"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 28-nji martda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu möwsüm ýurdumyzda milli demokratik däplere esaslanýan halk häkimiýetiniň köpderejeli ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüler. Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 6-njy fewralda dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyna halk wekili bolmaga has mynasyp dalaşgärler görkezilýär. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibine laýyklykda, syýasy partiýalar, raýat toparlary welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary bolan wekilleriniň üsti bilen, Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri hödürläp bilýärler.

Milli žurnalistika: halypa-şägirtlik ýörelgesini dowam etdirip

6-njy fewralda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän halypa we ýaş žurnalistleriň, şeýle-de ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak: döredijiligiň giň gözýetimleri» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda guralan duşuşykda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler, olaryň metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda şöhlelendirilişi, türkmen žurnalistikasynyň ösüşi we halypa-şägirtlik gatnaşyklary, öňde duran möhüm wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Dalaşgärlige hödürlenýärler

Şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüljek nobatdaky saýlawlara welaýatymyzda ýokary derejeli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Saýlawlara taýýarlygyň çäklerinde welaýatymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek çärelerine giň gerim berildi. ÖŇŇIN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek çäresi geçirildi. Oňa welaýat halk maslahatynyň agzalary, saýlaw toparlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular gatnaşdy.

Mermer şäher Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäniň iň gözel, ak mermerli binalara beslenen ajaýyp şäherleriniň biri hökmünde giňden meşhurdyr. Paýtagtymyz Aşgabat watandaşlarymyzyň, şol sanda ýurdumyza gelýän myhmanlaryň, syýahatçylaryň ýüregine ylham berýär. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň ak şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny dabaralara besläp belläp geçmek barada aýtmagy göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik paýhasynyň ajaýyp miwesi bolan paýtagtymyzda ýaşaýyş toplumlaryny tapgyrma-tapgyr gurmak kada öwrüldi. Aşgabady gurmagyň tapgyrlarynda açylyp, ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň hatarynda dürli ulgamlarda işleýän ildeşlerimize niýetlenen jaýlaryň hem bolmagy ýurdumyzda islendik hünäriň, islendik zähmet ugrunyň sarpalydygyny, halal zähmet çekýän adamynyň mertebesiniň belent tutulýandygyny aňladýar.

Bagtyýar durmuşymyzyň goşa ganaty

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. «Parahatçylyk we ynanyşmak — bagtyýar durmuşymyzyň goşa ganaty» atly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilelikde guradylar. Oňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň ýolbaşçylarydyr jogapkär işgärleri, işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar. Dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Resul Işangulyýew açyp, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de ýylyň şygarynyň halkymyzyň milli ýörelgelerine, taryhy we medeni dessurlaryna gabat gelýändigini guwanç bilen belledi. Onuň aýdyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle bolansoň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ajaýyp ýörelgeler parahatçylyk dörediji döwletimiziň okgunly ösüşiniň esasyny düzýär.

Dag astyndaky gudrat

Köwata ýerasty kölüniň ýüze çykyşy bilen baglanyşykly halk arasynda dürli rowaýatlar bar. Gadym döwürlerde Arçman atanyň golaýynda mal bakyp ýören çopanlaryň biri çeşmäniň boýunda gamyşdan ýasan dilli tüýdügini çalmakçy bolanda, ony suwa gaçyrypdyr, ol tüýdük çeşme bilen akyp, Köwatanyň suwundan çykypdyr. Bu bolsa, ýerasty suwlaryň dagyň aşagyndaky köl bilen özara birleşýändigini aňladýar. Güneşli ýurdumyzda biziň günlerimize çenli saklanyp galan taryhy ýadygärliklerdir gadymy galalar, kerwensaraýlardyr dürli täsin ýerler diýseň kän. Şolaryň biri-de, Köpetdagyň äpet gowagynda ýerleşen Köwata ýerasty kölüdir. Bu köl täsinligi bilen göreniň ünsüni özüne çekýär. Onuň ini 14 metrden 23 metre barabardyr. Iň çuň ýeri 16 metre ýetýär. Suwunyň ýylylygy hemişe bir tabyny saklap, 35-37 derejeden geçmeýär. Gyş paslydygyna garamazdan, onuň suwuna girse bolýar. Suwy adam bedeni üçin diýseň ýaramly. Alymlar bu ýerasty kölüň suwunyň adaty bolmadyk häsiýetlerini anyklapdyrlar. Onuň suwunyň düzüminde 20 kilometr günbatarynda ýerleşen meşhur «Arçman» çeşmesiniňki ýaly, kükürtli wodorod, mikroelementleriň onlarçasy bar. Bu bolsa adam saglygy üçin örän peýdalydyr, bejeriş häsiýeti ýokarydyr. Şypaly kükürtli wodorod suwuna düşmek has ýakymly. Suwuň düzüminde kükürtli wodorod, ýod, magniý, kalsiý, natriý ýaly peýdaly himiki elementleriň 38-siniň bardygy alymlar tarapyndan anyklanylypdyr. Olar

Gymmatly kitapdan ruhlanyp

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşige dürli kärde işleýän öňdebaryjy zenanlar, şeýle-de kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Medeniýet öýüniň giň eýwanynda milli mirasymyzyň gymmatlyklaryndan we ajaýyp kitaplardan guralan sergi bolsa, bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Bäsleşigiň başlanmagy bilen, oňa gatnaşmaga gelen zenanlar gezekli-gezegine sahna çykyp, degişli şertler esasynda çykyş etdiler. Olar çeper sözler arkaly özleri bilen tanyşdyranlaryndan soňra, hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitabyndan bir parçany labyzly okadylar. Gökdepe etrabyndan gelen Tylla Bäşimowanyň çykyşy aýratyn täsirliligi bilen ünsi çekdi.

Düzgünleri dürs berjaý edeliň!

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň sowuk bolmagy bilen baglylykda otaglarda elektrik gyzdyryjy enjamlar örän köp ulanylýar. olarda dürli näsazlyklar bolanda, ýangyn döremek howpy ýüze çykýar. Ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin, ilkinji nobatda, gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaly. Elektrik akymynyň bir nokadyna çendenaşa agram düşmez ýaly oňa birbada birnäçe elektrik enjamlaryny birikdirmegi çäklendirmeli. Elektrik akymyna gereginden artykmaç kuwwatly goraýjylary oturtmak, olaryň goraýjylyk ukybyny pese düşürýär. Aýratyn hem elektrik enjamlaryny gurnamak, olarda bejeriş, abatlaýyş işlerini geçirmek ýörite şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilip, elektrik akymy özbaşyna aýratynlykda geçirilip, olaryň ugrunda awtomatiki goraýjylar oturdylmaly.

Maksat — ýokary guramaçylygy üpjün etmek

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleriniň alyp barmagynda welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň agzalaryna saýlawlary geçirmekde usulyýet kömegini bermek maksady bilen, 2-3-nji fewralda ýerlerde okuw maslahatlary geçirildi. Hünärmenler öz çykyşlarynda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek hem-de welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we saýlaw toparlarynyň öňünde duran wezipeler bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdiler. Nygtalyşy ýaly, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşi kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr. Parlamentiň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasy iki palataly ulgama geçenden soň ilkinji sapar geçirilýän Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary demokrat

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

GOÝUN HEM OÝUN Anyk näçe ýaşymdadygymy bilemok, öz-ä kiçijekdim. Aýagymda halpyk bolýan ädigimiň, egnimde palkyk güpbimiň bardygy ýadymda. Kellämde-de gulaklary goýberilip, iki tarapda hallan atyp duran, maňlaýyndaky ýyldyzy aýrylan esger gulakjynym bardy — howa sowuk bolmaly. Täzeräk göçüp gelen goňşularymyzyň biriniň gapysynda oýun oýnap ýördük. Bukuldymdygy ýa kowalaşdymdygy anyk ýadymda däl. Olaryň bir adamçy goýunlarynyň bardygyny eşidipdim. Indi göz öňüme getirýän welin, ol goýnuň boýy meňkiden gaty bir pes däldi. Diýmek, men gaty kiçi bolmaly…

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde döredijilik bäsleşiklerini yglan edýär. Döredijilik bäsleşikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda gol çeken «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Kararyny ýerine ýetirmek, ýaş ýazyjy-şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini geçirmek, täze zehinleri ýüze çykarmak boýunça Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri berjaý etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegini giňden şöhratlandyrmak maksady bilen guralýar.

Kitaby sesli okasaň...

Şahsy kämillik bilen bagly makalalaryň belli bir bölegi «çalt okamak» diýlen düşünjäniň ähmiýetine syrygýar. Dogry, çalt okamak endiklerini özleşdirmek bize kän zady gazandyryp biler. Ýöne çalt okalmaly kitaplar bilen haýal okalmalylaryň arasynda tapawut bar. Mysal üçin, çeper eserleri çalt okanymyzyň, başgaça aýtsak, setirleriň arasyna göz gezdirenimiziň uly bir zyýany hem ýok. Şeýdip hem eseriň mazmun yzygiderliligine düşünip bileris. Ýöne synaglara taýýarlanylanda, öýe berlen ýumuşlar ýerine ýetirilende ýa-da haýsydyr bir ders bilen bagly täze maglumatlar öwrenilende, mümkin boldugyndan, howlukman okamak maslahat berilýär. Onda-da sesli okamak. Eger ýokarda aýdylanlar bilen bir otagda ýeke özüňiz meşgullanýan bolsaňyz, kitaby sesli okaň! Özi-de howlukman okasaňyz has gowy. Dogry, siz ertire çenli birnäçe sahypany okap, özleşdirmeli bolup bilersiňiz. Ýöne şonça sahypalyk maglumata çeper eser okanymyzdaky ýaly ýüzleý göz gezdirip çykmak bilen, sesli hem haýal okamagyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar.

Desgalary nurly mekan

Beýik ösüşlere, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan işler çuň many-mazmuny bilen dabaralanýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Olaryň aglabasy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna, Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyna gabatlanyp ulanmaga berler. Munuň özi paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak, syýasy, ykdysady, medeni, syýahatçylyk we sport ugurlarynda has-da ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça göz öňünde tutulan ençeme wezipeleriň hem üstünlikli çözgüdini şertlendirer. Hormatly Prezidentimiziň çuň parasaty bilen gözel paýtagtymyzyň ähli düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, onda-da ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilmegi diňe bir paýtagtymyzyň däl, tutuş ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. «Bitarap Türkmenistan», «Garaşsyzlyk», «Arçabil», «10 ýyl Abadançylyk», «Çandybil», Atamyrat Nyýazow, Türkmenbaşy şaýollary, «Galkynyş», Görogly, N.Andalyp, Magtymguly, Taslama köçeleri, olaryň ugurlaryna bezeg berip oturan ýaşaýyş jaýlarydyr edara-kärhanalaryň täsin binalary, seýilgählerdir dynç alyş we sport meýdançalary, medeni, söwda merkezleri özboluşlylygy, köpugurly şertl

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde wakalara baý bolar. Hepdäniň başynda güýç toplaň. Geljek hepdäniň birinji ýarymy hamallar üçin adaty ýagdaýda geçer. Jemgyýetde belli bir derejä ýetmek üçin köp yhlas etmeli bolarsyňyz. Diňe sabyrly bolmagyňyz gerek. Maddy-üpjünçilik babatda bolsa hamallar alan karzlaryny üzmäge çalyşmaly. Hepdäniň ahyrynda iş-aladalaryňyz artar.

Okuw maslahaty geçirildi

Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwletiň hem halkyň ykbalyna uly täsirini ýetirjek wakalaryň biri 28-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bolar. Ýylyň başynda badalga alan saýlaw möwsümi häzirki wagtda guramaçylyk hem taýýarlyk işlerine ulaşýar. Bu işler welaýatymyzda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu mynasybetli golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda okuw maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek hem-de ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek, hususan-da, täze şertlerde ilkinji gezek geçiriljek bu syýasy çäräniň özboluşlylygyny ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak maksadynda geçirilen maslahata Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekili, welaýat halk maslahatynyň agzalary, şäherdir etrap halk maslahatlarynyň başlyklary we orunbasarlary, welaýat saýlaw toparynyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň guramaçylyk müdirliginiň başlygy Berdimyrat Garýagdyýew, welaýat saýlaw toparynyň başlygy Agamyrat Akyýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Annamuhammet Gajaýew dagynyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlaryň dowamynda syýasy

Täze üstünliklere ruhlandyryjy ýörelge

Golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň, wekilhananyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar. Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny giňden dabaralandyrmaga bagyşlanan maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary Akjemal Durdyýewa açdy we gün tertibinde seredilmeli mesele boýunça çykyş etdi. A.Durdyýewa çykyşynda dünýä derejesinde  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», milli derejede «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygara beslenen üstümizdäki ýylyň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň parahatçylyk söýüjilik, belent adamkärçilik, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan wakalara baý boljakdygyny uly buýsanç bilen belledi. Ony ýylyň ilkinji günlerinden Türkmenistanyň hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan beýik hem taryhy tutumlarynyň mysallary bilen hem delillendirip bolýandygy barada aýtdy. Şonuň ýaly-da, şeýle asylly işlere mynasyp hem önjeýli goşant goşmakda öňde durýan wezipeleriň üstünde durup geçdi.

Beýik özgertmeleriň ýolunda

Asuda asmanyň astynda, bereketli topragynyň üstünde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gün-günden ösýär, gözelleşýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, ulgamlarynda henize çenli görlüp-eşidilmedik ýokary netijeler, ösüşler gazanylýar. Elbetde, bu ösüşlerde gazanylan guwandyryjy zähmet üstünliklerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalarynyň hem saldamly goşantlary bar. Häzirki wagtda olar eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin gujur-gaýratly, öndürijilikli zähmet çekýärler. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmagy, demokratik, hukuk, dünýewi, raýat jemgyýeti gurmagy maksat edinýän möhüm syýasy gurama bolup, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatyny özüniň baş ýörelgesi edinýär.

Administratiw iş ýöredişiň hukuk binýady

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda adyl kazyýetligiň hiliniň ýokarlandyrylmagy, kazyýet önümçiliginiň kämilleşdirilmegi ugrunda düýpli özgerişlikler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli kämilleşdirilýän milli hukuk ulgamynyň berk binýady bolan Esasy Kanunymyzdan başlap milli kanunçylygymyzyň ýörelgeleýin kadalary adalatyň berkarar bolmagynyň, milli demokratiýanyň dünýä ýüzüne ýaň salmagynyň aýdyň nusgasy bolup hyzmat edýär. Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň dolandyryş edaralary tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan önümçiligiň hukuk esaslaryny, ýörelgeleridir kadalaryny kesgitleýär. Şeýle hem bu Kanun adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şonuň bilen baglylykda kazyýetlerde administratiw işlere garamagyň hukuk esaslaryny kesgitlemek hem-de häzirki döwrüň talaplaryna, halkara ülňülerine laýyklykda «Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Administratiw iş ýörediş, öz gezeginde, döwletiň we raýatyň arasyndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibini, k

Arkadagyň kitaby — kalplaryň gymmatlygy

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşik bagtyýarlyk döwrüniň bagtly zenanlarynyň we kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň arasynda hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň çuňňur mazmunyny wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Halkymyzyň milli ýörelgelerine, asylly däp-dessurlaryna bagyşlanan bu kitap ata Watanymyzyň asyrlar aşyp gelen taryhy tejribesiniň döwrebap usulda baýlaşdyrylýandygyny görkezýär.

Türgenlerden üstünliklere garaşylýar

Ýakynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, ol ýerde şu ýyl geçiriljek iri halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşi we desgalarda türgenleşikleriň geçirilişi bilen tanyşlygyň dowamynda türkmen türgenleriniň bu ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen birnäçe tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu günler welaýatymyzdaky bilim edaralarynda we sport mekdeplerinde dürli maslahatlardyr çäreleri, türgenler we tälimçiler bilen duşuşyklary guramaga uly ähmiýet berilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mejlisler zalynda hem geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi tarapyndan guralan bu duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hünärmenleri, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, talyplar we türgenler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolmagyny gazanmakda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini alyp barmakda sportuň ähmiýeti dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de welaýatymyzdaky stadionlarda, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän çäreleriň netijeleri barada gürrüň e