"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Hünär baýramçylygynda täze jaýlaryň açarlary

Düýn Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde Berdinazar Hudaýnazarow köçesiniň ugrunda ýerleşýän 9 gatly 54 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabara Arkadag şäheriniň häkimi, edara kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, ýaşaýjylar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler asuda, parahat ýurdumyzda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesliň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly kemala gelmegi, şeýle-de ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar. Jaý toýuny tutýan saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň işgärlerine täze jaýlarynyň rysgally, bereketli bolmagyny arzuw etdiler.

Maslahatly il myrada ýeter

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Halkymyzda maslahatlaşmak, geňeşmek bilen bagly ajaýyp nakyllar sanardan köp. Olar halkymyzyň ruhy mirasynyň dürdänelerini özünde jemleýär. «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli ýerde kemlik ýok...», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz»... ýaly nakyllaryň hem süňňüni halkyň agzybirlik taglymaty düzýär. Çünki agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy.

Şygryýet bossany

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Bäs­le­şi­giň je­mi jem­le­ndi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşlerden-ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlarymyz toýlara ulaşýar. Şu ýylymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylyp, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň çuň mazmunly goşgularyny, öňe süren ideýalaryny, pikirlerini öwrenip, dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şu ajaýyp döwrümizde akyldar şahyryň şahyrana setirlerde beýan eden arzuwlary hasyl boldy, türkmen halky berkarar döwletde erkana ýaşaýar, gurýar, döredýär. Munuň özi, ýaş nesiller üçinem görüm-göreldedir, nusgalyk mekdepdir. Žurnalymyzyň 2024-nji ýylyň 2-nji sanynda habar berşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Garagum» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde ýaşlaryň arasynda «Müň parasat, müň many, köňülleriň çyragy — pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edipdi. Oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaşlarymyz seslenip, öz şygyr we kyssa eserlerini redaksiýamyza ýolladylar. Bilim alýan, hünär öwrenýän, dürli pudakda zähmet çekýän ýaşlary

Şa serpaýlaryňyz gutly bolsun!

Ýyllar ýyllardan görk alyp, Garaşsyzlyk eýýamynyň täze taryhy şatlykly wakalar bilen barha baýlaşýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletimizde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy giňden bellenildi. Bu şanly toýuň öňýanynda, ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Toý-baýramly Diýarymyzyň dürli pudagynda tapawutlanyp işleýän raýatlaryň ençemesine döwlet sylaglary gowşuryldy, hormatly atlar dakyldy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerine Şa serpaýlary ýapyldy. Biz hem Şa serpaýlaryna mynasyp bolan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny žurnalymyzyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.  Annajemal NURMUHAMMEDOWA, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy:

Döw­let­li­ligiň beýik tag­ly­ma­ty

Gahryman Arkadagymyzyň döwlet we döwletlilik baradaky beýik taglymaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde düýpli özgerişliklere, rowaç tutumlara we sanly ösüşlere beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň, ýetilen belent sepgitleriň buýsançly beýany bolmak bilen, Berkarar Diýarymyzyň mundan buýanky ösüşleriniň anyk ýoluny kesgitlän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iň uly syýasy-jemgyýetçilik wakasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösüşlerini üpjün edýän, ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň artmagyny, ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanmagyny, şonuň bilen birlikde hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň taryhy maslahatda eden çykyşynda: «Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowula

Agzybirlik hem bitewülik — rowaçlyklaryň gözbaşy

Garaşsyzlygyny gazananyna 33 ýyl dolan Türkmenistan Watanymyz şol ýyllaryň dowamynda ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Häzirki ajaýyp zamanamyzda bu ösüşleriň has-da ilerleýändigi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň täze belentliklere göterilýändigi guwandyryjydyr. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, täze taryhy eýýamyň ilkinji günlerinden  «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» badalga berilmegi bilen, ägirt uly ösüş-özgertmeler tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu ösüş-özgertmeleriň, taryhy tutumlaryň döwrebap derejede, täze üstünlikler bilen dowamat-dowam bolýandygyny nygtamak bolsa aýratyn ýakymlydyr.

Üstünliklere beslenýän tutumlar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, durmuşa geçirilýän oňyn özgertmelerdir döwletli tutumlar dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary goldawyna we bahasyna mynasyp bolup, halkymyzyň guwanç hem buýsanç duýgularyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimize, eziz Watanymyza, ajaýyp zamanamyza raýatlaryň söýgi-buýsanjynyň çäksizdigine geçirilýän dürli çärelerde has-da aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylýan guwandyryjy netijeler, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu taryhy döwürde ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, milli ykdysadyýetimiziň durnukly we sazlaşykly ösdürilmegine hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli maksatnamada ýurdumyzy ähli taraplaýyn ösdürmegiň strategik ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, obalaryň we şäherçeleriň ýaşaýjylarynyň durmuş şertlerini kämilleşdirmek, raýatlaryň maddy üpjünçiligini berkitme

Garaşsyzlyk — belent sepgitlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäde halkara söwdanyň hem-de ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine özüniň goşýan goşandynyň gerimini barha giňeldýär. Ýewropa bilen Aziýa yklymlarynyň möhüm geosyýasy çatrygynda amatly ýerleşýän eziz Diýarymyz dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary amala aşyrýar, ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlyklary ösdürýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçýän harytlaryň, ulag serişdeleriniň möçberleriniň artmagyna getirýär. Häzirki döwürde köptaraplaýynlygy bilen häsiýetlendirilýän daşary ykdysady işdäki özgerişlere baglylykda gümrük edaralarynyň döwletiň hem-de jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligi ýokarlanýar. Şonuň üçin döwrüň talabyndan ugur alyp we jogapkärçiligimize dogry düşünip, işimizi talabalaýyk ýola goýmaga çalyşýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylygy söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan bu ýana-da ösdürilmegine öz goşandymyzy goşmagy mukaddes borjumyz hasaplaýarys.

Diýarymyzyň taryhy üstünlikleri

Watanymyz günsaýyn ösýär we özgerýär, her bir günümiz uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerinden ugur alnyp kabul edilýän maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda giň möçberli syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda netijeli işler amal edilip, ata Watanymyzyň her bir sebitinde, her bir şäherdir obasynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly taslamalar bina edilýär. Ösüşe beslenýän esasy pudaklaryň biri bolan binagärlik-gurluşyk ulgamynda hem uly üstünliklere ýetilýär. Muňa mysal edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän Arkadag şäherini aýtmak bolar. Bu şäheriň gaýtalanmajak, sungat eseri bolan biri-birinden kaşaň edara binalarynda innowasion tehnologiýalaryň, ýaşaýyş jaýlarynda «akylly öý» ulgamynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berlipdir. Bu bolsa Arkadag şäheriniň sanly mümkinçilikleri özünde jemleýän, «akylly şäher» maksatnamasy boýunça gurlandygyna güwä geçýär. Biz bu hakykaty Arkadag şäheriniň halkara derejeli şahadatnamalara mynasyp bolmagynda hem görýäris.

Watan waspy dillerde

Watanymyzyň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny uly joşgun we dabara bilen toýlady. Şeýle günlerde Watanymyzyň waspyny ýetirmek örän buýsançlydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysaly bolup, asudalygy söýýän halkymyzyň täze taryhynda ähmiýetli wakalaryň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda biziň ähli arzuw-maksatlarymyzyň hasyl bolmagynyň esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň durandygyny nygtaýar.

Watanymyzyň goranyş kuwwaty pugtalanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň goşun görnüşlerinde gulluk edýän serkerdeleriň, çagyryş boýunça esgerleriň gulluk we ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Ýaragly Güýçleriň düzümleri döwrebap tehnikalar, ýaraglar bilen üpjün edilip, olaryň işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi iň täze harby tehnikalara ezberlik bilen erk edip, nazary, söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezmek bilen, döwletimiz tarapyndan edilýän yzygiderli aladalara mynasyp jogap berýärler. Olar öz borçlaryny ýerine ýetirenlerinde, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady, harby-strategik esaslaryny kesgitleýän goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň hukuk ýagdaýyndan, maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alýarlar. Munuň şeýledigine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly ýöriş aýdyň subutnama boldy. Dabara meýdançasyndan başlaryny belent tutup geçip barýan ýurt goragçylaryny synlanyňda, Watanyň goragynyň ynamly ellerdedigine berk ynanýarsyň. Olaryň bir adam ýaly ýerine ýetirýän ykjam hereketleri harby gullukçylaryň agzybirliginden, batyrlygyndan, gujur-gaýratlylygydyr edermenlig

Täsirli geçen duşuşyk

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň guramagynda etrap hassahanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly duşuşyk geçirildi. Lukmanlardyr şepagat uýalarynyň gatnaşmagynda geçen duşuşykda çykyş edenler şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ilatyň saglygyny goramak ugrundaky tagallalary dogrusynda durup geçdiler. Ruhubelentlik ýagdaýynda geçen duşuşykda ýaş saglygy goraýyş işgärlerine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Duşuşyga gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir raýatyň saglygy hakda uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

«Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr»

Garaşsyzlyk ýyllary içinde bilimde we ylymda edilen işleri göz öňüňe getirip, halypalaryň ençemesini ýatlaýarsyň. Çünki Garaşsyzlygyň gazanylmagy, özbaşdaklyga ýetilmegi halkymyz üçin buýsançly wakalardyr. Taryha altyn harplar bilen ýazylan Garaşsyzlygyň düýp manysyny düşündirmekde halypalaryň hyzmatlary uludyr. Belli şahsyýetleriň ömri we döredijiligini öwrenip, makala ýazanyňda bar bolan maglumatlaryň birini-ikisini esasy tutarygyň edinýärsiň. Bu gezegem şeýle boldy: Garaşsyzlyk ýaly beýik bagty ene dilimiziň üsti bilen wagyz eden, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent, Türkmenistanyň ussat mugallymy, ýaşan ömründe ençeme dilçi, edebiýatçy şägirtleri ýetişdiren Haýdar Muhyýew barada makala ýazmak üçin toplan maglumatlarymyň içinden bir wideoýazgyny esas edindim. Ol wideoýazgy söhbetdeşlik bolup, 2005-nji ýylyň 11-nji noýabrynda ýazga geçirilipdir. Ýurdumyzyň Merkezi arhiwi üçin ýazgy edilen şol söhbetdeşligi žurnalist Hojamyrat Goçmyradow alyp barypdyr. Şol söhbetdeşlikde Haýdar mugallym öz ömri we döredijiligi bilen birlikde, dil ylmy hem mugallymçylyk babatda gymmatly pikirlerini-de aýdyp, tanymal şahsyýetler bilen bagly durmuş pursatlaryny ýatlapdyr. Häzirki wagtda bir nusgasy dilçi alymyň maşgala arhiwinde saklanylýan şol ýazgyda dilimiziň taryhyny öwrenmekde gymmatly maglumatlar bar. Şol söhbetdeşlik ýazgysyny esas edinmegimiňem öz sebäbi bar: söhbetdeşleriň ikisi-de

Ýaş zehinleriň şowly çykyşlary

30-njy sentýabr — 5-nji oktýabr aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň çagalarynyň birinji Delfiý oýunlary geçirildi. Oňa Türkmenistandan hem zehinli çagalar fortepiano, skripka, halk saz gurallary, estrada we halk aýdymyny ýerine ýetirmek, şekillendiriş sungaty ugurlary boýunça gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň 14 ýaşa çenli çagalarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen bu halkara bäsleşige Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarus, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan, Ermenistan we Gyrgyz Respublikalaryndan zehinli çagalaryň jemi 500-den gowragy gatnaşdy.

Parahatçylyk taglymaty

Toý-toýa ulaşsa, şatlygyň goşalansa, parahat, abadan, ösüşe beslenýän Watanyňa söýgiň, bagtyýar durmuşyňa buýsanjyň hem şüküriň, eşretli geljegiňe ynamyň, ýaşaýşa höwesiň artýar. Ýaňy-ýakynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň toýlanan günleri halkymyzyň ruhuny has-da belende göteren şatlykly wakalara beslendi. Baýramçylyk günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylhamly kalbynyň joşgunyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy gymmatly serpaý bolup, kalbymyzy heýjana saldy.

Beýik Galkynyşlaryň döwri

Garaşsyzlyk ýyllary ýurdumyzyň beýleki sebitleri ýaly, Daşoguz welaýaty üçin hem görlüp-eşidilmedik galkynyşlaryň döwri boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda welaýatyň çäginde taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalar barmak büküp sanardan köp. Şeýle wakalar halk hojalygynyň ähli ugurlaryny öz içine aldy. Şonuň üçin Gaşsyzlygyň beren datly miwelerini — adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyny, medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeleri beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda hem görmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde oba hojalyk pudagynda pagtaçylyk bilen bir hatarda ekerançylygyň gallaçylyk pudagy hem ösüş ýoluna düşdi. Bu günki gün welaýatyň çägindäki ekerançylyk meýdanlarynyň 300 müň gektara golaýy gowaçanyň we bugdaýyň paýyna düşýär. Şonça meýdanyň 145 müň gektary bolsa, güýzlük bugdaý ösdürilýän ekin meýdanlarydyr. Häzirki döwürde welaýatyň ekin meýdanlarynyň ýüzlerçe müň gektaryna her ýyl gowaçanyň, bugdaýyň naýbaşy sortlary ekilip, sahawatly toprakdan bol hasyl alynýar.

Täzelikler

Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda bugdaýy gaýtadan işläp, un öndürmekde 96 million 767 müň 730 manatlyk iş edildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli köpdür. Has takygy, geçen dokuz aýda kärhana boýunça unuň jemi 33 müň 865 tonnasy öndürildi. Şonuň 11 müň 219 tonnasy ýokary hilli, 22 müň 646 tonnasy bolsa birinji hilli undur. Şeýle-de bu döwürde kärhana boýunça kepegiň 10 müň 285 tonnasy, manny ýarmasynyň bolsa 105 tonnasy öndürildi. Meýilnama 103,3 göterim berjaý edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şol sanda Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamalary, toplumyň baş binasynyň daşky bezeg aýratynlyklary, şäheriň çäklerinde bina edilýän beýleki durmuş maksatly desgalaryň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäherde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depgini barha güýçlenýär. Munuň özi sazlaşykly ösüş ýoluna düşen döwrebap şäherde giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.