Adam. Jemgyýet. Döwlet.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz ösüşiň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda giň möçberli maksatnamalar, möhüm özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu gün ýurdumyzyň ýeten durmuş-ykdysady sepgitleri, halkara ähmiýetli başlangyçlary dünýäde ykrar edilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi hem öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini aýan etmek, durmuşa geçirmek hem-de goramak üçin edara-kärhanalarda, guramalarda we okuw mekdeplerinde öz işlerini guramaçylykly alyp barýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan içeri we daşary syýasatyndan ugur alyp, «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyndan gelip çykýan wezipeleri halk köpçüligine wagyz etmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, ildeşlerimiziň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek maksatly birnäçe çäreleri, ýygnaklary, duşuşyklary yzygiderli we guramaçylykly geçirýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmak wezipeleriniň çäginde, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalarda, her bir