Ömrümiziň rahatlygy üçin
Ýakynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň guramagynda Arkadag şäheriniň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriniň arasynda «Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň şäheri» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Bu maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýol hereketiniň düzgünlerini pyýadalaryň we sürüjileriň arasynda giňden wagyz etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, köçe-ýol hereketiniň kadalary doly we dogry berjaý edilmeginiň ilatyň howpsuzlygy we abadançylygy babatda örän uly ähmiýete eýedigini bellediler. Döwlet derejesinde ýaýbaňlandyrylan ýol hereketiniň howpsuzlygy adam hakyndaky aladanyň çuňňur beýanydyr.