"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Welaýatlardan habarlar

TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşi etrabyň polisiýa bölümi bilen bilelikde 1-nji, 2-nji, 13-nji, 19-njy orta mekdeplerde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak, tertip-düzgüni berjaý etmek mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň özenini düzdi. Duşuşykda ýaşuly nesliň berýän öwüt-ündewleri ýetginjekler üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Özüňi edep-terbiýeli alyp barmagyň, göreldeli okap, mugallymlaryň berekellasyny almagyň ene-atalar üçin iň uly sowgatdygy edilen çykyşlarda aýratyn nygtaldy.

Türkmenistan — nebitgazyň Watany

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistan — nebitgazyň Watany» atly dabaraly maslahat geçirdik. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz senagatynyň uly ösüşleri başdan geçirýändigi, ýurdumyzyň ýangyç-energetika serişdeleriniň gorlary babatda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Nebitgazym — hazynam

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň we Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda «Nebitgazym — hazynam» atly dabaraly çäre geçirildi. Oňa nebitgaz pudagynda zähmet çekýän adamlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çärede hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz we geologiýa pudagynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, bu ugurda öňde durýan wezipeler, täze taslamalar barada giňişleýin gürrüň edildi hem-de ata Watanymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, tanslarda ata Watanymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň, ajaýyp döwrümiziň, zähmet adamlarynyň waspy ýetirildi.

«Akylly» şäherde jaý toýlary tutuldy

Ýurdumyzda bellenilýän şanly baýramçylyklar mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilýän dabaralary täze şähere göçüp gelen maşgalalaryň jaý toýlary bilen utgaşdyrmak asylly däbe öwrüldi. Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralandyrylan günlerinde hem bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesine «akylly» şäherden jaýly bolmak bagty miýesser etdi. Şanly sene mynasybetli jaý toýlary ähli amatlyklar üpjün edilen, iki gatly jaýlardan ybarat bolan kottej toplumynda ýaýbaňlandyryldy. Dabara Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň, beýleki edaralarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleri joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen täze jaýlara göçüp gelen maşgalalaryň şatlygyny has-da belende göterdiler. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň eşretli durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

«Ak ýol» — paýtagtlylaryň hyzmatynda

Golaýda paýtagtymyzyň gündogar böleginde, A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda durky täzelenen «Ak ýol» köpugurly bazarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, telekeçiler we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly özgertmelerini beýan edýän aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Hoş owazly aýdym-sazlar açylyş dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Munuň özi ýurdumyzda tutumly toýlaryň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Şöhratly geçmişiň ýaňy

Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şatlykly wakalara, şanly senelere, hoş habarlara beslenýär. 25-nji noýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgullanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan maglumatlary esasynda döreden «Hakyda göwheri» atly täze eserini ýazyp tamamlandygy baradaky hoş habary hem-de täze kitabynyň ilkinji nusgasyny hormatly Prezidentimize sowgat bermegi taryhy ýylyň buýsançly wakalarynyň biri bolup, göwünlere ganat bekledi. Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän baý taryhy bar. Şöhratly geçmişimiziň janly şaýatlary bolan ýadygärliklerimiz, galalarymyz, keramatly ýerlerimiz türkmeniň gadymy taryhy barada dünýä ýaň salyp, gaýtalanmajak täsin keşbi, milli binagärlik aýratynlygy bilen göreni haýran edýär. Bu toprakda il-günüň aladasyny edip, beýik işleri bitiren, halkyň agzybir, erkin, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda göreşen mert gahrymanlar, dana alymlar, zehinli şahyrlar ýaşap geçipdir. Baý medeni mirasy, taryhy gymmatlyklary özünde jemläp, milli medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň gülläp ösen, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýaşap geçen türkmen topragy geçmişde hem dünýäniň

Ta­gal­la­lar — Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bi­di­ne

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 9-njy de­kabr­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, kon­sul­lyk eda­ra­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýa­nyn­da­ky we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­na de­giş­li mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň ba­şyn­da12-nji de­kabr­da uly baý­ra­myň — Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň bel­le­ni­lip ge­çil­jek­di­gi­ni aýt­dy hem-de ýyg­na­nan­la­ry we äh­li hal­ky­my­zy bu şan­ly se­ne bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Şeý­le-de hormatly Prezidentimiz asyl­ly dä­be eýe­rip, iş ke­si­len 276 ra­ýa­tyň Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li gü­nä­si­ni geç­mek ba­ra­da­ky Per­ma­na gol çek­di.

Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler; gaznanyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler; onuň serişdeleriniň sarp edilişi; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan görlen çäreler hakynda hasabatlar diňlenildi we beýleki degişli soraglara seredildi. Mej­li­se mü­di­ri­ýe­tiň ag­za­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa gat­naş­dy­lar. Mej­li­siň do­wa­myn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ge­çen dö­wür­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri, öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler ba­ra­da çy­kyş et­mek üçin, gaz­na­nyň wi­se-pre­zi­den­ti R.Ba­za­ro­wa söz ber­di.

Döwletli ýol dowamat-dowam

Gök­de­pe met­ji­din­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gat­naş­ma­gyn­da ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň mu­kad­des Kä­bä zy­ýa­rat et­me­gi­niň hor­ma­ty­na sa­da­ka be­ril­di. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň, maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­nyň hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny bol­dy. Aw­tou­lag­da Gök­de­pe met­ji­di­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça ge­len­le­rin­de, hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz sa­da­ka gat­na­şy­jy­lar ta­ra­pyn­dan mä­hir­li gar­şy­la­nyl­dy.

Asylly ýörelgelere eýerip

10-njy de­kabr­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýaşulusy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň me­se­le­le­ri­ne, we­la­ýat­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy­na ga­ral­dy. Mej­li­siň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň iş do­lan­dy­ry­jy­sy R.Ba­za­row hä­zir­ki dö­wür­de Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň alyp bar­ýan iş­le­ri, bu ba­bat­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler, ola­ry üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ugur­la­ry ha­kyn­da aý­dyp, we­la­ýat­la­ryň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­nyň ilat ara­syn­da ge­çir­ýän wa­gyz-ne­si­hat­lar, baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ýa­şu­lu­la­ry sar­pa­lap, tä­ze be­lent­lik­le­re

Go­laý­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Bi­na­li Ýyl­dy­ry­myň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça bu dü­zü­miň ag­za­sy, şeý­le hem hor­mat­ly myh­man hök­mün­de ge­ňe­şiň 16-njy mej­li­si­ne gat­naş­mak mak­sa­dy bi­len, Weng­ri­ýa iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Şu ge­zek­ki du­şu­şy­ga gat­naş­mak üçin Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry, Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň we­kil­le­ri hem Bu­da­peş­te gel­di­ler. No­bat­da­ky mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi­niň işi bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Gu­ra­ma ag­za ýurt­la­ryň bi­le­lik­dä­ki işi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len 15-nji mej­lis­de ka­bul edi­len tek­lip­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Bi­na­li Ýyl­dy­rym du­şu­şy­gy açyp, ýyg­na­nan­la­ra ge­ňe­şiň 16-njy mej­li­si­ne gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gy ka­bul eden­dik­le­ri üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.

Halk ha­ky­da­sy­nyň dür-mer­je­ni

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň go­laý­da eli­mi­ze gow­şan «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ozal­ky dö­re­den aja­ýyp eser­le­ri­niň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun eýe­le­di. 30-njy no­ýabr­da onuň il­kin­ji ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­kim­li­gin­de ge­çi­ril­di. Şu gün­ler hem bu gym­mat­ly ki­ta­by giň köp­çü­li­ge ta­nyş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýan da­ba­ra­lar uly ru­hu­be­lent­li­ge bes­len­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy no­ýabr­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Gahryman Arkadagymyzyň tä­ze ki­ta­by­nyň ne­şir edi­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Şu my­na­sy­bet­li, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Milli Liderimize Gut­lag iber­di. Gut­lag­da bu aja­ýyp ki­tap­da mer­da­na hal­ky­my­zyň asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne uzap gid­ýän şöh­rat­ly ýo­lu­nyň, dün­ýä ösü­şi­ne go­şan ägirt uly go­şan­dy­nyň, gör­nük­li şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň ama­la aşy­ran be­ýik iş­le­ri­niň ta­ry­hy mag­lu­mat­lar ar­ka­ly tä­sir­li be­ýan edi­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Bu gym­mat­ly eser bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň ýan­ki­ta­by­na öw­rü­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz baý ma­ny-maz­mun­ly ki­ta­byň dür­li ýaş­da­ky wa­tan­daş­la­ry­myz­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Binagärlik açylyşlary — şan­ly to­ýa sow­gat

Asyl­ly dä­be gö­rä, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de tä­ze bi­na­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­la­ry bol­dy. Tä­ze bi­na­la­ryň daş-tö­we­re­gi baý­ram­çy­lyk gör­nü­şin­de be­ze­lip, Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zy, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ga­za­nyl­ýan ägirt uly üs­tün­lik­le­ri wasp ed­ýän aý­dym-saz­lar ýaň­lan­dy. 11-nji de­kabr­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 5-si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Jaý­la­ryň her bi­rin­de iki, üç we dört otag­ly, ýer­leş­di­ri­li­şi has go­wu­lan­dy­ry­lan 60 öý bo­lup, olar gur­lan­da ýo­ka­ry hil­li be­zeg se­riş­de­le­ri ula­nyl­dy. Bu gün ýa­şa­mak hem-de ra­hat dynç al­mak üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len, me­bel­ler, döw­re­bap aş­ha­na göz öňün­de tu­tu­lan, amat­ly ho­wa ýag­da­ýy­ny üp­jün ed­ýän ul­gam­la­ry bo­lan öý­ler ga­py­la­ry­ny giň­den aç­dy. Aba­dan­laş­dy­ry­lan ýa­na­şyk çäk­ler­de ça­ga­lar üçin oýun we sport meý­dan­ça­la­ry gur­lup­dyr. Ýa­şaý­jy­lar üçin amat­ly dur­muş gur­şa­wy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne bil­di­ril­ýän ýo­ka­ry ta­lap­lar tä­ze bi­na­la­ryň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­dyr.

Watana hyzmat — belent sarpa

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli degişli Resminama gol çekdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň birnäçe raýatlary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Biz hem döwlet sylagyna mynasyp bolan ildeşlerimiziň tüýs ýürekden gutlaýarys.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç KAMILOWA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýan şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç KAMILOWA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Şanly toýdan Şa serpaýynyň eýeleri

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmak uly bagtdyr we mizemez döwletlilikdir. Şeýle ajaýyp döwrümizde ildeşlerimiziň ençemesiniň döwlet sylagyna ― «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmagy buýsançly wakadyr. Bu her bir adamyň zähmetine bildirilen uly ynamdyr, geljekki üstünliklere ruhlandyrýan, ata Watanymyza bolan söýgimizi has-da artdyrýan ylhamdyr. Dabarada gursaklary buýsançdan doly ildeşlerimiz, döwlet sylagynyň eýeleri halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýän, şeýle hem dowam edýän ş

Dur­mu­şyň be­ze­gi, döw­rüň buý­san­jy

Mil­li Li­de­ri­miz ge­çen ýyl­lar­da yla­hy ze­hi­nin­den, pä­him-paý­ha­syn­dan dö­rän yl­my- fi­lo­so­fik we çe­per eser­le­ri­niň en­çe­me­si­ni hal­ky­my­za peş­geş etdi. Yn­ha, go­laý­da bol­sa Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by ne­şir edi­lip, ulus-ili­mi­ze go­wuş­dy. Bu gym­mat­ly eser ýur­du­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 29 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­la­nyl­ýan gün­le­rin­de türk­me­nis­tan­ly­lar üçin aja­ýyp sow­gat bol­dy. Köp­ýyl­lyk şöh­rat­ly ta­ry­hy bo­lan hal­ky­myz uzak geç­miş­de dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ös­me­gi­ne ön­jeý­li go­şant goş­dy. Da­na pe­der­le­ri­mi­ziň dö­re­den bi­na­gär­lik eser­le­ri, sün­nä­läp kä­mil­leş­di­ren se­net­çi­lik, se­ýis­çi­lik däp­le­ri, ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň ne­pis el iş­le­ri umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­na öw­rül­di. Nus­ga­wy şa­hyr­la­ry­my­zyň şu gün­ki ne­sil­le­re gal­dy­ran ede­bi mi­ra­sy hem pä­him-paý­has çeş­me­si hök­mün­de dün­ýä halk­la­ry­nyň ara­syn­da giň meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tä­ze ese­rin­de hem hal­ky­my­zyň şeý­le baý ta­ry­hy-me­de­ni dur­mu­şyn­dan söz aç­ýan yl­my ga­ra­ýyş­la­ry öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz bu ki­ta­by dö­ret­mek­de şöhratly taryhymyzyň çuňluklaryna aralaşandygyny, şeýle-de ar­heo­log­la­ry­my­zyň tä­ze ta­pyn­dy­lar esa­syn­da top­

Kalba dolan ak alkyşlar

Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da ulu­dan tu­tul­ýan da­ba­ra­lar älem iç­re ýaň sal­ýan şan­ly wa­ka­la­ra ut­gaş­ýar. Yn­ha, toý-baý­ra­ma bes­len­ýän şu gün­le­ri­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň ömür we dö­re­di­ji­lik ýo­lu­ny yl­my esas­da çuň­ňur öw­ren­mek­de, onuň ede­bi mi­ra­sy­ny dün­ýä ýaý­mak­da aý­ra­tyn uly hyz­mat­la­ry bi­ti­ren wa­tan­daş­la­ry­my­zyň bir­nä­çe­si­ni Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly hem-de ýa­dy­gär­lik ny­şan­lar top­lu­my bi­len sy­lag­la­mak ba­ra­da­ky res­mi­na­ma­la­ra gol çek­di. Şeý­le be­lent döw­let sy­la­gy­na my­na­syp bo­lan­la­ryň ha­ta­ryn­da we­la­ýa­ty­my­zyň we­kil­le­ri hem bar. Ola­ryň kä­bi­ri ýü­rek buý­san­jy­ny şeý­le be­ýan ed­ýär.