"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Aý­dym-sa­zyň aşy­gy

«Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýýän ilimiziň toý-baýramlaryny bezeýän bagşydyr sazandalarymyz, şahyrlarymyz Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen dowam edýän bu ýylymyzda hem uly joşgun bilen işleýär. Magtymguly Pyragynyň arzuw eden zamanasynda ýaşamak, işlemek — biz döredijilik işgärleri üçin hem uly bagtdyr. Çagalara bilim-terbiýe bermek, olaryň ak gunduz ýaly päk dünýäsine ýakyn bolmak kalbyňa täsin şatlyk bagyş edýär. Bütin ömrümi çagalara aýdymdyr saz öwretmäge bagyşladym. Aýdym-saz ykbalyma oňyn täsirini ýetirýär. «Yhlasa — myrat» diýýän halkymyz mamla. Yhlas bilen aýdymdyr saz öwredýän çagalarym etrapdyr, welaýat derejesinde geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna, medeni çärelere uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Ýörite geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Meni çagalaryň her bir üstünligi has-da joşgunly we jogapkärçilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Gü­lüň owa­dan

Ýur­du­myz­da zäh­met­sö­ýer ze­nan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­me­gi dä­be öw­rü­len «Gü­lüň owa­dan!» at­ly bäs­le­şi­giň meş­hur­ly­gy ýy­lyň-ýy­ly­na ar­typ, baý ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da bu bäs­le­şi­giň Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi, Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li to­pa­ry­nyň Sek­re­ta­ria­ty ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de yg­lan edil­me­gi oňa bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­dy. Mu­nuň şeý­le­di­gi bu öz­bo­luş­ly bäs­le­şi­giň Ahal we­la­ýat tap­gy­ry­nyň örän tä­sir­li we gy­zyk­ly geç­me­gin­de hem aý­dyň şöh­le­len­di. Änew şä­he­ri­niň Me­de­ni­ýet öýün­de ge­çen no­bat­da­ky bäs­le­şi­ge onuň et­rap tap­gyr­la­ryn­da öňe saý­la­nan ze­nan­lar gat­naş­mak bi­len, öz­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ren ne­pis iş­le­ri­niň ser­gi­si­ni gu­ra­dy­lar. Il­deş­le­ri­miz zäh­met­sö­ýer ze­nan­la­ryň ser­gide gör­ke­zen iş­le­ri­ni uly gy­zyk­lan­ma bi­len syn­la­dy­lar.

Ýan­gyn­dan ägä bo­la­lyň!

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ra­ýat­la­ryň bag­ty­ýar, asu­da dur­mu­şy, aba­dan­çy­ly­gy we sag­ly­gy ba­ra­da uly ala­da­lar edil­ýär. We­la­ýat Po­li­si­ýa mü­dir­li­gi­niň Ýan­gyn howp­suz­ly­gy bö­lü­mi­niň we­kil­le­ri bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­ri ilat ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat et­me­giň çä­gin­de il­deş­le­ri­mi­ze ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek bo­ýun­ça hem de­ger­li mas­la­hat­la­ry­ny ber­ýär­ler. Çün­ki ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni bil­mek, ony ber­jaý et­mek we ýan­gy­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak, kä­ri­ne we hü­nä­ri­ne ga­ra­maz­dan, her bir ada­myň bor­ju­dyr. Hä­zir­ki to­mus möw­sü­min­de ho­wa­nyň gyz­ma­gy we meý­dan ot­la­ry­nyň gu­ra­ma­gy se­bäp­li te­bi­gat­da ýan­gyn dö­re­mek how­py art­ýar. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, te­bi­ga­tyň gö­zel ýer­le­rin­de, to­kaý zo­lak­la­ryn­da, se­ýil­gäh­ler­de, öri meý­dan­lar­da açyk ot ýak­mak, sön­dü­ril­me­dik ot­lu­çö­pi taş­la­mak, uç­gun be­ri­ji­le­ri ulan­mak, çüý­şe gap­la­ry­ny, aý­na bö­le­jik­le­ri­ni taş­lap git­mek gadagandyr.

Lez­zet paý­la­ýan nyg­mat

Dün­ýä­de mil­li se­ne­na­ma döw­let baý­ra­my hök­mün­de gi­ri­zil­me­dik, em­ma halk­lar ara­syn­da uly şat­lyk-şa­ga­laň bi­len bel­len­ýän en­çe­me şan­ly se­ne­ler bar. Şo­la­ryň ara­syn­da Bü­tin­dün­ýä şo­ko­lad gü­ni uly ýaş­ly bol­sun ýa-da ki­çi, ta­pa­wu­dy ýok, äh­li adam­lar üçin şü­we­leň­li geç­ýän baý­ram­dyr. Lez­zet­li ta­gam­ly şo­ko­lad ça­ga­la­ryň-da, uly ýaş­ly adam­la­ryň-da iň ha­la­ýan nyg­ma­ty bo­lan­soň, onuň şa­ny­na bel­len­ýän baý­ra­myň da­ba­ra­la­ry­dyr çä­re­le­ri hem gö­wün­le­ri gal­kyn­dyr­ýar. Çün­ki bu da­ba­ra­lar­da şo­ko­lad, süý­jüdir kö­ke önüm­le­ri­niň, dat­ly şo­ko­lad­ly hem-de ka­kao go­şu­lan iç­gi­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri taý­ýar­la­nyp hal­ka hö­dür­len­ýär. El­bet­de, ag­zy­ny süý­jü­den adam­la­ryň mu­ňa be­gen­ji­niň çä­gi bol­ma­ýar. Şeý­le-de to­ma­şa et­mek is­le­ýän­ler üçin şo­ko­lad, süý­ji-kö­ke önüm­çi­li­gi­ni alyp bar­ýan kär­ha­na­la­ra ge­ze­lenç­ler gu­ral­ýar. Bü­tin­dün­ýä şo­ko­lad gü­ni il­kin­ji ge­zek 1995-nji ýy­lyň 11-nji iýu­lyn­da Fran­si­ýa­da ge­çi­ril­ýär. Ýö­ne bu şan­ly se­nä­niň kä­bir ýurt­lar­da baş­ga gün­ler­de, ýag­ny 7-nji iýul­da, 13-nji sent­ýabr­da ge­çi­ril­ýän ýag­da­ýy hem bar. Wag­tyň geç­me­gi bi­len, bu baý­ra­my bel­le­mek dä­bi beý­le­ki döw­let­ler ta­ra­pyn­dan hem ma­kul­la­nyp, onuň ge­ri­mi has gi­ňe­ýär. Ger­ma­ni­ýa, Şweý­sa­ri­ýa, Ita­li­ýa, Rus­si­ýa, Is­lan­di­ýa,

Belent maksatlar rowaçlanýar

Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Olaryň bu şadyýan möwsümini manyly geçirmekleri üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bar bolan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde doly şertler we mümkinçilikler döredilendir. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýleki çagalar bilen bilelikde, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň hem tomusky dynç alyş möwsümini manyly geçirmeklerine aýratyn üns berýär. Has takygy, geçen hepdäniň şenbe güni Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara edermen gallaçy daýhanlarymyzyň bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý edip, gazanan zähmet ýeňşi mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Bu şatlykly, ýatdan çykmajak waka çagalaryň kalbynda hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk we alkyş duýgularyny döretdi.

Bagtyýar çagalaryň şadyýanlygy

Çagalar geljegimizi ýagtyldýar, nurlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, gazanylýan ösüşler, üstünlikler ýaş nesliň ýagty geljeginiň bähbidine gönükdirilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde döwrebap dynç almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. Awazada, Gökderede we welaýat merkezlerinde gurlan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly we manyly geçirýär. Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilip, amala aşyrylýan giň göwrümli çäreler ruhy taýdan baý, berk bedenli nesli kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki ýaş nesliň öňünde geljekde Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşant goşmak wezipesi durýar.

Hukuk düşünjeleri artdyrylýar

Ýurdumyzda ykdysady, maşgala, hojalyk we beýleki gatnaşyklara degişli halkyň milli ruhundan ugur alýan kämil kanunlar kabul edilýär. Adamyň esasy gymmatlyk hökmünde öňe sürülýän ýurdumyzda kabul edilýän kanunlar raýatlaryň erkin ýaşamagy, döretmegi, erkin ýuridik taraplary döredip, ýurduň ykdysadyýetine goşant goşmagyna oňaýly şert döretmek baradaky talaplardan ugur alýar. Garaşsyz ýurdumyzda her bir kabul edilýän kanun raýatlaryň bähbidine gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň öňünde iňňän uly wezipeleri goýýar. Şunda diňe bir hereket edýän kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak ýeterlik däldir. Raýatlaryň  hukuk düşünjeliligini artdyrmak, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak babatda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurduň her bir raýatynyň döwletiň kabul edýän kanunlaryna bolan hormaty watançylyk duýgusyndan gözbaş alýar. Watany söýýän her bir raýat onuň kanunlaryny hormatlaman bilmeýär.

Ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi

Türkmenabat şäher häkimliginiň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň arasynda döredilen ýaş ýangyn söndüriş toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat ediji bäsleşik geçirildi. Ony biziň bölümimiz bilen welaýat baş bilim müdirligi, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar. Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn, geljekki durmuşa taýýar, düşünjeli şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edýär. Öňde goýulýan belent talaplardan ugur alyp, orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek hem-de olaryň ýangyn howpuna garşy göreşmek boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen degerli işler alnyp barylýar. Munuň üçin okuwçy ýaşlaryň arasynda ýangyn-amaly sporty giňden ýaýradylýar. Bu geçen bäsleşik ýaş ýangyn söndüriş toparlarynyň agzalarynyň taýýarlygyny ýokarlandyrmakda ähmiýetli boldy.

Bäsleşik geçirildi

Golaýda Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap geňeşiniň guramagynda etrapdaky 1-nji çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde orta mekdepleriň okuwçy gyzlarynyň arasynda «Datly tagamlar» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň maksady gyzlaryň ýaşlykdan türkmen milli tagamlary bilen giňden tanyşmaklaryny, olaryň taýýarlanyş usullaryny özboluşly öwrenmeklerini hem-de dynç alyş döwründe boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Emin agzalarynyň ses bermeginde ýeňijiler yglan edildi. Netijede, birinji orna etrapdaky 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Roza Azadowa, ikinji orna Aýnura Şakirjanowa, üçünji orna bolsa Arzuw Babamuradowa mynasyp boldy. Ýeňijilere Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Wagyz-nesihat çäreleri

Halal zähmetiň guwanjy TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň we etrabyň “Akýap” daýhan birleşiginiň bilelikde guramagynda “Halal zähmet bilen gazanylýan üstünlikler” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ady agzalan daýhan birleşiginiň edara jaýynda geçirilen bu çärä TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, şu daýhan birleşiginiň kärendeçileri we Gumgüzer geňeşligiň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Täze awtobus ugry işe girizildi: 72-lik belgili gatnaw «Awtokombinat — Awtomenzil» ugry boýunça hereket eder

Ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny, olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 2024-nji ýylyň 14-nji iýulyndan 72-nji «Awtokombinat — Awtomenzil» täze awtobus ugruny ýola goýdy. Bu awtobuslaryň «Awtokombinat» belleniş nokadyndan ugrap, Gündogar köçesi boýunça hereket edýändigini, şeýle hem hereketini Gurbansoltan eje şaýoly bilen Arçabil aýlaw ýoluna tarap dowam edip, Arçabil aýlaw ýoly bilen «Ak tam» bazaryna hem-de «Altyn asyr» Gündogar bazaryndan, A.Nyýazow şaýolynyň ugry bilen «Halkara awtomenzile» barýandygyny ýolagçylaryň dykgatyna ýetirýäris.

Guwandyryjy sepgitler, möhüm wezipeler

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny, öňde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmegiň meselelerine bagyşlanan pudaklaýyn maslahatlarda 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda gazanylan netijelere syn berlip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda döwletimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslarynyň berkidilmegine, ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleriniň üpjün edilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, şunda kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirip durmagyň zerurdygy nygtaldy.

Abadan durmuşyň goragynda

Häzirki döwürde ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, goýnunda gaýtalanmajak özboluşly biodürlüligi bolan gözel tebigata aýawly çemeleşmek boýunça maksatnamalaýyn we toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi, ekologik abadançylygy üpjün etmekde, gözel tebigatymyzy we onuň haýwanat dünýäsini gorap saklamakda hem-de bütin özboluşlylygy bilen geljek nesillere ýetirmekde ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmegi wajypdyr. Çünki ýangyn hadysasy tebigata, onuň haýwanat dünýäsine öwezini dolup bolmajak zeper ýetirip bilýär. Ilkidurmuş döwürlerinden bäri adamlar ot diýen hadysa düşünmek, oňa erk etmek ýaly tejribeleri özleşdirip, kämilleşdirip, onuň bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny häzirki görnüşe getiripdirler. Ýangyn hadysasy adamyň jany we saglygy, eýeçiligi, daşky gurşawyň abadançylygy babatda juda howpludygy sebäpli, özi babatda ýyllaryň dowamynda gazanylan tejribä hem-de döwrebap bilimlere daýanýan çemeleşmäni talap edýär.

Çeper elleriň hünäri

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan ýurdumyzyň çeper elli zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň Änew şäheriniň medeniýet öýünde guralan jemleýji tapgyryna welaýatyň dürli ýerlerinden çeper elli zenanlar gatnaşyp, türkmen milli keçesini taýýarlamakda, gadymy nagyşlary keçä salmakda ulanylýan usullar, keçe güllenilişi dogrusynda gürrüň berdiler. Olaryň keçe bilen baglanyşykly aýdan gyzykly maglumatlary, rowaýatlary, gazallary, aýdyşyklary çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde, ýaş nesle milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmakda bu gadymy senediň uly ähmiýeti bardyr. Emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä, Babadaýhan etrabyndan Ýazbibi Atageldiýewa birinji, Gökdepe etrabyndan Mähri Berdimuhamedowa ikinji, Tejen etrabyndan Jennet Wepaýewa üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çagalar hakyndaky alada

Golaýda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän we Gökderede dynç alýan Döwletliler köşgüniň çagalaryna edermen gallaçylaryň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Dabaralaryň dowamynda çagalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Olaryň sazlaşykly ösüşi we sagdyn bolmaklary ugrunda yzygiderli alada edilýändigi üçin lukman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Çagalara ýörite sowgatlaryň gowşurylmagy dabaranyň ýatda galyjy pursatlara beslenendigini görkezýär.

Nebitgaz toplumynda ýylyň alty aýynyň jemlerine garaldy

15-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde, yzygiderli ösdürmekde we bu ugurda iri taslamalary durmuşa geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil enjamlaryň, tehnikalaryň we innowasion tehnologiýalaryň ulgama ornaşdyrylýandygyny, şonuň netijesinde pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Sazanda obasyna sowlup ötüň! (Oçerk)

Daň bilen baga baryp, bilbil sesine gulaklaryny gandyrmak indi nijeme ýyl bäri onuň edähedine öwrülipdi. Özi oglanlykdan kitaphon bolansoň, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň: «Säher yhlas bilen saýranda guşlar, // Hiç kim diňlemese aglaýarmyşlar» diýen setirleri özi üçin ýazylan ýaly, bagyň içine howlugyberýär. Pah, daň ýeline şirin saz çalýan, baharda gülleriniň ysy müşki-anbar saçýan, tomusda, güýzde bişen miweleriniň ysy agzyňy suwardyberýän giden baglykda nagma kakýan guşlaryň owazam gulaga üýtgeşik degiberýär. Ah-ow, onsoňam öz ýetişdiren bagyňda perwaz urýan naşyja bilbilem, göwnüňe bolmasa, özüňki ýaly bolup dur. Honha, ertirlik çaýyny hem içmän, perzentleri Humaý, Ylham, Yhlas, Arzuw ylgaşlap gelýärler. Köňül telwaslaram kakalarynyň ýanynda durup, bilbil owazyny diňlemek. O ýan, bu ýan parran geçýän gaýçyguýruk garlawaçlaryň, birenaýy jürküldeşýän serçeleriň, «gur-gury» gulagyňda galýan gumrularyň... bileleşip, tutuş baga ýaýradýan «simfoniýasyny» diňlemek, terliginden ýaňa ýalpyl-ýalpyl edýän, gözüň düşeninden agzyňy suwardýan miwelerden lezzet almak, bu gün düýnküsinden has agralyp, şahasyndakyny göteribilmän, ýere baş egen agaçlara direg-tekge berýän pederine kömekleşmekdi... Şolary görende, Dädebaýyňam ýüregi joşuberýär. Gör-ä, perzentleriniň ony hakyda depderinde ýakymly ýatlama bolup galan günlere dolaýşyny! Diňe bir gadymy Sazanda oba

Çagalar — durmuşymyzyň gunça-gülleri

Mälim bolşy ýaly, çagalar barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden, ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň möhüm wezipeleriniň biridir.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş dabaralanýar

Geçen hepdede «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri, ýol hereketiniň howpsuzlygy, hukuk medeniýeti bilen bagly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa «Türkmengaz» DK-nyň «Nebit-gaz» gazetiniň, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň, «Taslama işleri», «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar», Nebitgaz toplumynyň senagat desgalarynyň maýa goýum we tehnologik taslamalaryny döwlet seljeriş müdirlikleriniň işgärleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili, polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halimow, Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň müdiri, polisiýanyň maýory Döwran Amanmyradow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew, «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň esasy hünärmeni Jepbar Annaşow dagy çykyş etdi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz gysga döwrüň içinde uly ösüşlere eýe boldy. Türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýeleýän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi babatynda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçir

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

«GUŞHANADAKY» OWAZLARYŇ KOLLAŽY ...Güwläp geçip gidýär maşynlar köçeden. Olaryň özleri ötüp gitseler-de, yzyna eýermeýän gohlarynyň bir bölegi açyk duran penjirämden kürsäp girýär. Ol girýän sesler özleri bilen daşarynyň sowugyndanam ep-esli alyp girýärler. Yzyndan gelýän başga-başga owazlara orun boşatmak üçin çykyp gidenlerinde bolsa, hyýallarymdanam bir ülşüni — ýetdik paýlaryny alyp gidýärler uzaklara. Geçmişe gidýäni haýsy, geljege gönügýäni haýsy. Olaryň tizligem sesiň tizligindenem çakganrak bolmaly-da, derrewem dolanyp gelýärler mas ýüklenip...