"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Hamallar üçin Täze ýylyň ilkinji ongünlügi gyzgalaňly geçer. Hünär-iş orunlarynda olar täze başlangyçlary öňe sürerler, işlerini batly depginlerde alyp bararlar. Hamallaryň öňünde hünär ugurlarynda kämilleşmek üçin giň mümkinçilikler açylar. Tejribeli hünärmenler bilen pikir alşyň. Hünär ugrunda ýörite edebiýatlary okaň.

Şatlyga besleýip ojak-öýleri, hoş gelipsiň, arzuwlaryň baýramy!

Welaýat merkezinde 2020-nji–— Türkmenistan —–Bitaraplygyň mekany ýylymyz bilen, hoşlaşyp ony taryha ugradyp, täze — 2021-nji —–Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny uly şatlyk-şowhun bilen garşylamak dabarasy boldy. Welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdança baýramçylyk röwşünde bezelip, Täze ýyl arçasynyň dürli reňkdäki yşyklary bu ýere gelenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Hemmeleriň, aýratyn-da çagalaryň uly söýgi bilen garşylaýan baýramy bolan Täze ýyl köňüllerde ruhubelentlik duýgusyny oýardy. Çünki, Täze ýyl — sowgatlaryň baýramy, Täze ýyl —–maşgala baýramy, Täze ýyl — süýji arzuwlaryň baýramy. Arçanyň dürli öwüşgindäki yşyklary şäher merkezine has-da üýtgeşik bezeg berdi. Baky bagtyýarlygyň senasy bolup ýaňlanýan aýdym-sazlar baýramçylyk dabarasyna şowhun çaýdy. Aýdymlarda parahat, asuda, eşretli, bagtyýar durmuşymyzyň, gözel Diýarymyzyň, Arkadag Prezidentimiziň waspy ýetirildi. Şeýle ýatdan çykmajak şatlyga beslenen pursatda Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda guralan teleköprä biziň ildeşlerimiz hem goşuldy. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Duşak Annagulyýew, şeýle-de, kalplary şatlykdan püre-pür baýramçylyk lybasyndaky ýaş nesillerimiz gözel Diýarymyza, her bir öýe bagt, şatlyk, gülki, rysgal-döwlet getirjek Täze ýyla bolan buýsanç duýgularyny, şeýle ajaýyp durmuş üçin Gahryman Arkadagymyza bolan çuňňur hoşallyklaryn

Belende galdyryp ýaşyl tugumy, garşylaýas täze dogan her güni

Täze —–2021-nji —–Türkmenistan — parahatçylyyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň ilkinji gününiň ir säherinde uly ruhubelentlige beslenen ildeşlerimiz welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasyna ýygnandylar. Bu ýere welaýat, etrap, şäher häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler. Täze ýylyň täze säherinde Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyz belentden ýaňlanyp, berkararlygyň, asudalygyň, baky bagtyň nyşany bolan ýaşyl Tugumyz al-asmana galdyryldy. Baky bagtyýarlygyň güwänamasy bolup, asuda asmanymyzda parlaýan ýaşyl Tugumyz bu ýere ýygnananlarda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Soňra welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Durdy Saparow baýramçylyk gutlaglaryny, bagtyýar durmuşa buýsançlaryny, Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler. Soňra bu ýerde belentden ýaňlanan aýdym-sazlar baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny artdyrdy.

Täze ýyl, rysgally gadamyň bilen Joşup geldiň, geç türkmeniň törüne!

Hoş geldiň Täze ýyl, Arkadagly Diýara!

Bagtyýar türkmen halky täze taryhy döwrüniň ýene-de bir şöhratly ýyly bilen hoşlaşdy. Tamamlanan, 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny milli ykdysadyýetiň we durmuşyň ähli ugurlary boýunça guwandyryjy netijelere beslän welaýatymyzyň bagtyýar ilaty Täze ýyly ýagşy arzuw-umytlar bilen garşy aldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen Täze ýylyň garşylanyş dabaralary bolsa, egsilmez ruhubelentlige beslendi. DÜÝN agşamara Täze, 2021-nji ýyly garşylamak mynasybetli welaýat derejesindäki esasy dabara Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu taryhy künjekde welaýatymyzyň Baş arçasy ýerleşýär.

Ajaýyp arzuwlaryň baýramy

Halkymyzyň taryhynda şanly wakalary bilen yz goýan 2020-nji ýylymyz tamamlanyp, ajaýyp arzuwlara beslenip, Täze — 2021-nji ýylymyz başlandy. Hut şu pursadyň özi, her birimiz üçin şatlykly, çünki bu gün Täze ýylyň ilkinji aýynyň ilkinji güni! Taryhyň şöhratly sahypalaryny bezeýän ýyllar beýik işleriň, asylly başlangyçlaryň ýyllar saýy dowam edip gelýändigi bilen baglanyşýar. Şu pursatda anyk mysallara ýüzlenip göreliň: 2019-njy ýyl «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany», 2020-nji ýyl bolsa «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylypdy. Bu şygarlardan ruhlanyp, eziz Watanymyzda we halkara derejesinde döwletli başlangyçlar durmuşa geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu Täze ýylymyz hem halkara derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak ýaly beýik maksatly hem-de köňüllere ganat berýän şygar bilen badalga aldy.

Çar tarapdan, çyn ýürekden

Resul MYRADOW.Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi: — Biziň agzybir, bagtyýar maşgalamyza-da paýtagtymyzyň täze ýaşaýyş jaýlaryndan 3 otagly döwrebap öýleriň birini almak bagty miýesser etdi. Bu şatlykly waka örän tolgundyryjy pursatlara beslenip, ýüreklerimize ýazyldy. Şol gün Gahryman Arkadagymyzyň hut özi öýümize gelip, bizi täze jaýa göçmegimiz mynasybetli gutlady. Ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy. Öýümizde döredilen döwrebap şertler, amatlyklar bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiziň ýürekdeş söhbetdeşligi bizi örän tolgundyrdy. Maşgala ojagymyza — öýümize Şa gadamynyň düşmegi başymyzy göge ýetiren iň bir ajaýyp waka bolup, hakydamyzdan orun aldy. Bu şatlykly wakany uly buýsanç hem tolgunmak bilen hemişe ýatlarys...

Bagtyýar ildeşlerimiziň arzuwlary

Mähriban halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir Täze ýylyny täze arzuwlar bilen garşylady. Tamamlanan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly dürli üstünliklere baý bolup, taryhymyzda we ildeşlerimiziň ykbalynda mynasyp orun eýeledi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet ähmiýetli tutumlara badalga berildi, il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirildi. 2020-nji ýylda ýurdumyzyň depginli ösüşlerine ukyp-başarnygy, görüm-göreldesi, päk zähmeti bilen mynasyp goşant goşan ildeşlerimiziň ençemesi döwlet baýraklaryna, sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp boldy. Biz hem şu pursatda şeýle bagtyýar ildeşlerimiziň baýramçylyk gutlaglaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.