Haýyr-sahawatyň nusgasy
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen berkarar Diýarymyzda ýaşlaryň Watana wepaly, innowasiýa tehnologiýalardan baş çykarýan, beýik ösüşlerimize mynasyp goşant goşmaga ukyply şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan diňe bir Türkmenistanda däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem uly abraýa eýe bolan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy körpe nesil baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine çykarylandygynyň aýdyň mysalydyr. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleri hil taýdan täze derejä çykardy hem-de gerimini giňeltdi. Maksatnamada bellenilen çäreleriň çäklerinde, şol sanda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalaryň ösüşini üpjün etmek, olara inklýuziw bilim we terbiýe bermegiň has netijeli çemeleşmelerini peýdalanmak göz öňünde tutulandyr. Inklýuziw bilim umumy bilimiň ösüş derejesini alamatlandyrýar hem-de mümkinçiligi çäkli çagalar üçin bilimiň elýeterliliginiň üpjün edilm