Dünýäniň iň owadan şäherleri
Ýewropanyň şäherleri dünýäniň iň owadan şäherleriniň täze sanawynda ilkinji onlugyň dokuzysyny eýeleýär. Bu barada «Euronews» web saýty habar berýär. Sanaw müňlerçe ýyldan bäri binagärlikde tebigatyň gözelligini deňagramly, sazlaşykly ulanyp, altyn ölceg düzgünine laýyk gelýän binalaryň aýratynlygyna esaslanýar. Beýik Britaniýanyň «Online Mortgage Advisor» web sahypasy tarapyndan düzülen sanawyň ilkinji onlugyna Ýewropanyň paýtagtlarynyň ençemesi girýär. Eýsem, haýsy şäherlerde dünýäde iň özüne çekiji binalar bar? Wenesiýa egrem-bugram kanallary we eklektik binagärligi bilen ilkinji orny eýeleýär. Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, şäheriň binalarynyň 83 göteriminden gowragy ýokary ülňülere laýyk gelýär. Italiýanyň bu şäheriniň jahankeşdeleriň arasynda beýle meşhur bolmagy ýöne ýere däldir. Çünki 2023-nji ýylda 5,7 million adam bu şähere gelip görüpdir. Bu sanlaryň agdyklygyna görä, gadymy port şäheri bu ýyl jahankeşdeleriň sanyny çäklendirmek maksady bilen ilki syýahatçylyk salgydyny, ýakynda bolsa syýahatçylyk toparyna 25 adamdan köp bolmadyk çäklendirme girizdi.