1 million tonna kömür satyn alar
Özbegistan Owganystandan 1 million tonna kömür satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada Özbegistanyň ulag ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Kabula saparynyň çäginde gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň netijelerine görä, taraplar Owganystandan degişli möçberdäki kömrüň özbek bazaryna iberilmegi üçin Özbegistanyň tehniki toparynyň Kabula ugradylmagy barada ylalaşdylar. Ýeri gelende bellesek, Özbegistan häzirki wagtda içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin uly mukdardaky kömri daşary ýurtlardan import edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurtda kömrüň gazylyp alnyşyny 2024-nji ýylda 8 million tonna (geçen ýyl bu görkeziji 6,5 million tonna deň boldy), geljek ýyl bolsa 10 million tonna ýetirmek maksat edinilýär.