"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Halkara baýraklar — ösüşli menzilleriň subutnamasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Munuň şeýledigine ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde bolan gulluk iş sapary hem güwä geçýär. “World Smart City Expo” atly halkara sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylygynda ulanylýan serişdeleriň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen amala aşyrylan bu gulluk iş saparynyň netijesinde ýurdumyzyň “akylly” şäheri — Arkadag şäheri halkara baýraklarynyň 3-sine mynasyp boldy. Has takygy, 116 pawilýony özünde jemleýän sergide Arkadag şäheriniň aýratynlyklary we mümkinçilikleri tanyşdyrylyp, onda aýry-aýry ugurlar boýunça baýraklar gowşuryldy. Olaryň hatarynda Arkadag şäherine “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklar berildi.

Asudalyk — illerde-de, ýollarda-da hökmürowan

Örän netijeli we uly ähmiýete eýe bolan biraýlygyň dowamynda welaýatymyzyň çägindäki harby awtomobil gözegçilikleri netijeli işleri alyp barýarlar. Türkmenabat we Kerki garnizonlarynyň degişli gözegçilikleri tarapyndan harby ulaglaryň welaýatymyzyň çägindäki gatnawlaryny has düzgünleşdirmek we biraýlygy ýokary derejede geçirmek üçin ýörite meýilnama işlenilip taýýarlanyldy. Harby gözegçiler biraýlygyň çäginde PÝGB-niň ýerlerdäki bölümçeleri bilen sazlaşykly işläp, ýollarymyzyň mundan beýläk hem asuda bolmagyny gazanýarlar. Ýakynda podpolkownik S.Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde Kerki garnizonynyň, welaýat harby prokuraturasynyň, PÝGB-niň Kerki etrap bölümçesiniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hünärmenleri taýýarlaýan harby mekdebiniň şahamçasynyň, raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň Kerki şäher halas ediş toparynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň wekilleri bilen bilelikde «Ýollarymyz asuda bolsun!» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, biraýlygyň netijeli geçirilmegi diňe bir harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň tagallasyndan ybarat däldir. Bu işe hemmeleriň goşant goşmagy gerek. Hususan-da, ýaşlaryň, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda şeýle wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmek bellenildi. Biraýlygyň çäklerinde Türkmenabat we Kerki

Baş aladamyz — adamlar

Ynsan üçin jan saglykdan uly baýlyk, sagdyn ýaşamakdan uly bagt ýok. Adamyň jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan ýurdumyzda bu mesele hemişe ileri tutulýar. Şu maksat bilen köptaraply, belent maksatly çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Olaryň arasynda her ýylyň sentýabrynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk möhüm orunda durýar. Onuň çäginde jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekýän çärelere giň gerim berilýär. Il-ýurt bähbitli işe biz hem işjeň gatnaşýarys. Işlerimizi biraýlygy guramaçylykly geçirmek boýunça işlenilip düzülen meýilnama laýyklykda guraýarys. Geçirilýän wagyz-nesihat, öwüt-ündew maksatly duşuşyklar, dürli maslahatlar we gyzykly bäsleşikler ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek bilen utgaşdyrylýar. Alyp barýan işlerimizde ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladany has ileri tutýarys. Sebäbi olaryň sagdyn ösmeklerini gazanmaga biz — ulular aýratyn jogapkärçilik çekýäris. Işlerimizi çagalar baglaryndan başlap, onda geçirilýän çärelere terbiýeçiler bilen bilelikde ene-atalaryň gatnaşmaklaryny hem gazanýarys. Şonda olara körpelere ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmelidiklerini, olaryň ýollarda oýnamaklaryna ýa-da welosiped sürmeklerine ýol bermeli däldigini düşündirýäris. Şeýle işler orta mekdeplerde has çuňňur derejede alnyp baryl

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Belent sepgitlere badalga bolar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, halkyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Sebäbi, Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetçilik gurluşynyň gadymy däplerini döwrebap dowam etdirýän türkmen halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanyljak günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda giň wekilçilikli bu forumy çagyrmak we guramaçylykly geçirmek bilen bagly möhüm wezipeler bellenildi.

Bilelikdäki netijeli işler

Altyn güýzüň ilkinji aýynda dowam edýän biraýlygyň çäginde dürli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu möhüm işe müdirligimiziň şahsy düzümi hem işjeň gatnaşýar. Şonda beýleki gulluklar we edara-guramalar bilen tagallalarymyzy birleşdirmäge çynlakaý üns berilýär. Guramaçylykly ýagdaýda dowam edýän biraýlyk mynasybetli müdirligimizde duşuşyk geçirildi. Oňa welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri hem gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketini sazlaşykly we howpsuz guramak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça öňde goýan jogapkärli wezipelerini üstünlikli berjaý etmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigine üns çekildi. Ýollarymyzda awtoulaglaryň hereketiniň barha ýygjam häsiýete eýe bolýan şertlerinde herekete gatnaşyjylaryň ählisiniň degişli kadalary berk berjaý etmekleri hökmany talap bolup durýar. Olara ilatyň arasynda geçirilýän çärelerde ilkinji derejeli ähmiýet berilmelidigi nygtaldy. Çäräniň dowamynda ýol hereketiniň kadalary bozulan ýagdaýynda adamyň ömrüne we saglygyna zyýan ýetirip biläýjek hadysalar barada taýýarlanylan şekilli ýazgylar hem görkezildi.

Ýürekden bir sözüm bar

Ýeňijileriň buýsanjy Ýakup ORAZGYLYJOW—

Ýaşlar — Watanyň geljegi

Maksatlaryň myrat tapsyn! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşýan zehinli, ukyp-başarnykly, öňdebaryjy ýaşlaryň sany günsaýyn artýar. Hormatly Prezidentimiz ýurduň abraý-mertebesini belende göterýän ýaşlara uly ynam bildirýär.

Beýik pyragyly mähriban Watan

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şu ýylymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy bütin türkmen halkynyň kalbyny guwanja gaplady. Beýik akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilýän ýylynyň şeýle ajaýyp şygara beslenilmegi biziň ýurdumyzda çeper sözüň gadyr-gymmatynyň juda belentdigini aňladýar. Şeýle guwançly ýylda ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekýän halkymyz ýurdumyzyň baş baýramyna — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýuna sowgatly barmak hyjuwy bilen joşýar. Şol joşgunly zähmet bolsa, halk hojalygynyň ýokary görkezijilere eýe bolmagyny üpjün edýär.

Mekdep okuwçylary bilen geçirilen duşuşyk

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi, Sarahs etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesi we etrap bilim bölümi bilen bilelikde guralan duşuşyk “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlandy. Etrapdaky 21-nji orta mekdepde bolan duşuşyga mekdep okuwçylary gatnaşyp, olar ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça täsirli çykyşlary dykgatly diňlediler. Duşuşykda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti we maksady düşündirildi, pyýadalaryň borçlary we ýoldan geçilende seresaply bolmak barada aýdyldy. Ýaşlara gymmatly maslahatlaryň berilmegi, öwüt-ündewleriň aýdylmagy duşuşygyň netijeliligine oňyn täsirini ýetirdi.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Hukuk ulgamy pugtalandyrylýar Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar boýunça ýeňişli sepgitlere eýe bolunýar. Şeýle ösüşli döwrümizde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde-de uly işler alnyp barylýar. Ajap eýýamymyzyň döwrebap kanunlary kabul edilýär we hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, kämilleşdirilýär. Täze kanunlar bolsa, raýat jemgyýetimiziň ösüşli ýoluna itergi berýär.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Kaka etrabyndaky 14-nji, 16-njy, 19-njy, 26-njy orta mekdeplerde, şeýle-de 7-nji, 9-njy, 10-njy çagalar baglarynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk mynasybetli wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim bölüminiň hem-de etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramagynda geçen duşuşyklar uly täsirleri döretdi. Duşuşyklarda mekdep okuwçylarynyň we körpeleriň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri wagyz-nesihat edildi. Ýoluň pyýadalar üçin niýetlenen ýerlerinden geçmegiň möhümdigi, ýol belgileriniň aňladýan manylary barada aýdylanlar uly dykgat bilen diňlendi.

Asudalygyň goragynda

Eşretli ýaşaýşyň kepili Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. Bu işleriň maksady halkymyzyň saglygyny berkidip, abadan durmuşymyzyň berkararlygyny gazanmakdan ybaratdyr. Neşekeşligi aradan aýyrmakda ýetilýän sepgitler zyýanly endikleriň öňüni almak bilen utgaşykly alnyp barylýar.

Watansöýüjiligiň sarsmaz binýady

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde bu mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, harby talyplar hem-de harby okuwçylar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady esasynda, döwrebap toplumlarda bu düzümleriň harby gullukçylary üçin iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen edara we okuw binalary gurlup ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, harby gullukçylaryň hünär ussatlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olarda sanly tehnologiýalary we enjamlary dolandyrmagyň endiklerini kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýär

Abadan durmuşymyzyň gözbaşy Ählihalk çäresine öwrülip, ýurdumyz boýunça geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň maksady güneşli Diýarymyzda köçe-ýollarymyzyň bagt ýollary bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Röwşen geljegimiziň nurly çyragy

Ak ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesilde eziz Watanymyza, merdana halkymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy buýsançly beýan etmek, ýokary depginli ösüşleri, belent üstünlikleri has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Bilimler we talyp ýaşlar güni ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda ýokary derejede bellenilip geçildi. Täze okuw ýylynda okuwçylardyr talyp ýaşlaryň ders we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmekleri üçin olaryň tebigy zehinini ýüze çykarmak hem-de ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmek degişli ýolbaşçylaryň öňünde baş wezipe hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça maslahatlary, wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini ýokary derejede guramak hem bilim işgärleri

“01” gullugynda

Bilim edaralarynda ýangyn howpsuzlygy Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Wekilbazar etrap ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi Kakyş BÄŞIMOW bilen duşuşyp, bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

Mertler meýdanda belli

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölümine 2024-nji ýylyň ýaz möwsüminde harby gulluga çagyrylan ýaş esgerler bilen söweşjeň we gumanitar taýýarlygyndan okuw sapaklary ýokary derejede geçirilip, harby bölümiň serkerdesiniň orunbasary, maýor Röwşen Saparowyň ýolbaşçylygynda okuw-türgenleşik merkezinde başlangyç ot atyş gönükmesi ýerine ýetirildi. Türgenleşikde Agakerwen Abdyýew, Merdan Agalyýew, Kuwwat Daňatarow, Meýlis Şahmyradow, Daýanç Mämmetnyýazow, Ödemyrat Annaýew, Kuwwat Kakamyradow dagy nyşanlary dürs urmagy başaryp, ezberliklerini görkezdiler. Olara şahsy düzümiň gatnaşmagynda harby bölümiň serkerdesi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Begmyrat WELSAHATOW, maýor.

Ömrümiziň rahatlygy ugrunda

Ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän toplumlaýyn çäreler tutuşlaýyn raýatlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýörite düzülen meýilnama esasynda ýurdumyzda geçirilýän bu çäre ýol-hereket howpsuzlygynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine hyzmat edýär. Bu köpçülikleýin çärä ýurdumyzyň dürli pudaklary bilen bir hatarda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň düzümindäki Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary hem işjeň gatnaşýarlar. Has takygy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda ýol hereketiniň kadalaryny ündemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri bilen bilelikde ýokary we orta mekdeplerinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda köçe-ýol hereketiniň düzgünleri bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan işleri, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy üpjün edýän kämil daşary syýasaty geçirilýän her bir çäräniň döwrebap derejede berjaý edilmegine ýar

Kitaba söýgi – Watana söýgi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatynda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň netijesinde, Serhet gullugynda harby bilimi ösdürmekde, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, şeýle hem şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, döredijilik-hünär ussatlygyny ýüze çykarmakda netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda Türkmenistanyň Serhet institutynda şahsy düzümiň bilimini artdyrmak, kitaba söýgi döretmek maksady bilen, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Kitap — bilimiň çeşmesi» atly çeper döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşan harby gullukçylar onuň şertine görä, öz döredijilik ukyplaryny görkezmek, türkmen nusgawy we häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarynyň watançylyk, gahrymançylyk temasyndan ýazan goşgularyny ýatdan aýtmak, okan kitaplarynyň mazmunyny gürrüň bermek boýunça biri-birinden has taýýarlykly we gyzykly çykyş etdiler. Bäsleşigiň ahyrynda gowy çykyş eden harby gullukçylar Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Tabşyryklardan ugur alyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen guralýan biraýlyk oňyn netijeleri berýär. Biraýlyk mynasybetli, Harby awtomobil gözegçiliginiň harby gullukçylary öz üstlerine ýüklenen wezipe borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirýärler. Harby awtomobil gözegçiliginiň şahsy düzümi, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy bilen bilelikde ýol hereket howpsuzlygyny üpjün etmek, ulaglar bilen bagly ýüze çykýan hadysalaryň öňüni almak babatda çäreleri işläp düzýärler. Ýol hereket kadalarynyň bozulmalary baradaky maglumatlaryň seljerilişi we çözülişi baradaky resminamalaryň bellenen tertipde berjaý edilişine, goşundaky tehnikalaryň bellenen kadalara laýyklykda ýol resminamalarynyň dogry resmileşdirilişine gözegçilik edýärler.