"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Türkmen-malaý gepleşikleri: netijelilik we ýürekdeşlik bilen

Döwletara gatnaşyklaryna aralyklaryň uzaklygy däl-de, ýürekleriň ýakynlygy täsirini ýetirýär. Biri-birinden 6 müň kilometr çemesi uzakda ýerleşýän Türkmenistan bilen Malaýziýany alyp göreliň. Aziýanyň tas bir çetinden beýleki çetine çenli uzaýan şu aralykda ýerleşýän iki döwletiň arasyndaky ýürekdeş hyzmatdaşlygyň ýola goýlanyna 33 ýyl dolup barýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly döwlete amala aşyran resmi sapary bolsa şol hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany ýazdy. Turuwbaşdan nygtalmaly bir hakykat bar. Biziň ýurdumyzy Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki bu dostlukly döwlet bilen nämeler baglanyşdyrýar we bu hyzmatdaşlyk nähili mümkinçiliklere eýe? Ine, taryhy sapar şu sowallara jogap berdi.

Nesilleriň arasyndaky köpri

Türkmen halky gymmatly mirasyny nesilden-nesle geçirip, aýawly saklap gelýär. Milli we ruhy baýlyklarymyz bir bitewi ulgam bolup, olaryň birnäçesi dünýäniň gymmatly medeni mirasynyň genji-hazynasy hökmünde tanalýar. Halkymyz kitap okamagy, bilim we ylym öwrenmegi ruhy ösüşiň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň özeni hasaplaýar. Kitaplar diňe bir şahsy ösüşiň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä düşünmäge we pikiri giňeltmäge kömek edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eseri hut şeýle ähmiýete eýe kitaplaryň biridir. Kitapda türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan uly goşandy we taryhy orny ylmy esasda beýan edilýär. Şeýle-de meşhur serkerdeleriň, şalaryň, soltanlaryň hem-de beýik şahsyýetleriň durmuşy we olaryň türkmen topragynyň taryhyna goşan goşantlary giňden açylyp görkezilýär.

Okuwda gollanma, durmuşda ýörelge

Bir hakykat bar: Gahryman Arkadagymyz täze eserinde milli mirasymyzy, köneden gelýän gymmatlyklarymyzy hakyda göwheri hökmünde derejelendirýän hem bolsa, biz — ýaş nesiller üçin eseriň hut özi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga, hakydalaryň göwherine öwrüldi. Bu eser okuwda gollanma, durmuşda ýörelge. Ol — nesilleriň arasyndaky baglanyşyk. Çünki şu günleriň we ertirleriň derejesi geçmiş bilen ölçenilýär. «Hakyda göwheri» bolsa bize nähili beýik geçmişimiziň bolandygy barada gürrüň berýär. Bu pikir Gahryman Arkadagymyzyň täze eserindäki «Taryh şu günden başlanýar» atly bölümde hem öz beýanyny tapýar.

Ýyllarymyz gelýär, bagta beslenip

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşine gönükdirilen döwletli işleriniň netijesinde Halaç etrabynyň janypkeş oba hojalykçylary tamamlanyp barýan ýylymyzy ýokary zähmet üstünlikleri bilen jemleýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda biziň daýhan birleşigimiz boýunça jemi ekilen 1558 gektar gowaçadan 5200 tonnadan gowrak hasyl alyndy. Bu bolsa bellenilen meýilnamadan 396 tonna köpdür. Galla tabşyrmak boýunça borçnamamyzy hem 104 göterim berjaý etdik. Ýagny, bugdaý ekilen 1379 gektar meýdandan 3476 tonna hasyl ýygnadyk. Elbetde, her bir üstünlik irginsiz zähmeti talap edýär. Ynha, biziň zähmetkeş pagtaçy kärendeçilerimiz hem geçen ýyllarda baý iş tejribesini topladylar. Olar gowaçalara ideg etmekde topar ýolbaşçylarydyr agronomlar bilen agzybirlikde iş alyp bardylar.

Beýik ösüşlere buýsanç

Welaýatymyzyň bilim işgärleri 2024-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemleýärler. Şol üstünliklerde Dänew etrabynyň bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň hem paýy uly. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda etrabymyzyň bilim işgärleri, okuwçylary döwlet we halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler. Şolardan etrabymyzdaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy Akja Haýdarowanyň «Ýylyň mugallymy — 2024» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi bolandygyny, okuwçylarymyzyň köpsanlysynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan geçirilen internet olimpiadalarynda ýeňiş gazanandyklaryny nygtamakçy. Etrabymyzdaky 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Yslam Mamurjanow «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda öňe saýlanmagy başardy. Okuwçylarymyz «Erudit» halkara maksatnamasynyň çäklerindäki internet olimpiadasynda, halkara D.I.Mendeleýew olimpiadasynda hem diýseň üstünlikli çykyş etdiler. Robototehnikaçy okuwçylarymyz degişli bäsleşigiň döwlet tapgyrynda birinji orny eýelediler.

Arzuwlar wysal tapýar

Men 2024-nji ýyly hemişe uly ýakym bilen ýatlaryn. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralaryna beslenen ýylda ykbalyma welaýat ýörite sungat mekdebiniň uçurymy bolmak, ýokary okuw mekdebine okuwa girmek we «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda öňe saýlanmak miýesser etdi. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda aýdym-saz sungaty okgunly ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň döredýän aýdym-saz eserleri we bu gadymy sungata bagyşlanan kitaplary bolsa bagşydyr aýdymçylar üçin ylham çeşmesidir. Ata-babalarymyzdan gelýän halk aýdymlaryny şirinligi bilen geljekki nesillere ýetirmekde «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi uly orna eýedir. Bu bäsleşigiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ýeňijisi bolmak meniň üçin belent mertebedir.

Döwrümize şan eçilýän ýeňişler

Gah­ry­man Arkadagymyzyň we Ar­kadag­ly Gahryman Serdary­my­zyň tu­tum­ly tagallala­ry netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda türk­men spor­ty hem ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne gö­te­ril­di. Bu ýag­daý ta­mam­la­nyp bar­ýan ýy­ly­myz­da aý­ra­tyn gö­ze iler­lik­li­dir. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da biz Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Täh­ran şä­he­rin­de we Mon­go­li­ýa­da ku­raş bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­lar bi­len Wa­ta­ny­my­za do­lan­dyk. Gazanan ýeňişlerimizde geçen ýyl merjen paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatynda toplan baý tejribämiziň aýratyn orny bar. Döwrebap sport desgalarynda türgenleşmäge döredilýän mümkinçilikler türgenlerimiziň ýeňşe bolan yhlasyny has artdyrýar.

Sag kenaryň bilim köşgi

Hojambaz etrabyndaky täze mekdepde alnyp barylýan işler dogrusynda söhbet Menzilleriň esasy ýakymy — ýürege ýakyn ýatlamalary. Türkmenabatdan 100 kilometrden gowrak ýoly geçip, Pelwert — Mekan panton köprüsi arkaly goja Jeýhun bilen salamlaşyp, Hojambaz etrabyndaky 38-nji orta mekdepde şaýat bolan gowulyklarymyz hem olary kagyza geçirmäge we hemmeler bilen paýlaşmaga imrindirýär. Çünki diňe bir paýtagtdan däl, eýsem, welaýat merkezinden hem ep-esli uzakda ýerleşýän Hojambaz şäherinde 960 orunlyk (şu ýyl ýurdumyzda açylyp, ulanylmaga berlen mekdepleriň iň ulularynyň biri) döwrebap mekdebiň gurlandygyna şaýat bolmak Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyňy barha artdyrýar.

Dokuzy düzüwlik ýaran bolsun!

Tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl külli il-ulsumyz üçin Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagy Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şanly wakalara basyrylan şöhratly ýyl bolup, goja taryhyň gatlaryna ýazylýar. Çünki bu ýyl ata Watanymyz üçin hem, her bir ildeşimiz üçin hem dokuzy düzüw ýyl boldy. Munuň şeýledigini tamamlanyp barýan ýyl bilen hoşlaşyp, Täze ýylymyzy garşylaýan pursadymyzda hut öz durmuşymda bolup geçen şanly wakalaryň dokuzysynyň mysalynda teswirläýin. Olaryň birinjisi, üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dana şahyryň durmuş ýoluna bagyşlanan «Magtymguly, düşdüň yşgyň güzerine» atly spektaklyň teatrymyzyň sahnasynda goýulmagy;

Täze ýylyň arzyly myhmany

Täze ýyl baýramçylygy diýlende, ilki bilen, al-ýaşyl öwüşginli arça, Aýazbaba bilen Garpamyk göz öňüňe gelýär. Eýsem, bu baýramçylykda hemmeleriň garaşýan arzyly myhmany — Aýazbabasy kim? Aýazbabanyň keşbinde çagalara şatlyk paýlamagyň ýakymy neneňsi? Ynha, şu sowallara jogap tapmak maksady bilen biz eýýäm birnäçe ýyldan bäri Täze ýyl baýramçylygynda baş gahrymanyň keşbinde çykyş edýän Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň baýry aktýory Jelaletdin Sultyýew bilen söhbetdeş bolduk. — Jelaletdin, seni teatr sungatynyň muşdaklary zehinli aktýor hökmünde tanaýarlar. Ýöne welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin sen, ilkinji nobatda, Aýazbaba. Bu meşhurlyga özüň nähili garaýarsyň?

Abadan Diýarymyzda ýyllar-ýyla dowamdyr, Arkadagly Serdar bilen ak geljege rowandyr

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl uly üstünliklere, şan-şöhrata beslenip, taryhyň zer sahypasyna ýazylýar diýsek hakykatdan daş düşmeris. Üstümizdäki ýylyň häzirki sanaýmalyja günlerinde halk hojalygynda, hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň daýanjy bolan ýangyç-energetika toplumynda, gurluşykda, ulag we aragatnaşyk pudagynda, oba hojalygynda, medeniýet hem sungatda, halkymyzyň saglygy, ösüp gelýän ýaş nesliň geljegi babatda edilen işleri hakydaňda aýlanyňda, göwnüň göterilýär. Gündogar müçenamasy boýunça geçip barýan luw ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhynda giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamyna degişli binalar, kuwwatly önümçilik desgalary gurlup ulanmaga berildi,  ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi hem munuň anyk mysallarynyň diňe biridir. G

Ösüşleriň hem üstünlikleriň ýyly

Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly berkarar ýurdumyzyň ösüşlere beslenen, halkara abraý-mertebesiniň belende göterilen ýyly hökmünde ýadymyzda galar. Sebäbi taryhy ýylda bedew bady bilen öňe barýan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyran ençeme önümçilik desgalary, halkyň abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilen medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berildi. Taryha girip barýan ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlary esasynda durmuş goraglylygyna we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen işleriň aýratyn üns merkezinde saklanmagy adam hakynda uly aladalaryň edilýändiginiň, oýlanyşykly durmuşa geçirilýän özgertmeleriň diňe halkyň bähbidinden ugur alýandygynyň açyk-aýdyň subutnamasydyr. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzda döredilen berk ykdysady binýat we durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň hem ygtybarly  girewidir» diýen sözleri-de doly tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň mekany bolan ata Watanymyzyň daşary syýasatda gazanan üstünlikleri üstümizdäki ýylyň taryhy wakalarynyň hataryny artdyrdy. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletl

Belent maksat — aýdyň ýol

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ajaýyp zamanada uly ösüşlere eýe bolýar. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyna gönükdirilendir. Täze taryhy döwrümiz biziň öňümizde täze durmuşy, has aýdyň geljegi açdy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde we beýleki ugurlarynda gazanylýan ösüşler dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edildi. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns berýän esasy ugurlarynyň biridir. Gözümiziň alnynda gözelleşýän oba-şäherler, yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen belent tutumlar Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlarynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ata Watanymyz özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen öňe, röwşen geljege barýar. Bu bolsa amala aşyrylýan ähli işleriň baş maksadynyň halkymyzyň abadançylygyny, bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdygyny görkezýär.

Döwletlilik taglymaty

Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçmeginde uly many bar. Munuň özi türkmen edebiýatyna, medeniýetine, şygryýetine goýulýan bimöçber hormatyň nyşanydyr. Dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny äleme äşgär eden beýik söz ussady her bir türkmeniň kalbynda, aňynda mydamalyk orun aldy. Akyldaryň halkyň söýgüsine mynasyp bolan ajaýyp eserleri ýaş nesilleri terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň edebi mirasy, akyldyr paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri adamkärçiligiň, ahlagyň, mertligiň, salyhatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçegi bolup asyrlarboýy ýaşap gelýär. Dünýä halklarynyň arasynda hem gymmatly eserleriniň uly gyzyklanma döretmegi nusgawy şahyrymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendiginiň kepilidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdaky çuň manyly çykyşynda: «Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadanlyk islän we onuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr. Şahyryň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri ama

Ykdysady özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly möçberli, giň mazmunly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa ornaşdyrylýan ykdysady özgertmeleriň toplumlaýyn häsiýeti, yzygiderliligi durnukly ösüşiň subutnamasydyr. «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Ykdysady özgertmeler bilen ata Watanymyz gün-günden ösüşlere beslenýär. Bu ösüş-özgertmeleri amala aşyrmakda halkymyz gaýratly zähmetiň nusgasyny görkezýär. Maglumat tehnologiýalarynyň jemgyýetimizi gurşap alýan döwründe ykdysadyýeti ösdürmek boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmekde, ylym-bilimiň häzirki zaman gazananlaryny özleşdirmekde uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegi esasynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary önümçilige giňden ornaşdyryldy, döwlete dahylly we dahylsyz pudaklar tapgyrlaýyn esasda elektron ulgama geçirildi.

Dünýä ýalkym saçýan şäher

At-owazasy dünýä dolýan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz bagtyýarlygyň hem berkararlygyň ýoly bilen öňe barýar. Gojaman Köpetdagyň eteginde gurlup, çawy dünýä ýaýran Arkadag şäheri şol ýoldaky tutumly işleriň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasynyň miwesidir. Bu gün Jeýhun bilen bahry-Hazar aralygyna uzalyp gidýän ata Watanymyzda täze, döwrebap şäherçeleriň, obalaryň döredilmegi ajaýyp döwrümiziň aýratynlygydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde alnyp barylýan işler adam we onuň bagtyýar durmuşy baradaky aladadan ugur alýar. Ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalaryň we düýpli özgertmeleriň netijesidir. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri täze taryhy döwrüň gurmagyň we döretmegiň zamanasydygyny alamatlandyrmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolup dabaralanýar. Milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýan binagärlik keşbine eýe bolan şäheriň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň ençemesi guruldy. Häzirki

Şowhunly baýrama bagyşlandy

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramagynda welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi. Täze ýyl baýramy mynasybetli welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guralan söhbetdeşlige Agrar partiýasynyň işjeň agzalary we kitaphananyň okyjylary gatnaşdy. Söhbetdeşlikde ýetip gelýän Täze—2025-nji ýyl mynasybetli baýramçylyk gutlaglary aýdylyp, ýagşydan ýagşy arzuwlar beýan edildi. Tamamlanyp barýan ýylda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden gymmatly kitaplary bilen bagly gürrüň söhbetdeşlige gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi.

Şanly ýylyň üstünlikleri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Üstünliklere beslenip gelýän ýyllar şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Belent maksatlar bilen gadam basan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz ajaýyp üstünliklere, taryhy wakalara beslendi, beýik başlangyçlaryň dabaralanmasy boldy.

Geljegiň şäheri

Köpetdagyň eteginiň taryhy künjeginde gurlan Arkadag şäheri binagärlik görki bilen dünýäni haýrana goýýar. Ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilen bu «akylly» şäheriň ýakynda Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy, şeýle-de şäheriň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylmagy buýsançly waka hökmünde kalbymyzy joşa getirdi. Sanlyja aý mundan ozal, ýagny sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergide Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri» hem-de «World Smart City Expo 2024» akylly şäherleriň Bütindünýä sergisine goşan uly goşandy üçin» diýen baýraklara mynasyp bolandygyny hem agzamak örän ýakymlydyr. Bu zatlar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň Ýer ýüzündäki şöhratynyň barha artýandygyny dabaralandyryp, «akylly» şähere buýsanjymyzy artdyrýar.

Üstünliklere beslenen ajaýyp sepgitler

Ýetip gelýän täze, 2025-nji ýylyň parahat durmuş, bereketlilik, agzybirlik baradaky ak arzuwlary, hoşniýetli däp-dessurlary, döredijilikli başlangyçlary alamatlandyryp, Milletler Bileleşigine agza döwletler tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygara beslenmegi her birimizi täze ruhubelentlige atarýar. Çünki her ýyl taryhyň bir sepgidini alamatlandyrýar. Täze ýylyň sepgidinde öň meýilleşdiren işlerimiziň näderejede üstünlikli amal edilendigini seljerip, geljek döwre umytly seretmek, täze maksatlary düzüp, olaryň myrat bolmagy üçin ýagşydan ýagşy arzuw edýäris. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda täze ösüşleri gazanmak ugrunda badalga berýän tutumlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp sepgidi boldy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Medeni-seýilgäh toplumynyň merkezinde türkmen hem dünýä edebiýatynyň meşhur nusgawy şahyrlarynyň ýadygärliginiň oturdylmagy, şeýle-de «Magtymguly» atly goşgular ýygyndysynyň üç dilde çap edilmegi ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan ajaýyp eserleri döredijilere nesilleriň sarpasyny görkezýär.