de, Aziýanyň Tennis Federasiýasy tarapyndan Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň “Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi” diýlip yglan edilmegi we bu barada degişli güwänamanyň gowşurylmagy sport ussatlary bilen birlikde türkmen halkyny hem diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Şeýle buýsandyryjy wakalar türkmen sportunyň ýylsaýyn ösüş-özgerişlere eýe bolýandygyny açyp görkezýär.

Medeniýet hepdeligine

Prezidentim bilen gülleýär Diýar Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alan medeniýet”, atly ajaýyp kitaby ýurdumyzda medeniýete, sungata aýratyn sarpa goýulýandygynyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde maddy we ruhy gymmatlyklar — adamzadyň beýik buýsanjy, müňýyllyklaryň dowamynda döreden paýhas hem gözellik genji hasaplanýan medeniýetimiz tirsegine galdy. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halkynyň ömrüne ömür goşýan, millet hökmünde ykrar etdirýän medeni gymmatlyklar milletiň joşgunly kalbynyň ýakut-merjen kimin Zemine nur-şuglasyny çaýýan altyn hazynadyr. Bu baýlyk dünýäniň syýasy, medeni-ruhy we ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan halkymyň Ýer ýüzünde millet hökmünde — türkmen halky hökmünde tanalmagynyň we hormatlanmagynyň esasydyr» diýmek bilen, milli medeniýetimiziň halkymyzyň durmuşyndaky wajyp ornuna uly baha berýär.

Milli medeniýet — halkymyzyň gymmatly mirasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar, alymlar, edebiýatçylar tarapyndan ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen parasatly sözlerinde milli medeniýetimiziň örän uly gymmatlykdygy aýdyň beýan edilýär. Halkyň döreden medeniýetine berlen bu kesgitleme medeniýete ylym-bilimleriň, terbiýeçilik işiniň bir çeşmesi hökmünde garamagyň täze mümkinçiliklerine ýol açdy. Şonuň esasynda hem döwletiň syýasy-jemgyýetçilik ulgamlarynyň ösüşinde medeniýetiň özboluşly, derwaýys orny ýüze çykdy. Medeniýet ulgamynyň ösüşi syýasatyň ähli ugurlarynda, ösüşiň tutuş mazmunynda uly ähmiýete eýe boldy.

Ussat halypanyň sarpasy

2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde jemgyýetimizde medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine, milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegine, onuň aýawly saklanyp, geljekki nesillere ýetirilmegine uly üns berilýär. Halkymyzyň uzak taryhynyň akymyndan gözbaş alan ruhy medeniýetimizde aýdymdyr sazlara uly ornuň degişlidigine kämil derejede döredilen mukamlarymyz hem doly şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ata Watanymyzda aýdym-saz sungatyna diýseň uly sarpa goýulýar. Milli medeniýetimiziň taryhy gelip çykyşy, onuň ösüş ýoly dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynda hem giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary bolsa bu günki günde sungata höwesli ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelgedir.

Şöhratly sungatyň taryhyndan

XIX asyr adamzada oýlap tapyjylygyň täsin miwesini — grammafon plastinkasyny peşgeş berdi. Nemes inženeri Emil Berlineriň oýlap tapan guraly häzirem saz öwrenijiler, etnograflar üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu guralyň türkmen saz sungatynyň taryhy ösüşine we saz mirasynyň aýawly saklanylmagyna hem goşandy az bolmandyr. Astrahandaky sazçylyk gimnaziýasynyň mugallymy I.Dobrowolski 1817-nji ýylda «Aziýa saz žurnaly» («Азиатский музыкальный журнал») atly neşirde ençeme halklaryň, şol sanda türkmen bagşylarynyň aýdym-sazlary barada makala ýerleşdiripdir.

Edebiýat agşamy geçirildi

14-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet — ynsan kalbynyň nury» atly edebiýat agşamy geçirildi. Onda döredijilik işgärleri bolan zehinli žurnalist, ýazyjy Döwrangeldi Agalyýew, Türkmenistanyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Enejan Orazmyradowa, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymlary çykyş edip, örän täsirli gürrüň berdiler.

Juwan köňülleriň ylhamy bilen

Öňňin paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp joşguny — 2024» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Dabaranyň başynda festiwala gatnaşyjy talyplar toparlaryny höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylaryna festiwaly guraýjylaryň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dünýä edebiýatynyň döwresi

«Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň arasynda pars edebiýatynyň altyn asyry hasaplanan XIV asyrda ýaşan, «Gündogaryň ussat lirigi» diýen mertebeli lakama eýe bolan eýranly şahyr Hafyz Şirazynyň heýkeliniň bolmagy mähriban watandaşlarymyzyň göwünlerini galkyndyrdy. Çünki pars edebiýatynyň nusgawy şahyry Hafyz Şirazy Magtymguly Pyragynyň halypalarynyň arasynda ady agzalýan ussatlaryň biridir.

Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi — 2024

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 2024-nji ýy­lyň 22 — 27-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu da­ba­ra­ly çä­rä ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­ýär­ler.

Belent sarpa

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Türk­me­niň be­ýik og­ly Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň se­tir­le­ri­ni okap, onuň dö­re­di­ji­li­gi­ne dü­şün­mek ýa­şa­ý­şyň syr­la­ry­na akyl ýe­tir­mek diý­mek­dir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň we­li­lik bi­len aý­dan se­tir­le­rin­den yl­ham alyp, onuň ru­hy dün­ýä­si­niň gym­ma­ty­na ara­laş­ma­ga ça­lyş­ýa­rys. Hormat­ly Pre­zi­den­ti­miziň bu ugur­da alyp bar­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri şahyryň paý­has dün­ýä­si­ni aç­ma­ga gö­nük­di­ri­­len­dir. Şol kämil ýö­rel­ge­ler dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ne hem uly ba­dal­ga ber­ýär.

Ko­reý me­de­ni­ýe­ti

«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024 Ko­reý me­de­ni­ýe­ti bir­nä­çe müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da ösüp, dün­ýä­de tä­sin­lik­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýan baý we ga­dy­my me­de­ni­ýet­le­riň bi­ri­dir. Ol asyr­la­ryň do­wa­myn­da öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny, sun­ga­ty­ny we ede­bi­ýa­ty­ny kä­mil­leş­di­rip­dir. Bu me­de­ni­ýe­tiň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny bir­nä­çe ugur­lar­da göz­den ge­çi­re­liň:

Her günümiz ýyllara barabar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ruhy başga, mazmuny üýtgeşik, gymmaty tapawutly. Çünki bu ýyl edilen her bir işde, her bir hereketde, aýdylan sözde beýik şahyrymyzyň paýy bar. Dogrusyny aýtsak, biziň bu ýylymyz 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabatda iş saparyny amala aşyran, paýtagtymyzyň günortasynda, gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň, şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanşan hem şol ýerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryny okap beren pursadyndan başlady diýsek, ýalňyş bolmaz. Her bir işde öňdengörüjilik ukyby bilen geljegi görüp bilýän Gahryman Arkadagymyz şol ýerde, şol pursatda geljek ýylyň adyny, ruhuny, mazmunyny hem belentligini kesgitläp bildi. Gahryman Arkadagymyzyň okap beren şygry şahyra bagyşlanyp, 300 ýylyň dowamynda döredilen ähli eserleriň naýbaşysy, iň ajaýyby boldy. Eser Magtymguly Pyragynyň derejesine laýyk geldi. Çünki Pyragy ýaly belent şahsyýetlere Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaly beýik ynsanlar doly we dogry düşünýärler hem düşündirip bilýärler.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Pyragyň huzurynda jem dünýäň akyldarlary,Her biri pähim-paýhas sözüň hyrydarlary.

Söz manysy

Galbir Häzir biz elek diýilse, gözenegi metaldan, gataňsy sintetiki süýümden edilen elekleri göz öňüne getirýäris. Ýöne Magtymgulynyň döwründe elekler gowy işlenen gönden-deriden hem edilipdir. Şonda künji, dary, gonak /dänesi ownujak azyklyk ekin/, un elemek üçin ulanylýan elekler elek, uşakgöz, künji elek, un elek kimin atlandyrylsa, bugdaý, arpa, jöwen, mäş eleýän elekler galbir ýa-da irigöz ýaly atlandyrylypdyr. Galbirler deriden, özem oda gyzdyrylan demir çiş bilen deşilip ýasalypdyr. Magtymguly atamyz, «Galbirde suw durmaz gözemek bilen» diýýän wagty gözi iri şol elegi göz öňünde tutýar.

Meniň çeken suratym — başlangyjy sungatyň

Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşik ýurdumyzyň ýaş suratkeşleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemledi. Hany, elimize dürli reňkli galamlary alyp, ak kagyzyň ýüzüne surat çekmäge başlalyň! Bu gezek ýönekeý bir adaty şekilleri däl-de, janly şekilleri janlandyrmaga çalşalyň! Belki-de, ol şekiller siziň ýeňiji bolmagyňyza, has dogrusy, ähli surat eserlerinden saýlanylyp alynmagyna getirer. Ynanaňyzokmy?! Onda synanyşyp göräýiň! Biler bolsaňyz, surat çekmek boýunça ýaş nesilleriň arasynda yglan edilen bäsleşige gatnaşyp, eýýäm bu ugurda öňe saýlanan zehinli jigilerimiziň bardygyny aýtsak, siz has-da haýran galarsyňyz! Haýran galmazça-da däl. Sebäbi olar eýýäm bäsleşigiň saýlama tapgyrlaryndan öňe saýlanyp, öz çeken suratlary bilen iň ýokary baha mynasyp bolmagy başardylar.

Çuwal bagşyny ýatlap...

Akdepe etrabynyň Andalyp şäher medeniýet merkezinde Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň doglan gününiň 135 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada halypa bagşynyň şägirtleri çykyş edip, Çuwal bagşynyň milli aýdym-saz sungatymyza goşan goşandy, ýerine ýetirijilik ussatlygy hakynda täsirli söhbet etdiler. Soňra onuň aýdan aýdymlaryny özboluşly ýerine ýetirip, tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar. Bu ýerde Sapyş Çerkezow adyndaky geňeşligiň Taryh muzeýiniň, Magtymguly Garlyýewiň öý-muzeýiniň, Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklaryň sergisi hem guraldy.

Täze spektakllar

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory G.Hallowow dramaturg G.Daňatarowyň «Maşgalam — baş galam» atly pýesasy esasynda spektakly sahnalaşdyrdy. Maşgala gymmatlyklary hakynda sahna dili arkaly gürrüň berýän spektaklda teatryň belli artistleri keşpleri ynandyryjy janlandyrdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndan ruhlanyp, teatryň döredijilik topary akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk ýyllary barada gürrüň berýän «Ajap eýýam» atly täze spektakly hem taýýarladylar. Teatryň artisti H.Batyrowyň edebi esasyny ýazan hem-de režissýorlyk eden spektaklynda dana Pyragynyň talyplyk döwri başdan geçirýän ruhy ahwallary çeper keşpler arkaly täsirli açylyp görkezilýär.

Zehin zehinden zyýada

12-nji iýun — Ylymlar gününde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Şeýle-de şol gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda her ýylda geçirilýän ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Biz hem ýeňiji bolan ýaşlara söz berýäris. Guwançmyrat AMANGELDIÝEW,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy: