"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Hrustalmy ýa-da kristal?

Hrustal bilen kristal sözleri rifma taýdan sazlaşýan himiki jisim hem bolsa, bu sözleriň aňladýan manylary aýry-aýrydyr. Hrustal sözüni jemgyýetiň arasynda köp eşidýäris. Sebäbi hrustaldan ýasalan önümler öýlerde, edara-binalarda, jemgyýetçilik merkezlerinde, dynç alyş ýerlerde bezeg hökmünde (suwenir) köp ulanylýar. Bu önüm ilkinji gezek Gresiýada ýüze çykypdyr. Gadymy döwürlerde hrustaldan ýasalan gap-gaçlardyr küýzeler, bulgurlar we beýleki önümler gymmat bahalardan satylypdyr. Hrustal düzüminde 24 göterim gurşun ýa-da bariý oksidini saklaýan aýnanyň ýörite görnüşidir. Gurşun oksidiniň goşulmagy aýnanyň refraktiw görkezijisini we içindäki ýagtylygyň ýaýramagyny, şeýle-de jisimiň plastiki häsiýetini ýokarlandyrýar. Bu bolsa islendik önüm ýasalanda oňa forma bermäge oňaýly mümkinçilik döredýär. Kristal ýa-da gaty kristal komponentleri ýokary tertipli mikroskopiki gurluşda ýerleşdirilip, ähli tarapa uzalyp gidýän kristal panjarany emele getirýän gaty jisimdir. Kristallary geometrik görnüşi bilen kesgitläp bolýar, adatça, aýratyn häsiýetli ugurlary bolan tekiz üstlerden durýar. Ýeri gelende belläp geçsek, kristallary öwrenýän ylma kristalografiýa diýilýär. Kristallaryň hrustaldan tapawutly ýeri ereme prosesine çalt uýgunlaşmagydyr. Çalt ereýän kristallara mysal üçin gar tozgalary we nahar duzuny mysal getirmek bolar. Gaty kristallara bolsa uly göwrümli buzlar, göwher, almaz ýal

Gazagystandan 4 restoran

Dünýäniň iň gowy restoranlarynyň we myhmanhanalarynyň sanawyny düzýän «La Liste» bu ýyl Gazagystandan 4 restorany dünýäniň iň gowy 1000 restoranynyň hataryna goşdy. Ol restoranlar şulardyr: «Uçgunjyk» (Almaty), «Auyl» (Almaty), «Qazaq Gourmet» (Astana) we «Selfie» (Astana).

HIÇ HAÇAN ÝEKE DOLANDYRMAŇ, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Ikinji düzgün

Eýnşteýniň 10 sany altyn ündewi

Biziň köpimiz kolumbiýaly meşhur ýazyjy Gabriel Garsia Markesiň ýogalmazdan ozal, goýup giden hoşlaşyk hatynda daş-töwerekden alan täsirlenmeleriniň ömrüne ýörelge, döretmäge ylham çeşmesi bolandygyny nygtaýşyny bilýäňizmi? Albert Eýnşteýniň goýup giden 10 sapagy-ündewi hem hut şu zeýillidir. Geliň, okap göreliň! «Men elmydama özümiň we durmuşymyň hemişe başga adamlaryň (goý, olar aramyzdan giden bolsun ýa-da käte duşuşyp duran bolaly, tapawudy ýok) işleridir pikirleri bilen baglanyşyklydygyna magat göz ýetirdim. Şonuň üçin hem men özümi näçe açdygymça, özümdäki pikirleridir täzelikleri bu dünýä bagyş edip bildigimçe, ýene-de özgelerden alan we alýan zatlaryma minnetdardyryn» diýýän belli alym özüniň miras goýan sapak-ündewlerini şeýle beýan edýär:

Mani ýa-da pul harplygy oýun ýaly usul arkaly üstünlige we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 17. MAMAM BILEN BABAM TÖWEKGELLIK ETMEK ISLEMEÝÄRLER

In­no­wa­si­on sport hep­de­li­gi

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li ta­lyp­lar we elekt­ron sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len bi­le­lik­de gur­a­mak­la­ryn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň Spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň kö­pu­gur­ly sport top­lu­myn­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da in­no­wa­si­on sport hep­de­li­gi geçiril­di. Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da spor­tuň he­re­ket­li we san­ly, şeý­le hem elekt­ron spor­ty gör­nüş­le­rin­den ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar gel­jek ýyl­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän «Gel­je­giň oýun­la­ry» at­ly hal­ka­ra ýa­ry­şy­nyň saý­la­ma tap­gyr­la­ryn­da çy­kyş et­jek ze­hin­li tür­gen­le­ri ýü­ze çy­kar­ma­ga ýar­dam eder. Bu ýa­ryş­la­ryň esa­sy we­zi­pe­si ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek­den, san­ly ul­ga­my ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­dir­mek­den, ýaş­la­ryň fi­zi­ki iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mek­den, bu ugur­da ze­hin­li tür­gen­le­ri ýü­ze çy­kar­mak­dan, san­ly sport bo­ýun­ça öza­ra tej­ri­be alyş­mak üçin müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek­den yba­rat­

Hal­ka ber­len peş­geş

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­myz ba­ky bag­ty­ýar­ly­gyň asu­da gu­ja­gyn­da, eş­ret­li dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gör­ýän gün­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýe­ne-de bir aja­ýyp ki­ta­by­ny türk­men hal­ky­na peş­geş ber­di. Ki­ta­byň şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zy, me­de­ni mi­ra­sy­my­zy, türk­men ede­bi­ýa­ty­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýan­dy­gy üçin oňa «Ha­ky­da göw­he­ri» di­ýip at goý­ma­gy we onuň il­kin­ji ne­şi­ri­ni Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymy­za iber­me­gi diýseň guwandyryjy waka öwrüldi. El­bet­de, «Ata kes­bi — og­la ha­lal» di­ýen pä­him­den ugur alan Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz pe­der ýo­lu­ny ähli ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän­di­gi­ni «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy», «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­tap­la­ryn­dan hem gör­mek bol­ýar.

Tä­ze ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň oky­jy­la­ra go­wuş­ma­gy şat­lyk­ly gün­le­riň şow­hu­ny­ny art­dyr­dy. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­kim­li­gin­de gu­ra­lan ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden­ler mu­nuň şeý­le­di­gi­ni buý­sanç bi­len nyg­ta­dy­lar. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly ki­ta­byň çap­dan çyk­ma­gy my­na­sy­bet­li Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zy gut­la­dy­lar hem-de asyl­ly dö­re­di­ji­lik işi üçin türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.

Fe­rens Puş­kaş adyn­da­ky baý­ra­ga da­laş­gär­ler

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Hal­ka­ra fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy (FI­FA) 2024-nji ýy­lyň iň go­wy pök­gü­si üçin Fe­rens Puş­kaş adyn­da­ky baý­ra­ga da­laş­gär tür­gen­le­riň sa­na­wy­ny çap et­di. Bu ba­ra­da FI­FA-nyň res­mi web sa­hy­pa­sy ha­bar ber­ýär. Ha­bar­da sa­na­wa gi­ren pök­gü­le­riň der­we­zä gi­ri­zi­len pur­sat­la­ry­nyň wi­deo­ýaz­gy­la­ry hem ýer­leş­di­ri­lip­dir.

Aý­dym-saz ha­kyn­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Aý­dym-saz ösüm­lik­le­ri jan­lan­dy­ryp bi­ler. Sül­le­rip bar­ýan gü­lüň ýa­nyn­da ýa­kym­ly­ja sa­zy açyp goý­sa­ňyz ol gö­zü­ňi­ziň öňün­de jan­la­nar, reň­ki­ne ge­ler.

Di­ňe ýa­gyş ha­kyn­da

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024

Gyşda wag­ty­ňy tä­sir­li ge­çir­mek üçin nä­me bi­len meş­gul­lan­ma­ly?

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Gyş pas­lyn­da wag­ty­ňy tä­sir­li ge­çir­mek üçin bir­nä­çe peý­da­ly maslahatlar bar. Şeý­le çyl­şy­rym­ly we so­wuk wagt­lar­da wag­ty­ňy peý­da­ly ge­çir­mek hem ru­hy, hem fi­zi­ki taý­dan sag­dyn bol­ma­ga kö­mek eder.

Saz we fit­nes

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Saz we fit­nes öza­ra bag­la­ny­şyk­ly we saz­la­şan iki dür­li meş­gul­la­nyş usu­ly­dyr. Şeý­le-de, bu iki­si sag­dyn dur­muş üçin aý­ra­tyn mö­hüm­dir, se­bä­bi olar di­ňe bir fi­zi­ki ýag­da­ýy go­wu­lan­dyr­mak bi­len çäk­len­män, ru­hy we psi­ho­lo­gi­ki taý­dan hem adam­lar üçin peý­da­ly­dyr. Sa­zyň we fi­zi­ki işjeň­lik­le­riň ara­syn­da öň­den gel­ýän gat­na­şyk­la­ryň ýok­du­gy­ny pi­kir et­mek bol­ýar, ýö­ne ola­ry bi­rik­dir­mek tä­sir­li we has oňat ne­ti­je­ler be­rip bi­ler. Biz häzir saz we fit­ne­siň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­gy we saz­la­şy­gy­ny öw­re­nip ge­çe­ris.

Dün­ýäniň ähli ene­-atalaryny oýlandyran mek­dep mü­di­ri­niň ha­ty

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Sin­ga­pur­da­ky mek­dep mü­di­ri okuw­çy­la­ryň ata-ene­le­ri­ne äh­li in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­ny oý­lan­dyr­ýan hat ýol­la­dy. On­da ýol­baş­çy, hatda, özdi­ýen­li ata-enä­niň kal­by­na ýol ta­pyp bil­jek örän mö­hüm ha­ky­kat­la­ry be­ýan edip­dir. All Sin­ga­po­re Stuff ne­şi­ri şol ha­ty hö­dür­le­ýär:

Se­ne­na­ma­da de­kabr

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 De­kabr aýy gyş pas­ly­nyň baş­lan­ýan wag­ty bo­lup, bu aýda türk­men hal­ky ýa­kym­ly wa­ka­la­ryň bir­nä­çe­si­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu aýyň için­de dür­li ýa­kym­ly duý­gu­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­da bir­nä­çe mö­hüm se­ne­ler bar. Şo­la­ryň ara­syn­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy aý­ra­tyn orun tut­ýar.

«Merdana nesil — 2024»: bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

7-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde «Merdana nesil — 2024» şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guraýan bu bäsleşigi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilip, oňa 3-5-nji synplarda okaýan kiçi ýaşly okuwçy oglanlarymyzyň 14-si gatnaşdylar. Olar ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen tapgyrlarynda öňdebaryjy orunlary eýelän ýaş zehinlerimizdir. Bäsleşik däp bolşy ýaly, üç şert esasynda geçirilip, şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi.

Şöhratly taryhyň beýany

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz häzirki wagtda uly ösüşleri bilen bütin dünýäde giňden tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty çuňňur paýhasa ýugrulandygy bilen uly üstünliklere eýe bolýar. Bagtyýar türkmen halkynyň ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerine, bütin dünýädäki belent abraýyna buýsanjy egsilmezdir. Ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilip halkymyza gowuşmagy watandaşlarymyzyň her biri üçin şatlykly waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň täze neşir edilen «Hakyda göwheri» atly kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza peşgeş berlen iň bir gymmatly sowgatlaryň biridir. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitap Milli Liderimiziň ajaýyp eserleri bilen birlikde diňe ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde uly gyzyklanma bilen okalýan kitaplaryň birine öwrüler.

Täze ýylda arzuwlar hasyl bolsun!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly taryhy ýylymyz tamamlanyp, täze 2025-nji ýyl ýetip gelýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Halkymyzyň «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen pähimi bar. Bu pähim — türkmen halkynyň ýürek owazy, arzuw-niýeti. Çünki türkmen halky elmydama pähim-paýhasa, agzybirlige, parasatlylyga daýanýan halk. Onuň ýüreginde elmydama parahat, agzybir, birek-birege ynanyşyp ýaşaşmak islegi möwç urýar.

“Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň täze sany

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-nazaryýet žurnalynyň 11-nji sany çapdan çykdy. Nobatdaky sanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçen möhüm wakalary, ýurdumyzyň döwlet strategiýalarynyň, halkara gatnaşyklarynyň esasy wezipelerini beýan edýän 20-ä golaý makala ýerleşdirilipdir. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmegiň meselelerine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Žurnalyň ilkinji makalasynda geçen ýylda türkmen halkynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygyny giňden baýram edendigi bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, ähli ulgamlarda 2023-nji ýylda gazanylan üstünliklere gysgaça syn berilýär. Žurnalyň 11-nji sany üçin ýörite taýýarlanylan seljerme häsiýetli makalada ýurdumyzyň içeri syýasatynyň baş maksatlary barada gürrüň berilýär. Onda getirilýän statistiki maglumatlar Watanymyzyň toplumlaýyn ösüşine, dünýä giňişliginde abraýynyň belende göterilmegine, ykdysady kuwwatyň berkidilmegine, türkmenistanlylaryň bagtyýar

Halk hakydasyna gymmatly peşgeş

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy halkymyzyň medeni durmuşynda örän ähmiýetli waka boldy. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinden, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik taglymatyndan söz açylýar. Türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berilýän bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza bagyş eden ýene bir ajaýyp peşgeşi boldy. Häzirki döwürde ylmyň günsaýyn ösüp-özgerip durmagy, täze taryhy çeşmeleriň, arheologiki tapyndylaryň ýüze çykarylmagy eziz Watanymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişini täzeden seljermegi talap edýär. Milli Liderimiz «Hakyda göwheri» atly kitabynda arheologlaryň toplan täze maglumatlarynyň hem-de daşary ýurtlardan getirilen golýazmalaryň esasynda türkmen taryhyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nukdaýnazaryndan täzeçe garaýyşlaryny beýan edýär, milli medeniýetimiz hakyndaky öňki kitaplarynda öňe süren pikirlerini kämilleşdirýär we baýlaşdyrýar.