Hemmämiziň borjumyz
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy mähriban ildeşlerimize ýerine ýetirmeli kadalar barada şulary maslahat berýär. Tebigata çykanyňda, ot ýakmak asla bolanok, munuň özi, aýratynam, ot-çöpli, bag-bakjaly ýerlerde uly ýangynlara getirip biler. Eger-de ot azda-kände ýakylan bolsa, soňuna çenli durup, onuň dogrudan-da öçendigine göz ýetirmeli. Ot ýakylan ýere gum sürüp, suw sepip, közüni mazaly öçürmeli. Çalgy ýagy ýa-da ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen esgileri, söndürilmedik çilim, otluçöp galyndysy, döwlen çüýşe ýa-da aýna bölekleri taşlansa, Günüň şöhleleriniň ugruny üýtgedip geçmegi zerarly, guran ot-çöpleriň gyzmagy netijesinde, oduň öz-özünden döremegine getirip bilýändigini unutmaly däldir.