"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Milli Liderimiziň sahawaty döwrebap dokma toplumynyň mysalynda açylýar

Öňňin, 17-nji noýabrda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda häzirki zaman dokma toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna şan goşan taryhy waka öwrüldi. Şol şatlykly günde ajaýyp pursatlara şaýat bolan bagtyýar raýatlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdik. Baýramsoltan MYRADOWA, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty:

Alkyş size, Arkadag!

Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Babadaýhan etrabynda täze, iri dokma toplumynyň açylmagy ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi. Bu dokma toplumynyň açylyşyna Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi we etrabyň ähli zähmetkeşlerini mähirli gutlamagy dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenen dabarada oňa gatnaşan ildeşlerimiziň göwün göteriji, buýsançly sözlerini diňlemek, olaryň şatlygyny deň paýlaşmak biz üçin has-da ýakymly boldy. Şeýle bolansoň olaryň käbiriniň buýsançly sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Meretmuhammet SAPAROW,Babadaýhan etrabynyň Akwekil obasynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy:

Berekede beslenýän zamana

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygynda durmuşa geçirýän işleri milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagyny ösüşiň täze derejesine çykardy. Durmuşa geçirilýän özgerişlikler ösüşleri şertlendirýär. Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her ýyly, ähli ugurlarda bolşy ýaly, oba hojalygynda-da zähmet ýeňişleri bilen jemlenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilen ýyly hem babadaýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti toý şowhunynyň üstüni ýetirdi. Toýlara ulaşyp gelen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý, 1 million 250 müň tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyryldy. Şonuň ýaly hem gök we bakja önümleriniň hem bol hasyly alyndy. Bu bolsa ähli ugurlarda deň depginli ösüşleriň gazanylmagyny öňümizde esasy maksat edip goýýan milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň guwandyryjy netijesidir. Halkymyzda «Toýdan ýetirsin» diýen ajaýyp söz bar. Bagtyýarlyk döwrümizde bolsa her bir günümiz toý-baýramlara beslenýär. Gazanylan ýeňişler mynasybetli tutulýan toýlaryň dabarasy dag aşýar. Halkymyzyň öňden gelýän dessurlaryna esaslanyp, bereket-bolçulygyň, agzybirlikli zähmetiň şanyna tutulýan Hasyl toýy hem ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, geçen ýekşenbede Diýarymyzy uly şatlyk-şowhuna besledi.

Beýik ösüşleriň we rowaçlygyň aýdyň ýoly

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda uly ösüşlere beslenýär. Şu şöhratly ýylymyzda ýurdumyzyň sebitlerinde, dürli künjeklerinde ägirt uly desgalar, binalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berildi. Munuň özi halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göterdi, ýurdumyzyň ösüşleriniň yzygider rowaçlanýandygyny aýdyň beýan etdi. Türkmen halkymyzda gurmak, bina galdyrmak asylly ýörelge hasaplanylýar. Ynha, şu ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan binalar hakynda oýlananymyzda halkymyzyň asylly ýörelgesiniň döwrebap dowam etdirilýändigine, has-da ösdürilýändigine göz ýetirýäris. Öňňin, has takygy 17-nji noýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ägirt uly dokma toplumy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygynyň, eksport mümkinçilikleriniň has-da ýokarydygynyň, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa önüm öndürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Babadaýhan etrabyndaky täze dokma toplumy ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup, 20 gektar ýeri tutýar. Özi hem ösen tehnologiýalar, enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, döwrebap mümkinçilikler döredildi. Maglumatlary beýan etsek, bu toplumda Şweýsariýa, Ýaponiýa, Belgiýa, Italiýa, Germaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň

Belent maksatly menziller

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň beýik ösüşleri, belent üstünlikleri her birimizi buýsandyrýar. Durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan giň göwrümli netijeli işler halkymyzyň bagtyýarlygyna, ýurduň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Gurýan döwlet gurply döwletdir. «Gurmak» sözünde dünýäniň özi ýaly giň many we kerem-mukaddeslik bar. Bu sözde ynsanyň iň bir haýyrly işi jemlenýär. Çünki ýol, köpri gurmak ata-babalarymyzda hem iň sogaply, haýyrly iş bolandygyny biziň her birimiz oňat bilýäris. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan we gurulýan onlarça, ýüzlerçe ýollaryň, il-ulsuň ýaşaýyş-durmuşy üçin derwaýys desgalaryňdyr binalaryň gurluşygynyň nähili beýik işdigi barada guwanç, buýsanç bilen oýlanýarsyň. Şeýle beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köp sanly maýa guýum taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iň döwrebap we ýokary tehnologiýaly täze senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar, durmuş-medeni maksatly desgalar bina edilýär. Şäherleriň, obalaryň binagärlik keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän we toplumlaýyn esasda durmuşa ornaşdyrýan döwrebap şähergurluşyk maksatnamasy göwrümi boýunça örän giňdir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdu

Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň on aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

Milli Liderimiz nobatdaky iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

17.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Babadaýhan etrabyndaky täze dokma toplumynyň gurluşygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda başlanyldy we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde guruldy. Babadaýhan dokma toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna wise-premýer Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, gatnaşyjylary täze kärhananyň gurluşygyna başlanylmagy bilen gutlady we bu toplumyň sebitiň ykdysadyýetini döwrebap derejede ösdürmäge, halkyň durmuş taýdan üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamadygyny aýtdy.

Hasyl gaýtadan işlenilýär

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ähli künjeklerinde daýhanlaryň der döküp ýetişdiren pagta hasylyny isripsiz ýygnap, pagta arassalaýjy kärhanalara ýa-da kabul ediş bölümlerine tabşyrmak işleri möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiz üçin uly ähmiýeti bolan bu çig maly howpsuz saklamak hem-de gaýtadan işlemek derwaýys meseleleriň biridir. Häzirki günlerde «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Köneürgenç etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanasynda hem bu işler gyzgalaňly dowam edýär. Taslama kuwwatlylygy ýylda 40 müň tonna tohumlyk çigidi işlemäge niýetlenen häzirki zaman ülňüli ýöriteleşdirilen bu kärhanada döredilen ýokary tehniki üpjünçilik esasy önümçiligiň we kömekçi bölümleriň dürs hem-de sazlaşykly işlemegine şert döredýär. Bu ýerdäki tehnologik ugurlaryň ählisi-de awtomatlaşdyrylyp, kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar. Kuwwatly enjamlaryň kömegi bilen kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 250 — 300 tonna pagta gaýtadan işlenilýär. Bu döwrebap önümçiligiň sebitde üstünlikli hereket etmegi oba hojalyk önümlerini öndürijileri geljekki hasylyň düýbüni tutmaga ýardam berjek tohum bilen üpjün etmäge doly mümkinçilik berýär. Şonda esasy üns öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde gymmatly pagta tohumynyň arzan düşmegine, elýeterli bolmagyna berilýär. Çünki ol oba hojalygynyň möhüm pudagy bolan pagtaçylygyň düşewüntliligini, netijeli

Ykdysadyýet

TÄZE KÄRHANANYŇ OWADAN HALYLARY Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Gubadag etrabynyň merkezinde açylan täze halyçylyk kärhanasynda halyçylar joşgunly zähmeti dowam etdirýärler. Toparyň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny öndürijilikli zähmete, netijeli işlere besleýärler. Olaryň irginsiz zähmeti bilen dokalýan owadan gölli, dürli reňkli nagyşlar bilen bezelen halylaryň sany barha artýar.

Täze toplum — döwletli çözgüt

Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda täze dokma toplumy açyldy Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bu döwrebap kärhana ýurdumyzda ozal hereket edýän ugurdaş senagat toplumlarynyň üstüni ýetirdi. Onuň işe girizilmegi Türkmenistanda senagatlaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.

Sanly ulgam — belent ösüşleriň binýady

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we sanlylaşdyrmak babatda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi, anyk wezipeleri we maksatlary nazarlaýan konseptual resminamalaryň kabul edilmegi ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Munuň şeýledigine häzirki wagtda ýurdumyzyň jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna girýändigi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan häzirki günde ykdysady taýdan durnukly we bedew batly ösýän döwlet hökmünde tanalýar. Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we sanlylaşdyrylmagy uly ösüş görkezijilerini gazanmaga ýardam edýär. Hususan-da, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amal edilýän özgertmeler halk hojalygynyň kuwwatynyň has-da artmagyna itergi berýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän sanly özgertmeleriň netijesinde ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiligi barha ýokarlandyrylýar. Munuň özi halk hojalygynyň işiniň kompýuter tehnologiýalarynyň esasynda dolandyrylmagyna, önümçilik kuwwatlyklarymyzyň artyp, eksport mümkinçiliklerimiziň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär.

Geljek ýyl üçin döwlet býujeti tassyklandy

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 21-nji maýyndaky Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna gös-göni täsir edýän resminamanyň — döwletiň geljek ýyl üçin býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça möhüm işler geçirildi. Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň zähmet haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, degişli serişdeler, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki tölegler Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde dolulygyna ýeterlikli derejede göz öňünde tutulandyr. 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşynda öňde kesgitlenilen wezipelerden ugur alnyp, döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seredilmegi, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberiniň artdyrylmagy, köp çagaly maşgalalara ýeňillikleriň berilmegi üçin degişli serişdeleriň hem göz öňünde tutulmagy örän buýsandyryjydyr.

Kuwwatly senagatyň täze düzümi

Garaşsyz ýurdumyzda dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda bu pudakda çig maly gaýtadan işläp, ekologiýa taýdan arassa we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürýän kärhanalaryň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berildi. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň öňýanynda açylan Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işleýän dokma toplumy işe girizildi. Düýn — 17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dabaraly ýagdaýda açylan döwrebap dokma toplumy hem milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrjak desgalaryň üstüni ýetirdi. Türkmen topragy gadymy eýýamlardan bäri ösen senetçiligiň we hünärmentçiligiň mekany hökmünde bellidir. Bu ýerde taýýarlanylan dokma önümleri Beýik Ýüpek ýolunyň iň geçginli harytlarynyň hatarynda durupdyr. Bu hakykaty hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji kitabyndaky: «Türkmen parçalary Hytaýda, Hindistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda islenilýän harytlaryň biri bolupdyr. Ata-babalarymyz iňňän ýokary hilli harytlary taýýarlamagyň ussady bolmak bilen birlikde, uzak ýerler bilen şol harytlaryň söwdasyny hem işjeň ýola goýupdyrlar» diýen taryhy delillere daýanýan jümlelerem tassyklaýar.

Dokma pudagy ösüş ýolunda

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Ýurdumyzyň dokma senagaty ekologiýanyň talaplary berjaý edilip, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, sazlaşykly ösdürilýär. Bu ugurda täze gurlan dokma toplumlaryna, fabriklerine abraýly halkara standart guramalary tarapyndan güwänamalaryň berilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Döwrebap senagat önümçilikleri

Ata Watanymyz durmuşyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikleri gazanmak bilen, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylady. Ýurdumyzda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, oňa innowasion häsiýet bermek, sanly ulgama geçmek işleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliklerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalar hem üstünlikli amala aşyrylýar. Bu geçirilýän hemmetaraplaýyn özgertmeler gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge giň ýol açýar. Düýn, ýagny 17-nji noýabrda bolsa, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda gurlan täze dokma toplumy açyldy. Bu kärhana şanly ýylymyzda halkymyza ýene-de bir ajaýyp sowgat boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kemala gelen dokma pudagy ileri tutulýan milli bähbitleri hem-de dünýä ykdysady giňişligindäki umumy integrirlenmek meýillerini göz öňünde tutmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň aýdyň mysalydyr. Diňe soňky birnäçe ýylda pudagyň düzümine dünýä bazarlarynda bu pudakdaky önümçiligiň öňdebaryjylarynyň hataryna çykmak bilen, tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalaryň onlarçasy goşuldy. Mundan başga-da, ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabrikleri, gön işläp bejerýän kärhanalar bar.

Ýürekler buýsanja beslenýär

Pa­ra­hat­çy­ly­gy we saz­la­şyk­ly ösü­şi bi­len ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan bü­tin dün­ýä­niň ün­sü­ni çek­ýär. «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler oňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň hä­zir­ki gu­wan­dy­ry­jy ösüş­le­ri her bir türk­me­nis­tan­ly­ny buý­san­dyr­ýar hem-de şeý­le gu­wan­dy­ry­jy sep­git­le­ri eýe­le­mek­de özü­niň hem go­şant goş­ma­gy­na hö­wes­len­dir­ýär. Çün­ki be­dew bat­ly ösüş­ler, ata Wa­ta­ny­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­ler hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny has-da be­len­de gö­ter­mek, jem­gy­ýe­tiň ka­da­ly we dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek üçin ama­la aşy­ryl­ýar. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň şä­her­le­ri­niň, oba­la­ry­nyň keş­bi düýp­gö­ter öz­ger­ýär. Çün­ki ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de her oba­nyň, şä­he­riň, we­la­ýat we et­rap mer­kez­le­ri­niň aba­dan­çy­ly­gy­ny, gül­läp ösüş­le­ri­ni üp­jün et­mek baradaky mak­sat­na­ma­lar bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hal­ky­my­zyň aja­ýyp dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir.

Döwrebap tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde tutanýerli işler durmuşa geçirilýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýet giňden ornaşdyrylýar. Şu mynasybetli halk hojalygynda innowasion taslamalar talabalaýyk durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýa hyzmatlar ulgamy, agrosenagat pudagy, orta we kiçi telekeçilik ýaly ugurlarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Oba hojalyk pudagynda bu babatda işler güýçli depginde alnyp barylýar. Ýer bilen iş salyşýan kärendeçilerimiz kuwwatly tehnikalar — pagta ýygyjy maşynlar, bugdaý orujy kombaýnlar bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär. Bu tehnikalara ýörite sanly ulgamyň kömegi bilen kompýuterler ornaşdyrylandyr. Munuň özi ýere erk edýän mehanizatorlara köp babatda ýeňillikleri döredýär. Wagty tygşytlamaga, alynýan hasylyň mukdarynyň artmagyna köp ýardam edýär.

Eziz Diýarymyzyň belent üstünlikleri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly ösüşler gazanylýar. Gurlup ulanmaga berilýän belent binalar, desgalar munuň aýdyň mysallarydyr. Şu ýylyň özünde ähli welaýatlarymyzda, paýtagtymyzda beýik binalaryň açylyş dabaralaryna şaýat bolduk. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny, yzygiderli ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Milli ykdysadyýetimiz hakynda aýdanymyzda, ilki bilen, milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, her bir üstünlikleriň oýlanyşykly we beýik işleriň netijesidigini bellemek gerek. Şunda sanly ulgamy ösdürmäge hem aýratyn üns berilýändigini belläsimiz gelýär. Esasan hem bu ugurdan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hem sanly ulgam ösdürilýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň has-da ýokary derejede ösmegine şert döredýär. Aslynda hem sanly ulgam düşünjesi tiz hem-de ygtybarly işleri alyp gitmegiň usuly hökmünde kabul edildi. Şonuň üçin hem sanly ykdysadyýeti ösdürmekde toplumlaýyn işler ýola goýulýar. Şunda hünärmenleri taýýarlamak hem, elektron enjamlary öndürmek hem esasy maksatlar bo

Bag­ta bar­ýan ýol­lar

Go­laý­da döwlet Baştutanymyzyň Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Aş­ga­bat — Te­jen bö­le­gi­niň işi­ne ak pa­ta ber­me­gi güngün­den ös­ýän döw­le­ti­mi­ziň ta­ry­hy­na ýazylan şan­ly wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Türk­me­niň owal­daahyr­da ke­ra­mat­ly sa­ýýan zat­la­ry­nyň bi­ri — ýol. Uzak ýo­la ug­ra­na, ha­ýyr işi ýü­re­gi­ne dü­we­ne ak ýol ar­zuw edil­ýär. Hat­da sö­züň dog­ru­ly­gy­nyň ke­pi­li hök­mün­de il ara­syn­da: «Ak ýol­da du­run» di­ýil­ýä­ni­ni hä­lişin­di eşit­mek bol­ýar.

Ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Tebigy gazy gaýtadan işlemekde, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmakda alnyp barylýan işler häzirki zamanyň ösen tejribesine we ylmyň soňky gazananlaryna daýanýar. Uglewodorod çig malynyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda nebiti we gazy gaýtadan işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikler döredilýär. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlary hem köpeldilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda barha öňe barýan berkarar döwletimizde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler juda begendirýär. ªolaryň hatarynda nebitgaz ulgamynda alnyp barylýan işler mynasyp orun eýeleýär hem-de «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatymyzyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezýär.