"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Asyra ulaşan ömür

Dili senaly goja — Çagalyk ýyllarymyzda nämäniň nämedigine-hä anyk göz ýetirip bilmeýärdik welin, şol döwrüň gaty galagoply ýyllar bolandygyna soň-soňlar aň ýetirdik. Onuň yz ýanyndanam uruş diýen bir bela turdy. Men diýen erkek göbekliler Watan goragyna gitdiler. Soň olaryň gideninden gaýdyp geleni az boldy. Obada garry-gurtular, aýallar, çaga-çugalar galdy. Olaram gije-gündize parh goýman depesinden gum sowrup işleýärdiler. Şonda hem halkyň doýa garny doýmaýardy. Öý-öwzar, egin-eşik ýagdaýy hem gaty egbarlydy. Meniň ömrümiň ýigitlik döwri şol heýhatly ýyllara gabat geldi. Ýaşlyk ýelgini bilen sermest bolmaly çagym sähralarda, gyrlarda mal yzynda gezdim. Aňzakly gyşlarda hem uzakly gün süriniň yzynda selpäp, gijelerine dowarlaryň arasyna girip, bagçy goýnuň boýnuna dakan ýüpümizi elimize daňyp, öri meýdanynda gözümiziň awusyny alan wagtymyz köp boldy. Şonda bize sowugam, her hili kynçylyklaram kär etmeýän ýalydy. Bar pikirimiz-küýümiz özümize tabşyrylan işi abraý bilen ýerine ýetirmekdi, Watan öňündäki borjumyzy bitirmekdi. Kynçylyklara seretmezden mallarymyzy gyşdanam başybitin alyp çykardyk, owlak-guzy möwsümini hem göwnejaý geçirerdik. Ylaýym, ol kynçylykly döwrüň geçdigi bolsun. Ony gören biz bolaly, indiki nesiller hem häzirki eşretli zamanamyzyň gadyryny bilip ýaşasynlar!

Ýangyndan ägä boluň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýangynlaryň döremeginiň öňüni alyş işleriniň maksadalaýyk geçirilmegi üçin bu ugurdaky düzgünleri pugta berjaý etmegiň zerurdygyny ýatladýar. Senetçilik usulynda ýasalan gaz, elektrik enjamlaryny ulanmak, binadyr desgalaryň golaý ýerlerinde ot ýakmak, guran ot-çöpleri otlamaga ýol bermek, edaralaryň içindäki geçelgeleri dürli goşlardyr çig mallar bilen ýapmak talabalaýyk däldir.

Syýasy işjeňlik — döwrüň talaby

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň kanuny hukuklaryny berkitmekde ýadawsyz tagalla edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysaly boldy. Bu kanun jemgyýetimizde giň gatlagy emele getirýän kärdeşler arkalaşygyny döretmegiň, olaryň hereket etmeginiň guramaçylyk-hukuk esaslaryny, kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hukuklaryny, borçlaryny, iş berijiler bilen gatnaşygyny, ilkinji guramalaryň ygtyýarlyklaryny, kärdeşler arkalaşyklarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagyny we onuň işiniň kepilliklerini kesgitleýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi häzirki wagtda 7 sany etrap birleşmesini, 1219 sany ilkinji guramany, 167 238 agzany özüne birikdirýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalary, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri, taryhy maksatnamalary, kabul edilýän kararlary, hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ähli ulgamlarda, halk hojalygyny

Talyplyk bagty

Zehinli ýaşlara giň ýol Talyplyk bagtyna eýe bolmak täze taryhy eýýamyň bagtyýar ýaşlarynyň müňlerçesine miýesser etdi. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýip, bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, zehinli ýaşlaryň müňlerçesi özleriniň saýlan hünäri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girdiler. Şanly ýylda talyp bolan ýaşlarymyzyň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirýäris.

Eli süýji aşpez zenan

Çagalar üçin iýmit taýýarlamak işi bilen meşgullanmak aýratyn jogapkärçiligi, uly tejribäni, ýokary başarnygy talap edýär. Welaýatymyzda dili-de, eli-de süýji aşpezler az däl. Dänew etrabyndaky 24-nji çagalar bakja-bagynyň uly aşpezi Hatyra Çölliýewa hem şolaryň biri. Ol indi köp ýyldan bäri çagalaryň kadaly iýmitlenmegi ugrunda gujuryny-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekýär. agalar bagy diýlende, köpimiziň göz öňümize ilki bilen körpeler we olar bilen gönüden-göni iş alyp barýan terbiýeçilerdir enekeler gelýär. Emma ýaş nesliň kadaly ösmegini, olaryň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak hem ilkinji derejeli meseleleriň biridir. Ine, bu meselede çagalar baglarynyň aşpezleriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Hatyra gelnejäniň bitirýän işleri köplere görelde alarlyklydyr. Işjeň zenan öz işini kämil bilýär. Munuň şeýledigi onuň gündelik işini guraýşyndan hem mese-mälim görnüp dur. Tagamnamany möwsüme görä düzmek, çagalaryň sanyna görä gündelik iýmiti taýýarlamak, aşhananyň we iýmit ammarlarynyň arassaçylygyna berk gözegçilik etmek uly aşpeziň işiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Aşpez-konditer hünärli zenan wezipe borçlaryna laýyklykda naharlaryň wagtly-wagtynda taýýarlanylmagyny we toparlara paýlanylmagyny hem ünsden düşürmeýär. Şeýle-de ol körpeleriň gündelik iýmitiniň ýokumly we ter önümlerden bolmagy ugrunda ýakyndan aladalanýar. Şonda ussat aşpez gök-bakja önümleriniň, mi

Ak arzuwly ak ýollar

Ak arzuwlara beslenýän ak ýollar ynsany köňlünde beslän maksadyna ýetirýär. Magtymguly atamyzyň: «Yhlas bilen bir kämile gol beren,//Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz» diýip belleýşi ýaly, maňa hem çagalyk arzuwyma gowuşmak miýesser etdi. Mekdebe ýaňy gadam basan günlerimde okuwçylaryň ejeme: «Salam, mugallym!» diýip ýüzlenmekleri mende gaty uly täsir galdyrdy. Şol döwürde öz ýanymdan mugallym bolmagy arzuw edipdim.

Alkyş sözleri dillerde sena

Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik we jebislik Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ykjam taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan wagyz-nesihat çäreleri, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler yzygiderli guralýar.

Naýbaşy orunda halkyň bähbidi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine şu günler giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan bu işleriň gerimi ýokary wekilçilikli edaranyň jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ornuny açyp görkezýär. Halk Maslahatynyň her bir mejlisi demokratiýamyzyň milli däpleriniň döwrebap röwüşde dowam etdirilýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrülýär. Agzybir halkymyzyň bähbitlerini esasy orunda goýýan bu ýokary wekilçilikli edaranyň alyp barýan işleriniň çuňňur mazmunynda döwletiň we raýatyň gatnaşyklarynyň häzirki zaman dünýäsiniň ýokary talaplaryna esaslanmak arkaly, milli kanunçylyk ulgamynyň çäklerinde örän oýlanyşykly, döredijilikli, sazlaşykly ýola goýlandygyna doly göz ýetirmek bolýar. Şunda halkymyza mahsus ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ýol-ýörelgelerimiziň bu babatdaky umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy guwandyryjydyr.

Taryhy çözgütler kabul ediler

Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilýär. Şundan hem görnüşi ýaly, eziz Diýarymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan her bir adamyň raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Halkyň bähbitlerini araýan ýokary wekilçilikli edara bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy maksady hem döwlet bilen jemgyýeti sazlaşykly ösdürmekden, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary, raýatlaryň hukuklarynyň deň bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şol esasdan hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan dürli kärdäki raýatlar öz garaýyşlaryny, pikirlerini aýtmaga, halk bilen paýlaşmaga, maslahatlaşmaga uly mümkinçilige eýe bolýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýz paslynyň ilkinji aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşynda taryhy waka öwrüler. Onda kabul ediljek çözgütleriň bagtyýar raýatlarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirjekdigini, olaryň kalplaryny buýsanja beslejekdigini ynam bilen aýdyp bileris.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Golaýda şeýle at bilen TGM-niň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň şahsy düzümi bilen wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Çärede il sylagly ýaşuly Hanbaý Saparow, welaýat Polisiýa müdirliginden Näzik Ýusupowa, TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, Döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa, welaýat suwda halas ediş müdirliginiň başlygy Röwşen Dereşow dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzda ata Watany söýmek, ene topragyň her bir mukaddesligini gözüň göreji ýaly goramak, ýurduň asuda hem-de jemgyýetimiziň arassa bolmagy barada ýaşlaryň arasynda düşündirmek we wagyz etmek, kanunda göz öňünde tutulan jogapkärçilik dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Ygtybarly geljegiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş nesli, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýle başlangyçlardan ruhlanyp, ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek nobatdaky mejlisi hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Halk Maslahaty Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet bilen jemgyýetiň arasynda hyzmatdaşlygyň, jemgyýetiň jebisliginiň berk köprüsine öwrüldi. Döwletimizi

Görelde mekdebi

Häzirki wagtda gullugymyzyň Weteranlar geňeşiniň agzalary harby bölümlerde, şol sanda ilatly ýerlerden uzakda ýerleşýän serhet galalarynda bolup, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti, onuň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde alnyp barylýan taryhy işler barada harby gullukçylaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Halypa serkerdeleriň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mynasyp dowam etmeginde ýetilen sepgitler, ähli döwletler, hususan-da, serhetdeş ýurtlar bilen parahatçylykly gatnaşyklary has-da ösdürmekde alnyp barylýan işler barada berýän gürrüňleri harby gullukçylarda buýsançly tasir galdyrýar. Allamyrat ÝALKANOW, podpolkownik.

Ak ýollar mydama asuda bolsun!

Hormatly Prezidentimiziň: «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr» diýen sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli işlerde aýdyň subutnamasyna eýe bolýar. Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda ýokary guramaçylykda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem halkymyzyň abadan, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda döwlet derejesinde uly aladalaryň edilýändiginiň güwäsidir. Sebäbi ulag ýollarynda howpsuzlygy gazanmak raýatlaryň abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi barha kämilleşdirilip, awtomobil ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ulag ýollaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Döwrebap ýollarda hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmek bolsa ählihalk işi bolup, muňa biraýlygyň dowamynda guralýan çäreleriň ähli ulgamlary gurşap almagynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Ýatda galan täsin pursatlar

Tomus — çagalaryň iň arzyly pasly. Bu pasyl bagtyýar çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak şatlyk-şowhunly pursatlara baý boldy. Ýurdumyzyň iň bir gözel künjeklerinde ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri her ýyl bagtyýar nesillere gapylaryny giňden açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, merkezlerde olaryň wagtlaryny täsirli, şadyýan, göwnejaý geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilen. Şeýle-de körpe jigilerimiz dürli ugurlar boýunça hereket edýän gurnaklara gatnap, öz ukyp-başarnyklaryny, bilimlerini kämilleşdirdiler. Sergin howasy, tebigatynyň gözelligi bilen ünsüňi özüne çekýän Gökdere jülgesindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde körpe nesilleriň müňlerçesi dynç alyp, wagtlaryny gyzykly geçirdi. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň ähli ýerlerinde hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde geçirilýän dabaraly çäreleriň netijesinde hem görmek bolýar. Çagalaryň täsirli dynç almaklary üçin olaryň arasynda dürli görnüşli ýaryşlar, döredijilik hem-de zehin bäsleşikleri, sport we medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli guraldy. Ine, şeýle çäreleriň biri-de, ýakynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» atly çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirildi. Çäre TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşi tarapyndan

Geliň, ýaňyltmaç aýdalyň!

Uly bulaga uly gulakBent bolar.Kiçi bulaga kiçi gulakBent bolar.*  *  *Ejiz ejire ejiz,Kejir hemişe kejir.*  *  *Gulp gulp bolsa galp bolmaz,Gulp galp bolsa gulp bolmaz.*  *  *Düşdüş, düşbüje düşdüş,Düşüber, bişdi biş-düş.*  *  *Çakan çopan, Çakan çopan,Çölde çaýkel çokan çopan.

Ýaş kalbym aýdymdan doly

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler, gazanylýan ösüşler biziň — ýaş nesilleriň kalbynda hem egsilmez buýsanjy döredýär. Milli medeniýetimiz we sungatymyz hem ajaýyp zamanamyzda uly ösüşlere beslenýär. Sungata höwesli ýaş nesilleriň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçinem ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Çaga kalbymda dörän aýdymçy bolmak höwesi meni mundan iki ýyl ozal etrabymyzdaky çagalar sungat mekdebiniň işiginden getirdi. Şondan bäri bu sungat ojagynda halypalarymyň elinde sapak almak bilen, zehinimi, ukybymy ösdürýärin. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiklere gatnaşyp, aýdym aýtmakda öz ukyp-başarnygymy görkezdim. Diňe bir aýdymlary ýerine ýetirmekde däl-de, küşt depip, gazal aýtmakda hem kämilleşmäge çalyşýaryn.

Ilkinji haýwanat baglary

1150-nji ýylda hytaý imperatory tarapyndan döredilen ilkinji haýwanat bagynda dürli görnüşli haýwanlaryň, guşlaryň we balyklaryň ençemesi saklanypdyr. Haýwanat bagynyň köpçülik üçin däl-de, imperatoryň göwnüni açmak maksady bilen esaslandyrylandygyny hem-de bu ýerde haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň saklanandygyny bellemek gerek. 1774-nji ýylda Madridde, 1793-nji ýylda bolsa Parižde köpçülik üçin niýetlenen haýwanat baglary açylýar. Londonda ylmy derňew geçirmek maksady bilen, 1829-njy ýylda haýwanat bagy döredilýär. Bu janly muzeý 1847-nji ýylda bilesigelijiler üçin gapylaryny giňden açýar. Londonda suw jandarlarynyň täsin dünýäsini edil eliň aýasynda ýaly görkezýän akwarium 1853-nji ýyldan bäri köpçüligiň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Bu ýerde çagalar üçin niýetlenen haýwanat bagy 1938-nji ýylda açylýar.

Taýakzyňdy

(Türkmen milli oýny) Oýun gündizine bukular ýaly amatly ýerde ýa-da agşamlaryna Aý aýdyň wagtynda oýnalýar. Oýun üçin uzynlygy 40-50 santimetr bolan taýak gerek.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Tejen etrabyndaky 30-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň iş meýilnamasy esasynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik syýasy ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaşuly nesliň wekilleriniň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribämize daýanylýandygy bilen bagly täsirli gürrüň edildi.

Çagalar — röwşen geljegimiz

Berkarar Watanymyzda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan bagtyýar çagalar aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda ak mermerli paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda bu hakykat aýdyň duýuldy. Birnäçe günläp dowam eden halkara sergi-ýarmarkasynda häzirki zaman tehnologiýalaryna, innowasion önümlerine we hyzmatlaryna giň orun berilmegi, çagalaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda dürli harytlaryň hyzmatlarynyň görkezilmegi diňe ýaş nesli däl, eýsem ulus-ilimizi begendirdi. Çünki bu zatlaryň çagalaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde uly ähmiýeti bardyr. Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, medeni-dynç alyş seýilgähleri yzygiderli açylyp, ýaş nesliň ygtyýaryna berilýär. Täze okuw ýylynyň bosagasyndaky häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň işine giň gerim berlip, olarda okuwçylar üçin okuw esbaplarydyr harytlaryň, okuwçy egin-eşikleri elýeterli bahalardan hödürlenýär. Munuň özi hem ýaş nesil hakda edilýän aladalardan nyşandyr.