"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Türk­me­nis­tan — Öz­be­gis­tan: se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pugtalandyryp

20-21-nji no­ýabr­da Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň II se­bi­ta­ra fo­ru­my hem-de öz­bek ha­ryt­la­ry­nyň mil­li ser­gi­si ge­çi­ril­di. Bu çä­re­le­riň açy­lyş da­ba­ra­sy­na ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, Öz­be­gis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar. Ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu ge­zek­ki fo­rum Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň se­bit­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­dir. Hä­zir­ki wagt­da iki goň­şy ýurt dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, ta­rap­la­ryň mil­li bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ýar. Şeý­le hem bi­le­lik­dä­ki giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi aý­dyl­dy.

Bü­tin­dün­ýä dur­nuk­ly ulag gü­ni hal­ka­ra mas­la­hat we ser­gi bi­len bel­le­nil­di

26-27-nji no­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş — 2024» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat we ser­gi guraldy. Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra fo­ru­ma dün­ýä­niň 40-dan gow­rak ýur­dun­dan 600-e go­laý we­kil gat­naş­dy. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da ugur­daş döw­let we hu­su­sy dü­züm­le­riň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, şol san­da BMG-niň, ÝHHG-niň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bar. Şeý­le-de myh­man­la­ryň ara­syn­da «Fly Dubai», «Car­go Lux», «Luft­han­sa Con­sul­ting» ýa­ly hal­ka­ra lo­gis­ti­ka we eks­pe­di­tor­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, Hal­ka­ra ho­wa ulag­la­ry as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (IATA), Hal­ka­ra gä­mi­çi­lik eda­ra­sy­nyň (ICS), Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi­niň (IRU), De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň (OSJD) we beý­le­ki­le­riň we­kil­le­ri bar. Şeý­le hem fo­ru­ma Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ulag­la­ryň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, dur­nuk­ly, inkl­ýu­ziw ulag ul­gam­la­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li çöz­güt­le­r

Milli gymmatlyklaryň halkara hukuk esaslary

ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. Onuň maksatlarynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orunda durýar. Ýurdumyz medeni mirasy gorap saklamakda we ony halkara derejesinde wagyz etmekde möhüm üstünlikleri gazandy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr. Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilip, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Döwletimiz bu guramanyň agzalygyna 1993-nji ýylda kabul edildi. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy.

“Yutong” Türkmenistana ekologiýa taýdan arassa awtobuslary hödürleýär

Hytaýyň öňdebaryjy awtobus öndürijisi “Yutong Bus Co., LTD” kompaniýasy wodorod, elektrik, gibrid modelleri ýaly ekologiýa taýdan arassa ulag serişdeleriň giň görnüşlerini hödürleýär. Bu barada kompaniýanyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça baş direktory Li Haýfen çarşenbe güni Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly maslahatda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. “Yutong” awtobuslary içinden ýanýan hereketlendirijili adaty ulag serişdelerine goşmaça çözgüt bolup, kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň düýpli azaldylmagyna, galmagalyň peseldilmegine we daşky gurşawa ýetirilýän zyýany iň az möçberde azaltmaga şert döredýär.

Logistikanyň geljegi: Serhedi geçmegiň ýeňilligi üçin elektron ulgamlar

Wadim Zaharenko, halkara awtoulag transporty birleşiginiň (IRU) ýolbaşçysy we Ýewraziýa boýunça Baş wekil, ITTC-2024 sergisi we halkara konferensiýasynda çykyş edip, togtamasyz ulag geçelgeleriniň ähmiýetini belledi, şol sanda NDP (harytlaryň dowamly hereketi) ulgamy gümrük işlerini tizleşdirip we ýönekeýleşdirip, işlerini ýeňilleşdirip biljekdigini nygtady. Zaharenkonyň sözlerine görä, öň serhedi geçmek köp çykdaýjyly we çaklanylmaýan bir iş bolupdy, bu bolsa logistika üçin uly päsgelçilik döredýärdi. Emma, ýükler barada elektron öňünden maglumatlary ornaşdyrmak arkaly gümrük edaralary töwekgelçilikleri öňünden barlap bilýärler, bu bolsa ýük gatnadýanlara tizleşdirilen ýagdaýda serhedi geçmeklige mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý, bekleýiş wagtyny ep-esli azaldyp, halkara ýük daşama amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Maslahat Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Çäräniň esasy maksady sebitleýin dialogy pugtalandyrmakdan, geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine howpsuzlygy, pugta parahatçylygy üpjün etmek üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri öňe sürmekden hem-de ilerletmekden ybaratdyr. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Foruma gatnaşmak üçin ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy Pia Kauma, assambleýanyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, halkara bilermenler, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň, Italiýanyň, Kipriň, Norwegiýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Fransiýanyň, Horwatiýanyň, Şwesiýanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň görnükli jemgyýetçilik hem-de syýasy işgärleri, parlamentarileri Aşgabada geldiler. Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi okgunly ösýän Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň artýandygyny, halkara jemgyýetçiligiň howpsuzlygy, durnuklylygy we ählumumy durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şert

Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

26-njy noýabrda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen iş sapary bilen gelen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar şu gün Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli öz işine başlan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly iki günlük halkara maslahatyň we serginiň ähmiýetini bellediler.

OTIF: Orta geçelge Türkmenistanyň üsti bilen möhüm ähmiýete eýedir

Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly maslahatyň we serginiň dowamynda Halkara demir ýol ulaglarynda gatnawlar boýunça hökümetara guramasynyň (OTIF) Baş sekretary Wolfgang Küpper wideoýüzlenmesi bilen çykyş etdi. Özüniň ýüzlenmesinde 130 ýyl hereket etýän OTIF-iň taryhy ähmiýetini we halkara demir ýol ulaglary üçin hukuk we tehniki binýady döretmäge goşan goşandyny belläp geçdi. Häzirki wagtda bu gurama 51 döwleti birleşdirýär, ýük daşamak, howply harytlary daşamak we tehniki laýyklyk üçin bitewi düzgünleri üpjün edýär.

TULM Aşgabatda geçirilen «ITTC-2024» halkara sergisinde hyzmatlaryny hödürledi

“Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM), Türkmenistanyň halkara giňişligindäki möhüm ulag merkezi hökmünde ornuny berkitmegi dowam etdirýär. Şu ýyl TULM 26-27-nji noýabrda Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” (ITTC-2024) atly III halkara maslahatyna we sergisine gatnaşýar. TULM, Türkmenistanda ulag we logistika hyzmatlary bazarynda öňdebaryjy oýunçylaryň biridir. Merkez harytlary daşamak, saklamak we paýlamak üçin netijeli guramak üçin infrastrukturany işjeň ösdürýär, şeýle hem halkara ulag geçelgeleri arkaly multimodal ýük daşamalary üçin hyzmatlary hödürleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine salamyny we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda guramanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigi bellenildi. Jenap Žan Todt 2013-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň çakylygy boýunça ýurdumyza gelendigini hem-de saparynyň çäklerinde Milli Liderimiz bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, 2016-njy ýylda paýtagtymyzda guralan Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata gatnaşandygyny aýtdy.

Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Maslahat Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Çäräniň esasy maksady sebitleýin dialogy pugtalandyrmakdan, geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine howpsuzlygy, pugta parahatçylygy üpjün etmek üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri öňe sürmekden hem-de ilerletmekden ybaratdyr. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Foruma gatnaşmak üçin ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy Pia Kauma, assambleýanyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, halkara bilermenler, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň, Italiýanyň, Kipriň, Norwegiýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Fransiýanyň, Horwatiýanyň, Şwesiýanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň görnükli jemgyýetçilik hem-de syýasy işgärleri, parlamentarileri Aşgabada geldiler. Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi okgunly ösýän Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň artýandygyny, halkara jemgyýetçiligiň howpsuzlygy, durnuklylygy we ählumumy durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şert

“VISA” töleg tehnologiýasy: sanly geçişiň 30 ýyly

Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Visa» töleg tehnologiýasynyň forumy: Merkezi Aziýada we Türkmenistanda innowasiýalaryň hem-de sanly geçişiň 30 ýyly» atly halkara işewürlik forumy geçirildi. «Dünýä tejribesine laýyklykda bank ulgamynda ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar», «Maliýe innowasion tehnologiýalarynyň puluň dolanyşygyna täsiri», «Merkezi Aziýa banklarynyň «Visa» halkara töleg ulgamy bilen utgaşygy», «Visa» kompaniýasynyň tejribesine laýyklykda töwekgelçilikleriň öňüni almak we dolandyrmak» ýaly mowzuklar boýunça geçirilen mejlisleri öz içine alan forumda sebit döwletleriniň arasynda degişli ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu forum «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Onuň barşynda Türkmenistanyň «Halkbank» we «Senagat» paýdarlar-täjirçilik banklaryna hyzmatdaşlyk üçin baýraklar berildi. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna bolsa «Visa International» kompaniýasy bilen 30 ýyl bäri hyzmatdaşlykda has tapawutlanandygy üçin baş baýrak gowşuryldy. Paýtagtymyza iş sapary bilen gelen daşary ýurtly myhmanlara özümizi gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, olaryň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmegiň ýolunda

Düýn paýtagtymyzda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işini tamamlady. Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda himiki tehnologiýalar, tebigy çig mallary gaýtadan işlemekde innowasion tehnologiýalar, nanotehnologiýalar hem-de başga-da birnäçe ugurlar boýunça wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Täze taryhy döwürde milli ykdysadyýetimiziň senagat-innowasion taýdan sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi, häzirki zamanyň ylmy-tehniki işläp taýýarlamalarynyň, täze tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy sanly ykdysadyýetiň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegini şertlendirýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde täzeçil tehnologiýalary özleşdirmek boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy ylmy ojaklary bilen tejribe alyşmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Aşgabat ulag forumy: özara arabaglanyşygy pugtalandyryp, durnukly geljege tarap

Adamzat durmuşynda ulagyň näderejede ähmiýetlidigi barada nähilidir bir delil getirip gürrüň etmegiň zerurlygy ýok. Adamlaryň bir ýerden başga ýere hereket etmeginden, önümçilik zynjyrynyň doly derejede amala aşmagyna ýardam bermekden başlap, ulagyň islendik döwlet üçin ykdysady, syýasy, medeni-durmuş taýdan ägirt uly ähmiýeti bar. Şolaryň ählisi birleşip, ahyrky netijede, ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, ýurtlaryň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşýar. Şu nukdaýnazardan, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça meseleleriň 90 göteriminiň gönüden-göni ulag ulgamy bilen bagly bolmagy hem tebigy ýagdaýdyr. Hut şu zerurlyklardan ugur alnyp, tutuş Ýer ýüzünde durnukly ulag ulgamyna, ulag diplomatiýasyny ilerletmäge döwrüň derwaýys meseleleriniň hatarynda aýratyn orun berilýär. 26-27-nji noýabrda paýtagtymyzda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi bolsa ählumumy ulag diplomatiýasynyň başyny başlan we ony işjeň ilerledýän döwlet hökmünde Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän ornuny nobatdaky gezek açyp görkezdi. Düýn — dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekili bir ýere jemlän forumyň jemleýji gününde BMG-niň meýdançasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirilip, onda ählu

Baş ýörelge — ynsanperwerlik

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi örän çuň mana eýe. Jemgyýetiň ilkinji basgançagynyň we iň kiçi gurluşynyň maşgaladan başlanýandygy hemmelere mälim. Şonuň ýaly-da, döwletliligiň, döwlet gurluşynyň hem ilkinji basgançagy maşgaladan başlanýar. Maşgala döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky baglanyşygy emele getirýär. Döwlet düşünjesi jemgyýet düşünjesinden has uly bolup, onuň esasyny ençeme iri we ownuk jemgyýetler düzýär. Şu ýerde ýene bir zady — döwletiň iň uly gymmatlygynyň adamdygyny aýratyn nygtamak gerek. Çünki döwlet hem, jemgyýet hem adam üçin hereket edýär. Dünýä meşhur fizik Albert Eýnşteýn: «Adam durmuşyň manysyna diňe özüni jemgyýete bagyş edende düşünýär» diýýär. Alym bu jümle arkaly alymlaryň hem täze ylmy açyşlary bilen jemgyýet üçin sahawatly we ynsanperwer iş edýändiklerini nygtaýar. Adamlar birek-birege meýletin goldaw berende, ynsanperwerlik kömegini edende, ylym, medeniýet we sungat hem, parahat durmuş hem gülleýär. Diýmek, jemgyýet bolmagyň aňyrsynda-da halk, döwlet bolmagyň aňyrsynda ýatan agzybirlik, dost-doganlyk, ynam ýaly mizemez düşünjeler bar. Bulary agzamak bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň-de baş aladasynyň adamdygyna we onuň hem halkyň hyzmatyndadygyna üns çekmek isleýäris.

Ulag diplomatiýasy dabaralanýar

26–27-nji noýabrda paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirildi Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli guralan halkara derejeli forum ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň häzirki we geljekki mümkinçiliklerini gözden geçirmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Myhmanlara söz berýäris:

Li HAIFENG,Hytaý Halk Respublikasy, «Yutong Bus» kompaniýasynyň hünärmeni:

Dostanalygyň rowaç ýollary

Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisi geçirildi. Forumyň barşynda ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem çuňlaşdyryp ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň teklipler we täze pikirler özara ykdysady gatnaşyklaryň geljeginiň has-da gülläp ösüşlere beslenjekdigine ynamly güwä geçýär. Türkmenabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýaýbaňlandyrylan sergini synlanlar goňşularymyzyň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öňe tarap ynamly we şowly ädimleri ädýändiklerine göz ýetirdiler.

Göwnümize ganat, geljegimize şamçyrag

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adamzat paýhasynyň söz sungatyndaky gudratydyr. Şahyryň çuň manyly goşgularyndan çeper söze teşne okyjylar ruhy teselli tapýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy. Hut şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanylýar.